Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda Mary welaýatynyň orta mekdeplerinde pirotehnikalary we ýasama partlaýjylary ýasamazlyk hem-de ulanmazlyk barada ýaşlaryň arasynda düşündiriş işleri geçirilýär.
"Polisiýa işgärleri mekdepleriň uly zallarynda ýokary synp okuwçylary bilen ýygnaklary geçirýärler. Olar okuwçylaryň hiç bir partlaýjyny ýasamaly ýa-da ulanmaly däldigini aýdyp, tutulan islendik okuwçynyň uzak wagtlaýyn türme tussaglygyna höküm ediljekdigini duýdurýarlar" diýip, ýygnaga gatnaşan mugallymlaryň biri anonimlik şertinde aýtdy.
Polisiýa işgärleri geçen ýyllarda ençeme okuwçynyň elini ýa ýüzüni ýaralap, hassahana düşendigini, käbir adamlaryň aradan çykandygyny aýdyp, bu çäreleri pajygaly ýagdaýlaryň öňüni almak bilen düşündirýärler.
Azatlyk Radiosyna ýygnakda mugallymlar we okuwçylar bilen paýlaşylan maglumatyň bir nusgasyny almak başartdy. Redaksiýa howpsuzlyk aladalary sebäpli ony çap etmekden saklanýar.
Maglumatda düzgün bozanlaryň Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksiniň 358-nji, 366-njy we Jenaýat kodeksiniň 279-njy, 108-nji, 115-nji maddalaryna laýyklykda jogapkärçilige çekiljekdigi aýdylýar.
"Egerde partlaýjy maddalary ýasap, satyn alyp ulanylan ýagdaýynda, netijede ýanyndaky adamlaryň saglygyna bilkastlaýyn şikes ýetirse (görmekden, geplemekde, eşitmekden galsa ýa-da başga bir organyny ýitirse, ýüzi düzedip bolmajak bedroýlyga sezewar etse) Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 107-nji maddasy esasynda 3 ýyldan 8 ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berlip, tussag astyna alynýar" diýlip, maglumatda aýdylýar.
Şeýle-de, onda bu ýagdaýlar okuwçylar tarapyndan edilse-de, olaryň ene-atalarynyň, synp ýolbaşçylarynyň, mekdep müdirleriniň we olaryň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlarynyň jerimä sezewar ediljekdigi we düzgün nyzam jogapkärçiligine çekiljekdigi hem bellenýär.
Duşuşyklardan soň, synp ýolbaşçylary ene-atalar bilen ýygnaklary hem geçirip başladylar. Ýygnaklarda ene-atalardan çagalaryna gözegçiligi artdyrjakdygy we olaryň deň-duşlary bilen ýeke duşuşmagyna rugsat bermejekdikleri baradaky dilhata gol goýmak talap edilýär.
"Onda 'çagalarymyzy partlaýjy jisimleri satyn almakdan we ulanmakdan saklajagymyza ynam bildirýäris hem' diýilýär" diýip, maryly ene anonimlik şertinde aýtdy.
Düzgün bozan okuwçynyň ene-atasy döwlet edara-kärhanalarynda işleýän bolsa, onda olara işden boşadylmak howpunyň abanýandygy hem aýdylýar. Köp ene-ata öz iş ýerini görkezmän, öý hojalykçydygyny ýazyp, dilhata gol goýýar.
Azatlygyň bu barada welaýatyň Polisiýa müdirliginden we Bilim bölüminden resmi kommentariýa almak synanyşygy başa barmady.
Häkimiýetler bu ýyl pirotehnikalary we ýasama partlaýjylary ulanmazlyk barada ýaşlaryň arasynda düşündiriş işlerini noýabryň ortalarynda geçirip başladylar.
Şonda Lebap welaýatyndaky habarçymyz, ýerli häkimiýet çeşmelerine salgylanyp, howpsuzlyk çärelerine şu ýyl has uly üns berilmeginiň sebäbiniň geçen ýylda Täze ýyl gijesinde bolan pajygaly ýagdaý bilen ilteşiklidigini aýdypdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum