Lebabyň dolandyryş merkeziniň durky täzelenen iň iri bazarlarynyň biriniň ozalky söwdagärlerine söz berlen ýeňillikler berjaý edilmeýär.
“2020-nji ýylda Türkmenabadyň 'Merkezi daýhan' bazarynyň daşky tarapy, köp dükany ýykyldy. Şol pursat, söwdagärlere bazaryň durky täzelenenden soň, olaryň ýykylan dükanlarynyň öwezine mugt bolmasa-da, ýeňillikli bahadan söwda nokatlarynyň beriljekdigi aýdyldy” diýip, ozalky dükan eýeleriniň biri ýatlaýar.
Ol ilat arasynda 'Gök bazar' hem atlandyrylýan bu ýerde mundan iki ýyl ozal döwlet tarapyndan gurlan dükanlar bilen birlikde, telekeçileriň özleriniň diken söwda nokatlarynyň hem bolandygyny aýdýar.
“Bazaryň iň ýörgünli ýerinde ‘samostroý’ dükanlar hem bardy. Aýlyk näresmi tölegini berip dursaň, bazar resmileri azar bermeýärdi. Her niçikde bolsa, resmi dükan eýeleri bilen birlikde bu satyjylara hem, bazar açylandan soň, ýeňillikleriň dörediljekdigi söz berlipdi. Munuň öwezine, bizden çekilen zyýan barada dawa etmezlik soraldy” diýip, söhbetdeşimiz aýdýar, we wadalaryň diňe dil üsti bilen edilendigini belleýär.
Degişli maglumat Lebap: bazar gadaganlygy söwdagärleri köseýärSoňky iki ýylyň içinde bazaryň uly meýdany ýykylyp, durky täzeleninden soň, ony Täze ýyl baýramçylyklarynyň öňýanynda ulanyşa bermek meýilleşdirilýär. Bazaryň içinde esasan 20 m2 we 30 m2 meýdanly dükanlar bar.
Ýarym-resmi salamnews internet neşiriniň maglumatyna görä, 'Merkezi daýhan bazarynyň" durkuny täzelemek işleriniň çäginde gurulýan täze bazaryň meýdany 3 gektara deň bolar.
Bazarda 289 dükan we jemi 880 satyjy-orunlyk uly bassyrmalaryň 4-siniň aşagynda ýörite söwda zolagy göz öňünde tutulan.
Ozalky dükan eýeleri, öňki gelnen ylalaşyga laýyklykda, täze söwda nokatlaryny almaga baranlarynda, olar üçin hiç hili ýeňillikleriň bolmajakdygy aýdylypdyr.
“Bu dogurdan hem garaşylmadyk bir ýagdaý boldy. Bazarda söwda etjek bolsaň, dükanyň her 1 m2 üçin 10 müň manat töläp, ony satyn almaly. Bassyrmaly zolakda iki metrlik söwda nokady üçin her gün 20 manat tölemeli. Biz olaryň wadalaryny ýatlatdyk, ýeňillikleri soradyk. Olar hamana sözlerini unudan ýaly: ‘Isleseňiz alyň, islemeseňiz almaň!’ diýip, jogap gaýtardylar” diýip, türkmenabatly telekeçi belledi.
Degişli maglumat Türkmenabatda köçe satyjylary bazarlaryň golaýyndan kowulýarSöhbetdeşimiz ozalky ylalaşygyň diňe dil üsti bilen amal edilendigi sebäpli, arzlaryny resmi edaralara eşitdirmek mümkinçilikleriniň hem çäklidigini sözüne goşdy.
Azatlyk ýokarky ýagdaýlar boýunça Türkmenabadyň häkimliginden we degişli söwda edaralaryndan maglumat alyp bilmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.