Hazar deňzindäki suwuň derejesi taryhy minimumdan (iň pes derejeden) 10 sm aşak düşdi, mundan öňki rekord 1977-nji ýylda, minus 29 metrde goýlupdy, indi bu görkeziji minus 29.1 metr boldy diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” “Zakon kz” neşirine salgylanyp habar berdi.
Gazagystanyň kenar ýakasyndaky Aktau şäherinde deňiz suwy käbir ýerlerde kenardan 50-60 metr yza çekildi.
Neşir Hazar deňzindäki suw derejesiniň ozallar hem peselendigini, ýöne soň ýokarlanandygyny belleýär. Emma häzir deňiz suwunyň has ýokary tizlikde çekilýändigi aýdylýar.
Nemes we golland alymlarynyň geçiren barlaglary, häzirki gözegçilik esasynda, şu asyryň 50-nji ýyllaryna çenli Türkmenistandaky Garabogazköl aýlagynyň doly gurajakdygy çaklanylýar.
Hazar deňziniň suwunyň azalmagynyň sebäbi ygalyň az mukdarda düşmegi bilen düşündirilýär.
Azatlygyň habarçylary ýurtdaky gurakçylyk, suw ýetmezçiligi bilen bagly kynçylyklar barada yzygiderli habar berýärler.
“1960-1990-njy ýyllar aralygy bilen deňeşdirilende, Amyderýanyň suwy 8-10 esse azaldy... Häzir derýanyň ortasy gurady, suw ikä bölünip akýar” diýip, ýerli hünärmen golaýda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Emma ýurduň prezidenti Swerdar Berdimuhamedow golaýda Lebap welaýatynyň häkimi Şöhrat Amangeldiýewe ýüzlenip, gündogar welaýatyň Amyderýanyň kenarynda ýerleşýändigine garamazdan, suw ýetmezçiligi bilen bagly kösençligi başdan geçirýändigine “ynanmagyň örän kyndygyny” aýtdy.
Degişli maglumat Lebapda köne ekskawatorlar akabalary gazmaga girişýär, Amyderýanyň suwunyň çekilmegi alada döredýär