Türkmenistan Türki Döwletler Guramasyna doly hukukly agza bolmady

Türki Döwletler Guramasynyň döwlet baştutanlary Geňeşiniň Dokuzynjy mejlisi 11-nji noýabrda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirildi.

Türki Döwletler Guramasynyň döwlet baştutanlary Geňeşiniň 11-nji noýabrda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilen sammitiniň yz ýany, Türkmenistanyň guramadaky doly hukukly agzalygy yglan edilmedi.

Biraz öň, 29-njy sentýabrda Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki "Anadolu" habar agentligi türk daşary işleri ministri Mewlüt Çawuşoglynyň sözlerine salgylanyp, Samarkantda geçirilýän sammitde Türkmenistanyň gurama doly hukukly agza bolmagyna garaşylýandygyny habar berdi.

"Ozal synçy bolan Türkmenistan hem Türki döwletler guramasynyň doly hukukly agzasy bolar... Şeýlelik bilen, maşgalamyz doly jem bolar diýip umyt edýäris" diýip, türk metbugaty 29-njy sentýabrda Türkiýäniň daşary syýasat başlygyny sitirledi. Aşgabatda bu maglumaty tassyklamady.

Degişli maglumat Metbugat habarlary: Türkmenistan Türki döwletler guramasynyň agzasy bolar

Guramanyň döwlet baştutanlary geňeşiniň 11-nji noýabrda geçirilen Dokuzynjy mejlisinde Türkmenistana Halk Maslahatynyň başlygy, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wekilçilik etdi.

Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi Berdimuhamedowyň bu mejlise Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça, hormatly myhman hökmünde gatnaşýandygyny habar berdi.

Berdimuhamedow sammitde sözlän sözünde Türki Döwletler Guramasyny “dünýädäki gapma-garşylyklary aradan aýyrmak, uzakdan görüji we jogapkärli çözgütleri işläp taýýarlamak üçin, zerur bolan ähli çäreleri görmäge” çagyrdy, ýöne gapma-garşylyklary aýdyňlaşdyrmady.

Şeýle-de, Berdimuhamedow sammitde eden çykyşynda “türki ýurtlaryň ylalaşylan garaýyşlarynyň dünýädäki syýasy ýagdaýlara netijeli täsir ýetirmelidigini” aýtdy.

“Deňhukuklylygy, milli özygtyýarlylygy, halklaryň döwlet gurluşynyň nusgasyny saýlap almaga hukugyny ykrar etmelidir” diýip, TDH Berdimuhamedowy sitirleýär.

Şeýle-de, Berdimuhamedow aýdyňlaşdyrmazdan, “Ýewraziýanyň birnäçe sebitlerinde emele gelýän syýasy ýagdaýyň örän oýlanyşykly, anyk we düýpli baha bermegi hem-de degişli çäreleri görmegi” talap edýändigini aýtdy.

Degişli maglumat Serdar Berdimuhamedow Türki döwletler guramasynyň sammitine gatnaşmaz

Türk metbugatyna görä, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan hem sammitde eden çykyşynda agza ýurtlary umumy howpsuzlyk konseptini işläp düzmäge hem-de kadasyz migrasiýanyň öňüni almakda we dolandyrmakda hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmaga çagyrdy.

Guramanyň Dokuzynjy sammitine Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew, Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, şeýle-de, synçy ýurduň wekili hökmünde, Wengriýanyň premýer-ministr Wiktor Orban hem-de guramanyň baş sekretary Bagdad Amreýew gatnaşdy.

Merkezi Aziýa boýunça synçy Brýus Panniýer 11-nji noýabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda, döwlet baştutanlarynyň sammitine Türkmenistandan uly Berdimuhamedowyň gatnaşmagyny we Türkmenistanyň gurama agzalygy baradaky habarlary seljerdi.

“Gurbanguly Berdimuhamedowyň sammite gatnaşmagy, megerem, gaty geň däl. Beýleki liderleriň ählisi onuň bilen has tanyş, ogly bilen deňeşdirilende. Gurbanguly Berdimuhamedow bu gurama bilen Serdar [Berdimuhamedowa] garanyňda, has köp iş salyşdy. Şonuň üçin, bu ýagdaý gaty geň däl. Bu [türkmen] medeniýetiniň hem bir bölegi bolup durýar. Bu atany sylamak, başgaça aýdylanda, ýaşuly döwlet adamsyny sylamak...” diýip, Brýus Panniýer aýtdy.

Degişli maglumat Gurbanguly Berdimuhamedow TDG sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşýar

Şeýle-de, Panniýer uly Berdimuhamedowyň sammite diňe bir raýat hökmünde däl, Halk Maslahatynyň başlygy hökmünde we özbek prezidentiniň myhmany hökmünde gatnaşýandygyny aýtdy.

Has ozal, 2022-nji ýylyň aprelinde TDG Gurbanguly Berdimuhamedowyň Guramanyň Ýaşulular geňeşine agza bolandygyny habar berdi.

Mundan ozal, Guramanyň 2021-nji ýylda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen sammitinde Türkmenistan gurama synçy agza hökmünde kabul edildi.

Häzirki wagtda Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan TDG-nyň doly agzasy, şeýle-de, Wengriýa we Türkmenistan onuň synçy agzasy bolup durýar. Gurama, ilkibaşda, 2009-njy ýylda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk guramasy (Türk Geňeşi) hökmünde esaslandyryldy. Gurama agza ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.