29-njy oktýabrda Stambulda Türkmenistanyň raýaty Nurberdi Bazarow tussag edildi. Sosial ulgamlarda Türkmenistanyň hökümetini tankytlaýjy çykyşlary bilen tanalýan aktiwist Tuzla sebitiniň deportasiýa merkezinde saklanýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Ahmet Rahmanow Stambuldan habar berýär.
Köpçülikde Nurmyrat Bazarow ady bilen tanalýan Nurberdi Bazarow, Türkiýede işçi migrant bolup ýaşaýan türkmen aktiwistidir. Türkmenistanyň hökümetini, häzirki we öňki prezidentler Serdar we Gurbanguly Berdimuhamedowlaryň maşgalasyny aýratyn ýiti tankytlaýan aktiwistiň çykyşlarynyň köpüsi TikTok-da bolýar.
Nurberdi Bazarowyň tussag edilendigi barada tanalýan aktiwist Nurmuhammet Annaýew 6-njy noýabrda Azatlyk Radiosyna habar berdi. Aktiwistiň 29-njy oktýabrda Stambulda polisiýa tarapyndan tussag edilendigi mälim boldy.
Degişli maglumat Türkiýe türkmen aktiwistini watanyna deportasiýa etmekden ýüz öwürdi"Häzirki wagtda ol Stambulyň Tuzla sebitindäki deportasiýa merkezinde. Ony Türkmenistana deportasiýa etmek isleýärler"-diýip, Annaýew aýdýar.
Nurmuhammet Annaýew we beýleki aktiwistler onuň türkmen hökümetiniň haýyşy boýunça tussag edilendigini we türkmen häkimiýetleriniň onuň deportasiýa edilmegini isleýändigini çaklaýarlar.
Häzirki wagtda aktiwistler Nurberdi Bazarowyň deportasiýa edilmeginiň öňüni almaga synanyşýarlar we aklawçylaryň kanuny kömegine mätäç bolýarlar.
Aktiwistler Nurberdi Bazarowyň Türkmenistanyň hökümetini gaty ýiti tankytlandygyny bellemek bilen, onuň muny umytsyzlykdan edendigini belleýärler.
"Ol öz efirlerini açdy, başgalaryň efirlerine gatnaşdy. Türkmenistanyň hökümetini, Berdimuhamedow maşgalasyny tankytlady. Käte şahsyýetine degip geçdi. Belki, şonuň üçin türkmen häkimiýetleri onuň deportasiýa edilmegini isleýärler" - diýip, Azatlyk bilen gürleşen aktiwistleriň biri aýtdy.
Aktiwistler Bazarowyň Türkmenistana deportasiýa edilen halatynda Türkmenistanyň diktator režimine garşy çykyş edenleriň ençemesi ýaly türmelerde gynamalara we ýitirim bolmak howpuna duçar bolup biljekdigine ünsi çekýärler.
Mundan öň türk häkimiýetleriniň türkmen raýatlaryny Türkmenistana deportasiýa etmekden ýüz öwürmegi bilen bagly birnäçe ýagdaý boldy.
15-nji iýunda Stambulyň kazyýeti 34 ýaşly türkmen raýaty Baýram Allalyýewi deportasiýa etmek kararyny ýatyrdy. Bu barada 16-njy iýunda "Türkmen Helsinki Fondy" (THF) habar berdi.
Degişli maglumat Türkiýede tussag edilen türkmen aktiwistleriniň ýene biri boşadyldyAprel aýynda türkmen aktiwisti Wepa Orazmuhamedow Türkiýedäki deportasiýa lagerinden boşadyldy. Aktiwist 5 aý çemesi tussaglykda oturdy.
Adam hukuklaryny goraýjylar türk häkimiýetlerini türkmen aktiwistlerini Türkmenistana ibermezlige çagyryp, olaryň janyna howp abanýandygyny, olaryň gynamalara we beýleki ýowuz daramalara, şeýle hem ýitirim bolmak howpuna sezewar bolup biljekdigini öňe sürdüler.
Türkmenistanyň häkimiýetleri raýatlaryň Türkiýeden deportasiýa edilmegine we aktiwistlere edilýän basyş barada resmi kommentariý bermeýärler.
Sentýabr aýynda türkmen hökümeti Türkiýeden öz raýatlary üçin wiza düzgünini girizmegi haýyş etdi. Türkmenleriň iň köp ýaşaýan ýeri hasaplanýan Türkiýe, ilkinji nobatda 15 ýyllap wizasyz baryp bolandygy sebäpli türkmenleriň iň köp barýan ýurduna öwrülipdi.
Bu aralykda, Türkmenistanyň hökümeti öz raýatlarynyň köpçülikleýin ýurtdan gitmegine, şol sanda Türkiýä barmagyna sebäp bolan agyr ykdysady krizisiň bardygyny resmi taýdan boýun almaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.