Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiriljek Türki döwletler guramasynyň (TDG) döwlet baştutanlarynyň sammitine gatnaşmaz. Muňa derek Türkmenistana öňki prezident, Milli geňeşiň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow wekilçilik eder.
Bu barada guramanyň 8-nji noýabrda metbugat üçin ýaýradan maglumatynda aýdylýar. Sammite gurama agza we synçy ýurtlaryň ählisiniň döwlet baştutanlarynyň gatnaşjakdygy we diňe Türkmenistana parlamentiň ýokarky palatasynyň başlygynyň wekilçilik etjekdigi habar berilýär.
TDG-da Türkmenistandan başga-da, Wengriýa synçy statusyna eýe bolup, bu ýurduň premýer-ministri Wiktor Orban hem Samarkanda barar.
Sentýabrda Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu Türki döwletler guramasynyň Samarkantda geçiriljek sammitinde Türkmenistanyň guramanyň doly agzasy boljakdygyny aýtdy.
“Öň Türki döwletler guramasyna (TDG) synçy bolan Türkmenistan 11-nji noýabrda TDG-niň Samarkantda geçiriljek sammitinde doly agza bolar. Şeýlelik bilen, maşgala suratymyzy tamamlamagy umyt edýäris" diýip, Çawuşoglu 29-njy sentýabrda aýtdy.
Emma türkmen prezidentiniň sammite gatnaşman, Türkmenistanyň guramadaky wekilçilik derejesini peseltmegi bilen, agzalyk meselesi amala aşmajak ýaly bolup görünýär.
Bellesek, Türkmenistanyň agzalygy barada türk diplomatynyň eden çykyşy, Türkmenistanyň haýyşy boýunça Türkiýe döwletiniň türkmen raýatlary üçin 15 ýyldan gowrak wagt dowam eden wizasyz syýahat düzgünini ýatyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Türkmenistan TDG-niň 2021-nji ýylyň noýabrynda Stambulda geçirilen sammitinde gurama synçy agza hökmünde kabul edilipdi. Şu ýylyň aprelinde Gurbanguly Berdimuhamedow Türki döwletler guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy boldy.
Türki dilli döwletler bilen ýakyn hyzmatdaşlyga ymtylýan Türkiýe soňky birnäçe ýyldan bäri Aşgabadyň TDG-da doly hukukly agza bolmagy baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşýar.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan 2020-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli çap eden wideo gutlagynda Aşgabady gurama agzalyga çagyrdy.
2021-nji ýylyň oktýabrynda Azatlygyň ygtybarly çeşmeleri gurama agzalygyň şerti hökmünde Aşgabadyň türk döwletinden Türkiýede emele gelen türkmen protest hereketiniň basylyp ýatyrylmagyny sorandygyny habar beripdiler.
Gurama, ilkibaşda, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk guramasy (Türk Geňeşi) hökmünde 2009-njy ýylda esaslandyryldy. SSSR-iň dargamagynyň yzysüre, Türkiýeden başga, oňa agza bolan ähli türki dilli ýurtlary öz içine alýan guramanyň esaslandyrylmagyna mümkinçilik döredi. Bu gurama döredilmezden ozal türki dilli ýurtlaryň köp sanly sammiti bolupdy, olaryň ilkinjisi 1992-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Ankarada geçirilipdi.
Sammitiň inisiatory Türkiýäniň şol wagtky prezidenti Turgut Ozal bolup, oňa ýaňy garaşsyzlyk gazanan bäş sany türki dilli ýurtlaryň şol wagtky döwlet baştutanlary - Saparmurat Niýazow (Türkmenistan), Yslam Karimow (Özbegistan), Nursultan Nazarbaýew (Gazagystan), Askar Akaýew (Gyrgyzystan) we Abulfaz Elçibeý (Azerbaýjan) gatnaşypdy.
Emma wagtyň geçmegi bilen, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýolbaşçylary Türkiýäniň barha artýan täsirine şübheli çemeleşip, türki dilli bileleşik döretmek pikirinden ýüz öwürdiler. Netijede, 2009-njy ýylda Türki geňeşiň döredilýändigi yglan edilende, oňa diňe Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Türkiýe goşuldy.
Häzirki wagtda Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan TDG-nyň doly agzasy, Wengriýa we Türkmenistan synçy agzasy bolup durýar. Gurama, geçen ýyla çenli Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk guramasy (Türk Geňeşi) hökmünde tanalýardy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.
Forum