Türkmenistan global Internet toruna bagly bolmadyk Milli sanly toruny işläp düzýär

Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanda global Internet tory bilen bagly bolmadyk özbaşdak Milli sanly tory döretmek boýunça taslama durmuşa geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow 9-njy dekabrda degişli karara gol çekip, Milli sanly tory döretmek baradaky taslamany durmuşa geçirmek boýunça iş toparynyň düzümini tassyklady.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri we ýerli synçylar Türkmenistanda global Internet torundan garaşsyz milli ulgamyň döredilmegi bilen, ýurt içinde onsuz hem çäkli bolan dürli maglumat çeşmeleriniň, şol sanda sosial torlaryň düýpli petiklenip, olaryň ýerli ulgamlar bilen çalşyryljakdygyny çaklaýarlar.

“Birinji tapgyrda döwlet pudagyny, hyzmatlar we hususy pudagy elektron maglumat dolanşygy bilen üpjün etjek parallel içerki tor işlenilip düzüler. Netijede, daşarky baglanyşykdan düýbünden garaşsyz boljak içerki infrastruktura dörediler” diýip, ýerli çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Degişli maglumat Türkmenistan: Internetiň tizligi görlüp-eşidilmedik derejede haýallady, VPN hyzmatlary petige diredi

Ol içerki elektron ulgamyň ösdürilmegi bilen, esasy global hyzmatlaryň, websaýtlaryň, sosial torlaryň petiklenjekdigini, olara derek, global ulgamlaryň ýerli wersiýalarynyň hödürlenjekdigini çaklady.

“[Bularyň] öwezine ýerli analoglary hödürlener, eýýäm ýerli sosial torlar, messenjerler we şuňa meňzeşler taýýarlanyp başlandy” diýip, ýerli çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Göz öňünde tutulýan ýerli we milli sanly toruň aýratynlyklary hem-de onuň hödürleýän mümkinçilikleri Türkmenistanyň döwlet gözegçiligindäki maglumat giňişliginde ara alnyp maslahatlaşylmaýar.

Ýöne resmi habarlara görä, Türkmenistanda soňky birnäçe ýyl bäri dürli pudaklary sanlylaşdyrma tagallalary batlanýar.

Munuň bilen baglylykda, ýurtda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy taýýarlandy. Galyberse-de, 2019-njy ýylda e.gov.tm we 2020-nji ýylda sanly.tm ýaly döwlet hyzmatlarynyň portallary işe girizildi. Şol bir wagtda, ýurduň çäginde hereket edýän elektron neşirleriň sany ýylsaýyn artyp başlady.

Bu tagallalara parallel häkimiýetler döwlet gözegçiliginden azat maglumat çeşmelerini barha çäklendirip, hususan-da, Internet ulgamynda ulanyjylaryň şahsyýetini ýaşyrmaga ýardam berýän VPN-leri, wirtual şahsy torlary berk çäklendirip başlady.

Degişli maglumat Berdimuhamedow Internetdäki dürli maglumat çeşmelerini berk çäklendirmegi tabşyrdy

Ýanwar aýynda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Internet ulgamyndaky dürli maglumat çeşmeleriniň petiklenilmegi aç-açan görnüşde döwlet baştutany derejesinde ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Köpsanly maglumat saýtlary, ylmy saýtlar, kitaphanalar – hemme zat ýapyk” diýip, ýaňy-ýakynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli synçy aýdýar.

“Töleg ulgamlary we daşary ýurt banklary düýbünden ýapyk. Meniň pikirimçe, bu diňe başlangyç” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Türkmenistanda global tora bagly bolmadyk Milli sanly tory döretmek ugrundaky tagallalaryň dürli alamatlary soňky birnäçe ýyl bäri ýüze çykyp gelýär.

Meselem, Türkmenistanda Google ýa-da Yandex ýaly gözleg torlarynyň ýerli wersiýasy, “Gözle” (gozle.com.tm/en) atly gözleg motory işe girizildi. Şol bir wagtda, dünýä belli “Netflix” wideo-güýmenje platformasyna çalym edýän “Belet” (belet.com.tm) wideo-güýmenje portaly işe girizildi.

Bu onlaýn çeşmeler entek global Internet toruna bagly bolup durýar. Ýöne bellemeli ýagdaý, Türkmenistanda işe girizilýän döwlet hyzmatlarynyň we beýleki güýmenje platformalarynyň hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin ýerli mobil operatordan alnan telefon belgisi talap edilýär.

Türkmenistanyň global Internet toruna bagly bolmadyk özbaşdak milli tory döretmek tagallalary Hytaýyň “özbaşdak kiber giňişligi” döretmek synanyşyklaryna, ýa-da Eýran we Russiýa ýaly ynsan hukuklaryny, söz, pikir we metbugat azatlygyny çäklendirýän ýurtlaryň Özbaşdak tor synanyşyklaryna çalym edýär.

Meselem, Hytaýda 2016-njy ýylda “Kiberhowpsuzlyk hakynda” kanun kabul edildi. Munuň öňüsyrasynda, Hytaýyň başlygy Szi Szinpin 2015-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilen Bütindünýä Internet konferensiýasynda sözlän sözünde özge ýurtlary birek-biregiň “kiber özbaşdaklygyna” hormat goýmaga çagyryş etdi.

Degişli maglumat Adamlary gahar-gazaba ýetirmegiň çägi. Hytaýdaky protestleriň gerimi

Awtoritar Russiýada hem Internet özbaşdaklygy boýunça meýiller soňky ençeme ýyllaryň dowamynda ýüze çykyp gelýärdi. Rus kanun çykaryjylary 2019-njy ýylda “Özbaşdak Internet” hakynda kanun kabul etdi. Bu kanunçylyk raýatlaryň söz we maglumat azatlygynyň çäklendirilmegi jähtden ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalarda alada döretdi. Human Rights Watch guramasy Russiýada “Özbaşdak Internet” kanunynyň kabul edilmeginiň yz ýany çap eden makalasynda täze kanuny “Russiýanyň bütindünýä kerebinden (World Wide Web) barha üzňeleşmegi” atlandyrdy.

Russiýanyň we Hytaýyň özbaşdak Internet aladalaryna parallel, Türkmenistanda hem “Kiberhowpsuzlyk” kanuny 2019-njy ýylyň sentýabrynda kabul edildi.

Türkmenistanda garaşsyz habar çeşmeleri, şeýle-de Facebook, Instagram we Twitter ýaly sosial torlar petikli bolmagynda galýar.

Galyberse-de, giň gerimli petiklemeleriň fonunda Türkmenistanda Internet ulgamynyň tizligi juda haýal bolmagynda galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.