THF: ýurist Pygambergeldi Allaberdiýew tussaglykdan boşadyldy

Pygambergeldi Allaberdiýew

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki fondy iki ýyldan gowrak türmede oturan balkanabatly ýurist Pygambergeldi Allaberdiýewiň boşadylandygyny 17-nji dekabrda agşam habar berdi.

"2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda balkanabatly 50 ýaşly ýurist Pygambergeldi Allaberdiýew boşadyldy" - diýlip THF-nyň ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrliginiň "Nebitdagnebit" edarasynyň ýuristi Pygambergeldi Allaberdiýew 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda bosgunlykdaky türkmenleriň protest hereketi bilen arabaglanyşykda güman edilip tussag edildi. Ol tertip-düzgüni bozmakda günälenip, 2020-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda alty ýyl möhletli azatlykdan mahrum edildi.

Degişli maglumat Hukuk toparlary türkmen prezidentine hat ýollap, ýurist P.Allaberdiýewiň boşadylmagyna çagyrdy

"Biz bu meseläni öwrendik we Balkanabat şäherinde nebit we gaz öndürmek boýunça döwlet edarasynyň ýuristiniň tussag edilmeginiň we türmä ugradylmagynyň asyl sebäbi, onuň söz we bileleşmek azatlygyny parahatçylykly durmuşa geçirmek üçin konstitusion hukugyndan peýdalanmak synanyşygydyr diýen netijä geldik. Onuň tussag we sud edilmegine degişli aç-açan toslanyp tapylan ýagdaýlar, suduň çykaran aşa agyr jezasy muňa şaýatlyk edýär "- diýip THF belleýär.

Adam hukuklaryny goraýjylar ozal Pygambergeldi Allaberdiýewiň ýurduň konstitusiýasyna girizilen üýtgetmelere we dürli ýurtlarda türkmen raýatlarynyň hukuklarynyň köp bozulmagyna garşy çykyş edýän daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen aktiwistleri bilen gatnaşygy sebäpli tussag edilendigini habar beripdi.

"Maý aýynda BMG "Freedom Now" guramasynyň we "Vinson & Elkins" halkara kanunçylyk edarasynyň ýüzlenmesine seredip, aklawçy Pygambergeldi Allaberdiýewiň tussag edilmegini halkara hukugynyň bozulmagy hökmünde ykrar etdi" diýip, THF belleýär.

BMG-niň esassyz tussag etmek boýunça iş topary Pygambergeldi Allaberdiýewiň tussag edilmegini esassyz we halkara hukugyna ters gelýär diýip, çykaran netijesi şu ýylyň maý aýynda yglan edildi.

Adam hukuklary guramalary, şol sanda "Türkmen Helsinki fondy" Allaberdiýewiň boşadylmagyny we oňa garşy çykarylan hökümiň ýatyrylmagyny yzygiderli talap etdiler.

Adam hukuklaryny depelemegi we başga pikirdäkileri yzarlamagy üçin tankyt edilýän türkmen hökümeti, Allaberdiýewiň tussag edilmegi we iki ýyllap türmede saklanmagy barada şu wagta çenli resmi düşündiriş bermedi.

Degişli maglumat BMG: Pygamberdi Allaberdiýewiň tussag edilmegi halkara hukugynyň bozulmagy boldy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.