Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde 9-njy noýabrda häkimiýetler gara bazardaky walýuta söwdagärlerine garşy reýd geçirdi. Şol bir wagtda, azyk söwdagärleri soňky günlerde şäheriň söwda nokatlarynda iýmit önümleriniň bahalaryna hem döwlet gözegçiliginiň güýçlendirilýändigini aýdýarlar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy soňky iki gün bäri Türkmenbaşynyň şäher bazarynyň gündogar derwezesiniň öňünde walýuta söwdasy bilen meşgullanýan gara bazar söwdagärleriniň ýokdugyny habar berýär.
“Bir ýyldan gowrak wagt bäri gazar bazarda dollaryň alyş-çalyş bahasy 19 manat 70 teňňe – 20 manat aralygynda durnukly saklandy. Şu günler dollary ne satyp bolýar, ne-de satyn alyp bolýar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan ýerli söwdagärler gara bazarda walýuta söwdasyna garşy güýçlendirilýän gözegçiligi häkimiýetleriň sebitde azyk harytlarynyň bahalaryny emeli “arzanlatmak tagallalary” bilen ilteşdirýärler.
Degişli maglumat Prezident 'bol' harytlaryň gymmatlamagyna ýol bermezlige çagyrýarGünbatar sebitde häkimiýetleriň walýuta söwdasyna we azyk harytlarynyň bahalaryna gözegçiligi güýçlendirmegi prezident Serdar Berdimuhamedowyň golaýda hökümet agzalaryndan “...baýramçylyk günlerinde bazarlaryň we dükanlaryň dürli harytlar bilen üpjünçiligini gözegçilikde saklamagy, bahalaryň ýokarlanmagyna ýol bermezligi” tabşyrmagynyň yz ýanyna gabat gelýär.
Balkanly bir söwda pudagynyň işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde şu günler prokuratura we içeri işler edaralarynyň hem-de salgyt gullugynyň işgärleriniň söwda nokatlarynda azyk harytlarynyň bahalaryny barlaýandyklaryny aýtdy.
Söwda işgäri geçirilýän barlaglaryň prezidentiň azyk harytlarynyň bahalaryny gymmatlatmazlyk barada beren tabşyrygyndan ugur alýandygyny aýdýar.
Azatlyk Radiosy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli söwda işgäriniň adyny agzamakdan saklanýar.
Türkmenistanda daşary ýurt walýutasynyň erkin söwdasy 2016-njy ýyldan bäri çäklendirilýär. Bu çäklendirmeleriň netijesinde, ýurtda walýutanyň gara bazary emele geldi. Merkezi bank dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny soňky ýedi ýyldan gowrak wagt bäri 3,5 manatlygynda saklaýar. Dollaryň gara bazar bahasy bilen resmi alyş-çalyş bahasynyň arasyndaky 5-6 esse töweregi tapawut dowamly saklanyp galdy.
Ýöne Türkmenistanda dollaryň gara bazar bahasy pandemiýa çäklendirmeleriniň fonunda 2021-nji ýylyň aprelinde rekord derejelere ýetdi. Şonda bir dollaryň gara bazar bahasy 40 manatdan geçipdi. Munuň yz ýany, dollaryň bahasy 20 manada çenli gaýtadan peseldi we bu baha uzak wagtlap saklanyp galdy.
Degişli maglumat Türkmenabatda iki aý bäri ‘paýok’ köpçülikleýin paýlanmaýarAzatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan türkmenbaşyly söwdagärler soňky aýlarda pandemiýa bilen bagly girizilen çäklendirmeleriň, şol sanda halkara hereket gadaganlygynyň gowşadylmagy bilen dollaryň gara bazardaky alyş-çalyş bahasynyň 20-30 teňňe töweregi özakymlaýyn arzanlandygyny aýdýarlar.
Şeýle-de, walýuta söwdagärleri soňky günlerde gara bazaryň gysylmagy bilen dollaryň diňe “ynamly adamlara” satylýandygyny aýdýarlar. Gara bazar söwdasynyň has-da gizlinlik gazanmagy walýuta söwdagärleri bilen müşderileriň arasynda “araçy hyzmatynyň” ýüze çykmagyna iterýär.
“Mysal üçin, 1000 amerikan dollaryny çalyşmak üçin araçy adama goşmaça 100 manat bermeli. [Gizlin söwdada] bir dollaryň satyn alyş bahasy 20 manat” diýip, söwdadan habarly bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Bu aralykda, habarçymyz Hazarýaka şäherde häkimiýetleriň azyk harytlary üçin belleýän täze bahalaryny öwrendi.
Onuň maglumatlaryna görä, meselem, 1 litrlik “Oleýna” günebakar ýagy şäheriň söwda nokatlarynda ozal 39 manatdan satylýardy. Häkimiýetler häzriki wagtda bu önümiň bahasynyň 9 manat töweregi arzanladylmagyny, 30 manatdan satylmagyny talap edýärler.
Gazagystanda öndürilen unuň 1 kilogramy şäherde ozal 18-19 manatdan satylýardy, döwlet häzirki wagtda bu unuň bahasyny 10 manatdan kesgitleýär diýip, bir söwda işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Bahalaryň döwlet tarapyndan mejbury arzanladylmagy her näçe alyjylaryň peýdasyna-da bolsa, satyjylar mejbury bahalaryň özleri üçin amatsyzlyk döredýändigini aýdýarlar.
Degişli maglumat Türkmenbaşyda un, ýumurtga, pagta ýagy, mal etleri we towuk eti gytaldy“Satyjy söwdagärler mejbury bahalar bilen ylalaşmaýarlar. 1 kilogram tüwi Kenar bazarda 35-40 manatdan satylýar. Bu tüwi 1200 kilometrden gowrak ýol aşyp, Lebap welaýatyndan getirilýär. Getirmek hem kyn. Ýollardaky postlara para bermeli, benzin üçin, ýol üçin çykdajy etmeli. Döwlet 10-15 manatdan gymmat bolmasyn diýýär. Bir kilogram tüwi satyjynyň özüne tas 30 manada düşýär. Bäş manat peýda görmesek bolmaýar. Ýer tölegi hem gymmat” diýip, bir balkanly söwdagär aýdýar.
Bu aralykda, Azatlygyň habarçysy ýakyn wagtlarda sebitiň bazarlarynda häkimiýetleriň uly barlag geçirmeklerine garaşylýandygyny habar berýär.
“Ýakyn günlerde Aşgabatdan geljek ýokary derejeli emeldarlaryň bazarlara aýlanyp, bahalary seljermegine garaşylýar. Şolar gelmezden ozal, gymmat bahalary kadalaşdyrmak we emeli bolçulyk döretmek maksady bilen welaýat derejesinde hereket edýärler” diýip, ýerli söwda işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Mundan ozal, Azatlygyň habarçylary sentýabryň ortalarynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde unuň, ýumurtganyň, pagta ýagynyň, dürli görnüşdäki mal etleriniň we towuk etiniň gytçylygynyň emele gelendigini habar berdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.