Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy tamamlandy. 17-27-nji dekabr aralygynda geçirilen bu çäre, soňky ýyllaryň dowamynda, eklenç gözleginde, daşyna çykýan adamlaryň köpelendigi, şeýle-de ýurduň demografiki krizisiň bosagasynda durandygy baradaky maglumatlara gabat geldi. Şol bir wagtda, 15 ýyl bäri ilatynyň sany barada maglumat bermeýän türkmen häkimiýetleriniň, soňky geçirilen ilat ýazuwynyň netijelerini hem köpçülige äşgär edip-etmejekdigi sorag astynda bolmagynda galýar.
Türkmen hökümeti “Ilat ýazuwy – 2022: Jebislik. Bagtyýarlyk. Röwşen geljek!” şygary astynda geçirilen şu ýylky ilat ýazuwynyň dowamynda sanly tehnologiýalaryň giňden ulanylandygyny, şeýle-de maglumatlary ýygnamak, işlemek hem-de ýaýratmak işlerinde häzirki zaman enjamlaryndan we programma üpjünçiliginden peýdalanylandygyny aýtdy.
Resmi media ilat ýazuwynyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Ilat gaznasy (UNFPA), BMG-niň Statistika bölümi we beýleki ugurdaş düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk edilendigini hem habar berdi.
Türkmenistan bu ýylky ilat ýazuwynyň esasy wezipesiniň ýurduň ilatynyň demografik düzümi, durmuş-ykdysady ýagdaýy barada anyk maglumatlary almakdan ybaratdygyny, şeýle maglumatlaryň döwlet syýasatyny işläp taýýarlamak, meýilnamalaşdyrmak hem-de dolandyrmak üçin möhüm ähmiýete eýedigini belledi.
Häkimiýetler ýazuwy geçirijileri olaryň ýörite şahadatnamasy, keltekçesi hem-de ýaşyl reňkli, ilat ýazuwynyň nyşany şekillendirilen ýaşyl torbasy boýunça tanap boljakdygyny aýdyp, raýatlardan 4 sany aýry elektron ýazuw kagyzy esasynda maglumat ýygnaljakdygyny mälim edipdiler.
Birinji ýazuw kagyzynda binanyň görnüşi, gurlan döwri, ýaşaýyş jaýynyň diwarlarynyň materialy, üçegi we öýleriniň sany barada maglumat;
Ikinji ýazuw kagyzynda ýaşaýyş jaýa eýeçiliginiň görnüşi, otaglaryň sany we görnüşleri, meýdany, jemagat hojalygy hyzmatlary we internet üpjünçiligi barada maglumat;
Üçünji ýazuw kagyzynda ýaşaýyş jaýda ýaşaýan adamlaryň sany, olaryň öý hojalygynyň baştutanyna bolan garyndaşlyklary barada maglumat;
Dördünji ýazuw kagyzynda adamlaryň ýaşy, milleti, jynsy, doglan ýeri, dili, raýatlygy, maşgala ýagdaýy, bilim derejesi, iş bilen meşgullygy, girdejileriniň çeşmeleri barada maglumat toplandy.
Şol bir wagtda, habarçylarymyz ilat ýazuwynyň ilkinji günlerinde käbir bidüzgünçilikleriň hem bolandygyny aýtdylar.
"Türkmenbaşyda ilat ýazuwy başlandy, resmiler galplyga ýol berýär. Propiskada bolan raýatlar we içerki migrantlar iki sapar ýazgydan geçirilýär. Her bir öýde şol wagt bar bolan adamlary hem ýazýarlar, şeýle-de ýazgyda bolan, emma ýaşamaýan adamlary hem hasaba alýarlar" diýip, Balkandaky habarçymyz 19-njy dekabrda habar beripdi.
Ol hasapçylaryň onuň özüni-de iki gezek, ýagny öz hususy öýünde, hem-de başga bir welaýatda myhmançylykda bolan ýerinde hasaba alandyklaryny belledi.
Mundan başga-da, resmileriň ýazuwy ýörite okuwlary geçen hasaplaýjylaryň geçirjekdigini yglan etmegine garamazdan, dürli sebitlerde mugallymlaryň hem bu işlere çekilendigi barada maglumatlar gowuşdy.
"Ilat ýazuwyny geçirmek işlerine häkimligiň işgärleri bilen bir hatarda, her mekdepden azyndan bäş mugallym çekilýär. Olar sowuk howada öýlere aýlanyp, ilat ýazuwy üçin maglumatlary ýygnaýarlar we bir hepdeden gowrak wagt işe gelmeýärler. Daňdan öýlerinden çykýan mugallymlar gije garaňkyda öýlerine barýarlar" diýip, maryly habarçymyz 23-nji dekabrda gürrüň beripdi.
Ol bu işlere gatnaşmakdan ýüz öwren mugallymlara işden kowulmak howpunyň abanandygyny hem sözüne goşdy.
