Halkara uçar gatnawlarynyň dikeldilip başlanmagy bilen, Türkmenistandan daşary ýurtlara gitmek isleýänler 'köpelýär'

Aşgabadyň halkara aeroporty. Arhiw suraty

Türkmenistanyň global pandemiýanyň arasynda girizen syýahat çäklendirmelerini gowşadyp, halkara uçar gatnawlaryny dikeldip başlamagy bilen, daşary ýurtlara gitmek isleýän raýatlar göz-görtele köpelýär. Bu barada Balkan welaýatyndan maglumat berýän habarçymyz muny ýurtdaky ýiti ykdysady kynçylyklar, durmuş gymmatçylygy we iş şertleriniň barha agyrlaşmagy bilen düşündirýär.

"Soňky hepdelerde Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde daşary ýurtlara işlemäge gitmek isleýän polisiýa işgäriniň onlarçasy öz arzalary bilen işden çykdy. Mekdeplerde we hassahanalarda bu görkeziji has hem ýokary bolup, mekdep mugallymlary we lukmanlary, şeýle-de şepagat uýalary hem işden çykýar" diýip, welaýat häkimligindäki ýagdaýdan habarly çeşmämiz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, döwlet edarasyndaky işinden çykan raýatlar ýurtda halkara syýahat çäklendirmeleriniň gowşadylyp başlanmagy bilen, Russiýa, Türkiýe we Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ýurtlara işlemäge gitmek üçin iş wizasyny almaga synanyşýarlar.

Degişli maglumat Türkmenistany terk etmäge çalyşýan adamlar ‘köpelýär’

Bu maglumatlar, Türkmenistanyň global koronawirus pandemiýasynyň arasynda ýatyran halkara uçar gatnawlaryny gaýtadan dikeldip başlamagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmenistan halkara uçar gatnawlaryny 2020-nji ýylyň martynda togtadyp, olary iki ýyldan gowrak wagt soň, ýagny şu ýylyň maýyndan bäri bölekleýin dikeldip başlady. Soňky bir aýyň dowamynda Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen aradaky uçar gatnawlary has-da köpeldi.

Daşary ýurtlara gitmäge taýýarlanýan balkanlylaryň habarçymyza aýtmagyna görä, olaryň şeýle karara gelmegine ýurtdaky ýiti ykdysady kynçylyklar, durmuş gymmatçylygy, iş şertleriniň barha agyrlaşmagy, aýlyk haklarynyň pes bolmagy, köpçülikleýin çäreler üçin işgärlerden yzygiderli pul ýygnalmagy sebäp bolupdyr.

"Türkmenistanda iş sagady irden 7-den agşam 10-a çenli dowam edip bilýär. Mundan başga-da, her bir polisiýa işgäriniň iki sany ak uniforma hem-de bir sany welosiped almalydygy barada hem täze tabşyryk geldi. Ak uniformanyň her biriniň bahasy 800 manada, welosipediň bahasy 3-4 müň manada barabar. Sport egin-eşikleri hem 1300 manada deň. Biziň alýan aýlygymyz bolsa 3350 manat. Biz bu aýlyga bu zatlary satyn alalymy ýa-da garagöz çagalarymyzy eklälimi?!" diýip, häzir Russiýa gitmäge taýýarlanýan öňki polisiýa ofiseri aýtdy.

Azatlyk býujet işgärlerinden dürli, şol sanda pagta ýygymy, çürtüm işleri, pile önümçiligi ýaly onlarça maksat üçin ýylyň dowamynda neçeme gezek pul ýygnalýandygyny yzygiderli habar berýär.

"Mundan ozal daşary ýurtlara işlemäge giden tanyşlarym 4-5 ýylyň dowamynda hem öýli, hem-de maşynly boldular. Men dört ýyldan gowrak wagt bäri polisiýada işläp, bir maşyn hem alyp bilmedim" diýip, öňki polisiýa ofiseri aýtdy.

Habarçymyz daşary döwletlerde ýokary bilimini tamamlap, ýurda dolanan ýaşlaryň köpüsiniň gaýtadan Türkmenistany terk etmäge taýýarlanýandygyny aýdýar.

Degişli maglumat Türkmenistanda işe ýerleşdirjekdigini aýdyp, ilatyň puluny alýan adamlar 'köpelýär'

"Käbir ýaşlar daşary döwletlerdäki firmalara we kompaniýalara işe girmek üçin arza tabşyrýarlar. Işe kabul edilen ýaşlar şol firmalar we kompaniýalar tarapyndan işe çagyrylýar. Ýaşlar daşary ýurtlara gidip işlemegiň has bähbitlidigini aýdýarlar" diýip, ýagdaýdan habarly balkanly ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada welaýatyň we Türkmenbaşynyň hem-de Balkanabadyň Migrasiýa gulluklaryndan goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Ýöne soňky aýlarda Azatlyga türkmen raýatlarynyň, pandemiýa çäklendirmeleriniň gowşadylmagyny arasynda, daşary döwletlerden Türkmenistana dolanmagynyň dowam edýändigi baradaky habarlara parallel, eklenç aladalary zerarly ýa-da ýokary okuw maksady bilen ýurdy terk etmäge çalyşýan raýatlaryň göz-görtele köpelýändigi hakda maglumatlar ýygy-ýygydan gelip gowuşýar.

Türkmenistan soňky ýyllarda öz garaşsyzlygynyň iň agyr ykdysady kynçylyklaryndan birini başdan geçirýär. Giň ýaýran işsizlikden ejir çekýän ýurt ilaty bazarlarda azyk gymmatçylygy, döwlet dükanlarynda harytlaryň ýeter-ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Türkmen häkimiýetleri ykdysady kynçylyklary we onuň täsirlerini agzamazdan, ýurtda raýatlaryň iş we gazanç etmek üçin "ähli oňyn şertleriň döredilendigini" ýygy-ýygydan tekrarlaýarlar. Muňa garamazdan, soňky on ýyldan gowrak wagtyň dowamynda türkmenistanlylaryň müňlerçesi has "gowy iş we gazanç şertleriniň gözleginde" ýurdy terk etdi.

Türkmen hökümeti soňky otuz ýylda syýasy-ykdysady ýa-da medeni sebäpler esasynda ýurtdan giden raýatlaryň anyk sanyny çap etmeýär. Emma ýurtdan syzyp çykan ygtybarly maglumatlar soňky on ýylda iki milliona golaý türkmenistanlynyň daşary ýurtlara gidendigini görkezýär.

Degişli maglumat Türkmenbaşyda pagta ýagyna we una telefon simini ýükleýärler

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.