Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hukuk toparlary türkmen prezidentine hat ýollap, ýurist P.Allaberdiýewiň boşadylmagyna çagyrdy


Pygamberdi Allaberdiýew
Pygamberdi Allaberdiýew

Halkara hukuk toparlary Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowa açyk hat ýollap, tussaglykdaky türkmen ýuristi Pygamberdi Allaberdiýewiň boşadylmagyna çagyrdylar.

Guramanyň Twitterdäki sahypasynda çap edilen maglumata görä, "Aklawçylaryň halkara birleşiginiň" müdiri baroness Helena Kennedi we "Aklawçylar üçin aklawçylar" guramasynyň ýerine ýetiriji direktory Sophie de Graaf tarapyndan gol goýlan hat 14-nji iýulda türkmen prezidentiniň Oguzhan köşgüne iberildi.

"Biz, [hata] gol çekenler, aklawçy Pygamberdi Allaberdiýewiň tussag edilmegine alada bildirýäris... Türkmen hökümetiniň Balkanabat şäherindäki nebit we gaz önümçilik bölüminde işlän Allaberdiýew 2020-nji ýylda tussag edilmezden öň, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna dürli üýtgetmeler girizmek meýilnamalaryny barha ýiti tankytlaýar. Jenap Allaberdiýewiň tussag edilmegi, onuň 2020-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda geçirmegi meýilleşdiren demokratiýa tarapdar ýörişinden dokuz gün öň boldy. Balkanabat polisiýa müdirliginde Aşgabat şäherinden gelen Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri Allaberdiýewi daşary ýurtlardaky protest hereketine gatnaşan aktiwistler bilen, aýdylmagyna görä, ilteşigi bardygy barada sorag etdiler. Allaberdiýewiň tussag edilmeginden bir hepde öň gözegçilik astyndadygy barada habarlar hem bar" diýlip, hatda "ýokarda beýan edilen ýagdaýlaryň, Allaberdiýewe bildirilen aýyplamalaryň we kazyýet işiniň, oňa garşy gozgalan işiň syýasydygyny görkezýändigi" nygtalýar.

Ýatlatsak, Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrliginiň "Nebitdagnebit" edarasynyň ýuristi Pygamberdi Allaberdiýew, Türkmenistanyň ýörite gulluklary tarapyndan daşary ýurtlardaky protest hereketine gatnaşyjylar bilen aragatnaşyk saklamakda güman edilip, 2020-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda huligançylykda aýyplanyp, Balkanabatda tussag edilipdi. Ol şol ýylyň 29-njy sentýabrynda galplaşdyrylan "huligançylyk" işi sebäpli 6 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

"Jenap Allaberdiýewi goldaýan şaýatlara görkezme bermäge rugsat berilmedi. Sud diňlenişiginde Allaberdiýewe aklawçy wekilçilik etmedi. Onuň aklawçysy kazyýet işiniň öň ýanynda, saglyk meselelerine salgylanyp, kazyýet işinden çekildi. Onuň häkimiýetler tarapyndan gorkuzylandygy aýdylýar. Allaberdiýewiň kazyýet tarapyndan bellenen aklawçynyň hyzmatlaryndan ýüz öwürendigi habar berildi. Iş kesileninden bäri Allaberdiýew daşky dünýäden üzňelikde saklanýar" diýlip, hatda bellenilýär.

Hukuk toparlary öz hatynda türkmen prezidentine Türkmenistanyň halkara hukuk borçnamalaryny ýatladyp, Allaberdiýewiň derrew we şertsiz boşadylmagyna çagyrýarlar.

"Mundan başga-da, türkmen häkimiýetlerini halkara adam hukuklary kanunlaryndaky borçnamalaryna laýyk gelýän ähli çäreleri durmuşa geçirmäge çagyrýarys. Bularyň arasynda söz azatlygy, ýygnanyşmak we birleşmek, adalatly kazyýet hukuklaryna hormat goýmak, goramak we ýerine ýetirmek hukuklary bar" diýlip, hatda bellenilýär.

Adam hukuklaryny berk depelemekde tankytlanýan we ýurtda tankydy hem-de özge pikirlileri basyp ýatyrmakda tanalýan türkmen hökümeti Allaberdiýewiň tussag edilmegi barada häzirki güne çenli resmi beýanat bilen çykyş etmedi.

BMG-niň Eden-etdilikli tussag etmeler boýunça işçi topary Türkmenistanyň hökümeti ýurist Pygamberdi Allaberdiýewi tussag edip, adam hukuklary boýunça halkara kanunyny bozdy diýdi. Topar bu baradaky hökümini şu ýylyň maýynda çykardy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG