Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 23-nji dekabrda ýuridik şahslaryň ýer böleklerinden peýdalanmak hukugyny bes etmek hakyndaky buýruga gol çekdi.
Täze buýruga laýyklykda, ýuridik şahslaryň ýer böleklerinden peýdalanmak hukugyny, olaryň peýdalanýan ýer böleklerini peýdalanmaga bermek üçin, agzalan şahslaryň ylalaşygy esasynda bes etmek, şeýle hem ýer böleklerini döwlet edara-kärhanalaryna peýdalanmaga bermek bellenildi diýip, döwlet eýeçiligindäki metbugat habar berdi.
TDH bu buýruga Türkmenistanyň “Ýer hakynda” kabul eden bitewi kanunyna we “Türkmenistanda ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran kararyna laýyklykda gol çekilendigini belleýär.
Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Ahal we Balkan welaýatlarynyň häkimlikleri bilen bilelikde, ýer böleklerinden peýdalanmak hukugyny bes etmek hem-de ýer böleklerini peýdalanmaga bermek boýunça namalary bellenen tertipde resmileşdirmäge borçly edildi diýip, habarda beýleki sebitler agzalmazdan aýdylýar.
Şeýlelikde, ýuridik şahslaryň ýer böleklerinden peýdalanmak hukugynyň olaryň özleriniň ylalaşygy esasynda bes edilmegi baradaky buýrugyň edil häzir beýleki sebitlere hem degişli bolup-bolmajakdygy belli bolman galýar.
Degişli maglumat Türkmenistanda çözülmeýän ýer meselesiniň çözgütleri näme sebäpden bökdelýär?