TKA-lar býujet işgärlerine Täze ýyl 'sowgatlaryny' iberýär, işgärler öz gatançlaryny gözden geçirýär

Täze ýyl dabarasyna taýýarlyk. Arhiwden alnan surat. Lebap, Türkmenistan.

Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda, Lebap welaýatynda Kärdeşler arkalaşyklary (TKA) býujet edaralarynyň işgärlerine baýramçylyk sowgatlaryny paýlaýar. Işgärler bu gurama töleýän maliýe gatançlaryny gözden geçirip, iberilýän sowgatlaryň öz gatançlaryny ödemeýändigini aýdýarlar.

“Her bir işgäriň zähmet hakyndan Kärdeşler arkalaşygy üçin, 1 göterim pul tutulýar. Gurama bu tutumlaryň hasabyna býujet işgärlerine sowgat iberýär. Şeýle ýagdaýda, işgärler öz zähmet haklarynyň hasabyna sowgat alan ýaly bolýar” diýip, lebaply bir býujet işgäri gürrüň berýär.

Işgärler dürli görnüşli kökelerden, şol sanda gatlakly kökelerden ybarat bolan Täze ýyl sowgatlaryny kabul edip alandyklary barada bir resminama gol çekmeli.

“Sowgadyň çykdajysy 100 manat diýip bellenipdir. Ýöne 100 manatlyk diýilýän sowgadyň içinde şokolad ýok, diňe kökeler we wafli (gatlakly kökeler) bar. Işgärleriň aýlyklaryndan her aý 1 göterim pul tutulýar, bu tutum bir ýylyň dowamynda 200 mananda çenli baryp ýetýär” diýip, lebaply býujet işgäri gürrüň berýär.

Kärdeşler arkalaşyklary Mary welaýatynyň edara-kärhanalarynda hem işgärlere sowgat paýlaýarlar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan maryly býujet işgärleri edara-kärhanalarda, meselem, iki adama niýetlenen sowgatlyk süýji-kökeleriň üç adama bölünip berilýändigini aýdýarlar.

Degişli maglumat Kärdeşler arkalaşyklary nädip 'eziji, işgärlerden pul ýygnaýan' toparlara öwrüldi?

“Ýörite sowgatlyk gaplar bilen gaplanan Täze ýyl sowgatlarynyň içindäki şokoladlary aýryp, olary arzan süýjüler bilen çalyşýarlar” diýip, maryly býujet işgäri aýdýar.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary öz agzalarynyň zähmet, durmuş-ykdysady hukuklaryny we bähbitlerini goramak jogapkärçiligini öz üstüne alýar. Kärleri boýunça umumy bähbitleri bolan raýatlaryň meýletin birikmesi hökmünde kesgitlenilýän Kärdeşler arkalaşyklary ýurduň kärhanalarynda, edaralarda, guramalarda we okuw mekdeplerinde agzalarynyň bähbitlerini goramak bilen borçlanýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanyň edara-kärhanalarynda işgärleriň hünärlerini berjaý etmek hukuklarynyň çäklendirilmegi, olaryň döwlet guramaçylygyndaky köpçülikleýin çärelere mejbury çekilmegi, galyberse-de, býujet işgärlerinden dürli maksatlar üçin, şol sanda edara-kärhanalarda prezidentiň portretlerini çalyşmak üçin mejbury pul toplanylmagy ýaly ýagdaýlar barada ýyllarboýy habar berip gelýärler.

Býujet işgärleri Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeşlikde mejbury pul ýygnalmagyndan özleriniň ýadandyklaryny gaýta-gaýta aýdýarlar, ýöne şeýle habarlaryň fonunda, kärleri boýunça umumy bähbitleri bolan raýatlaryň meýletin birikmesi bolan Kärdeşler arkalaşyklary ýurtda býujet işgärleriniň mejbur edilýän iş şertlerine asla alada bildirmeýärler.

Kärdeşler arkalaşyklary edara-kärhanalaryň işgärleriniň giriş we agzalyk gatançlary, meýletin gatançlar, bagyş etmeler, raýat-hukuk geleşiklerinden gelen geçirmeler, peýda almak maksady bolmadyk häsiýetli telekeçilik işleri we beýleki çeşmeler bilen maliýeleşdirilýär.

Türkmenistanda Kärdeşler arkalaşyklary öz agzalarynyň hukuklaryny gorap çykyş etmek borçlaryny öz üstüne alýarlar. Ýöne ýurduň çäginde Kärdeşler arkalaşyklarynyň bu ugurdaky halal işjeňliginiň hasaba alnandygy barada hasabat berilmeýär.

TKA-lar 1995-nji ýylda esaslandyryldy. 2013-nji ýylda Kärdeşler arkalaşyklarynyň kepillikleri hakynda kanun kabul edildi. Arkalaşygyň Tertipnamasyna 2014-nji ýylda we 2018-nji ýylda üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Azatlyk Radiosy býujet işgärlerine iberilýän sowgatlar barada Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklaryndan teswir alyp bilmedi.

Degişli maglumat Täze ýyl bezegleri üçin býujet işgärlerinden pul ýygnalýar

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy sebitiň administratiw merkezinde edara-kärhanalaryň işgärlerinden Täze ýyl bezeglerini satyn almaga goşant goşmak talaplarynyň dowam etdirilýändigini habar berýär.

Türkmenistanda edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary işgärlerden Täze ýyl bezeglerini satyn almaga ýardam bermegi talap edýärler.

“Mary şäherinde edara-kärhanalaryň işgärleri Täze ýyl bezegleri üçin goşant goşmaly edildi. Býujet işgärleri mekdepleriň we beýleki binalaryň penjirelerine, binalaryň daşyndaky agaçlara çyra ýa-da islendik bir Täze ýyl bezegini getirip dakmaly. Ýa bezeg getirmeli, ýa-da 20 manat goşant goşmaly” diýip, maryly býujet işgäri aýdýar.

“Näme üçin, Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli bize 20 manat bermeýärler, gaýtam biz 20 manat bermeli?!” diýip, býujet işgäri sorag berýär.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy sebitiň çäginde ýerleşýän çagalar baglarynda körpelere berilýän Täze ýyl sowgatlarynyň ene-atalar tarapyndan üpjün edilýändigini habar berýär.

Şeýle-de, mekdebe çenli çagalar baglary Täze ýyl mynasybetli geçirýän baýramçylyk çäreleri üçin ene-atalardan pul ýygnaýar.

Türkmenistanda kärhanalarda, guramalarda we edaralarda Täze ýyl baýramy mynasybetli 1-nji ýanwarda işlenilmeýär. Täze ýylyň bosagasynda, 31-nji dekabr güni ýurduň sebit merkezlerinde dikilen Baş arçalaryň töwereginde döwlet gözegçiliginde baýramçylyk çäreleri geçirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.