"Mekdep ýolbaşçylary ilat ýazuwy üçin maglumatlary ýygnamagy ret eden mugallymlardan 'köpçülikleýin çärelere gatnaşmakdan ýüz öwürýändigi' barada arza ýazmagy talap edýärler. Şeýle-de, olar bu mugallymlara garşy iş gozgaljagyny duýdurýarlar. Munuň soňy köplenç işden çykarylmaga baryp ýetýär. Mejbury çäreleriň ýene birine gatnaşmaly bolýarys" diýip, ýerli mugallym gürrüň beripdi.
Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleri bu ýylky ilat ýazuwynyň netijelerini köpçülige aýan edip-etmejekdigini aýdyňlaşdyrmadylar. Öňki ýyllarda ýurduň ilat sanynyň depginli ösýändigini öňe süren türkmen häkimiýetleri 2012-nji ýylda geçirilen soňky ilat ýazuwynyň netijelerini hem köpçülige ýetirmändiler.
Degişli maglumat Çeşmeler: Türkmenistanda ýiti ilat ýetmezçiligi. Ýurtda 2,7 million ilat galdyMunuň bilen baglylykda, türkmen häkimiýetleri BMG-niň bilermenleriniň "ilat ýazuwynyň netijelerini mundan beýläk neşir etmek" baradaky tekliplerini "öwrenmäge" taýýardyklaryny aýtdylar.
"Ilat ýazuw meselesinde Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy we halkara kadalaryna we ýörelgelerine laýyklykda ilat ýazuwynyň netijelerini çap etmek boýunça hünärmenleriň tekliplerini öwrenmäge taýýarlyk görkezildi" - diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasynda 19-njy dekabrda çap edilen maglumatda aýdyldy.
Bu beýanat Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewiň Türkmenistana sapar eden BMG statistika gullugynyň demografiki statistika bölüminiň başlygy Srdjan Mrkiç bilen duşuşygynda edildi. Emma türkmen resmisi netijeleriň neşir edilmegine degişli planlary aýdyňlaşdyrmady we olaryň çap ediljekdigini hem anyk aýtmady.
Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleriniň ilat ýazuwynyň dowamynda hyzmatdaşlyk edendigini aýdýan Ilat gaznasynyň (UNFPA) 14-nji iýulda çap eden maglumatynda, raýatlar tarapyndan hödürlenen maglumatlaryň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan diňe statistiki maksatlar üçin ulanyljakdygy aýdylýar. Emma munuň ilat ýazuwy baradaky maglumatlaryň diňe içerki ulanyş üçin peýdalanyljakdygyny ýa-da köpçülige äşgär ediljekdigini aýdyňlaşdyrmaýar.
Bu aralykda, Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri geçen ýyllaryň dowamynda ýurtdaky ykdysady krizis we esasy azatlyklaryň has berk çäklendirilmegi sebäpli, köp raýatyň has gowy durmuş gözleginde ýurduň daşyna çykandygyny belläpdiler.
Azatlygyň ygtybarly çeşmeleri soňky on ýyldan gowrak wagtyň dowamynda1,8 million töweregi türkmenistanlynyň ýurtdan göçüp gidendigini, şeýle-de ýurduň häzirki ilatynyň 2,7-2,8 million töweregindedigini aýtdylar.
Türkmenistanyň hökümeti Azatlykda çykan bu maglumatlara reaksiýa bildirmese-de, ýurduň ilatynyň sanynyň azalýandygy baradaky tendesiýasyny ýurduň beýleki ugurlarynda hem synlasa bolýar.
Şu ýylyň maý aýynda “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri 2009-njy ýyldan bäri uçurym bolan ýaşlaryň sany baradaky resmi maglumatlary toplap, soňky 12 ýylda mekdebi tamamlan ýaşlaryň sanynyň 30% azalandygyna ünsi çekdi.
Maglumata görä, 2009-njy ýylda 115 müň uçurym hasaba alnan bolsa, 2021-nji ýylda ýurduň 1 müň 875 umumybilim berýän orta mekdebini 82 müň ýaş tamamlapdyr. Iki döwrüň arasyndaky tapawut 33 müň adama deň boldy.
Dürli çeşmelere görä, Sowet Soýuzynyň dargamagyndan ozal Türkmen Sowet Sosialistik Respublikasynyň ilaty 3,7 million adamdy. Ondan soňky ýyllarda, garaşsyz Türkmenistanyň Döwlet statistika we maglumat milli institutynyň sanlaryna görä, 1995-nji ýylda ilat sany 4,5 million, 2000-nji ýylda - 5.37 million, 2002-nji ýylda - 5,79 million bolupdyr. 2003-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň hökümetiniň metbugat gullugy alty millionynjy raýatyň dünýä inendigini habar berdi. 2006-njy ýylyň mart aýynda döwlet statistika edarasy ilatyň 6,79 milliona ýetendigini öňe sürüpdi.