Mary welaýatynyň ýangyç guýujy beketleriniň aglabasynda awtoulag benzininiň gytçylygy dowam edýär. A-95 kysymly awtoulag benzini welaýatyň diňe käbir beketlerinde satuwa çykarylýar. Ýöne bu benzinden ýurduň ähli raýatlary peýdalanyp bilmeýär. Ol diňe kanun goraýjy edaralaryň işgärlerine satylýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.
"Welaýatda A-95 kysymly awtoulag benzininiň gytçylygy ýiti duýulýar. Bu benzin ýangyç guýujy beketleriň käbirinde, şol sanda Mary şäherinde diňe üç ýerde satylýar. Ýöne ol adaty raýatlara berilmeýär. Ondan diňe kanun goraýjy edaralaryň işgärleri satyn alyp bilýär. Adaty adamlar barsa, A-95 benziniň ýokdugyny aýdýarlar" diýip, maryly awtoulag sürüji anonimlik şertinde aýtdy.
Ýangyç guýujy beketleriň birnäçe hünärmeniniň aýtmagyna görä, A-95 kysymly benzin diňe welaýatyň prokuratura, Milli howpsuzlyk we polisiýa edaralarynyň işgärlerine satylýar.
Degişli maglumat Dizel gytçylygy bugdaý ekişini bökdeýär. Balkanda ýene ýangyç ýetmezçiligi emele geldi"Ýolbaşçylar munuň sebäplerini düşündirmeýärler" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran bir hünärmen belledi.
Şol bir wagtda, habarçymyz sebitiň ýangyç guýujy beketlerinde A-80 we A-92 kysymly awtoulag benzinleriniň tapdyrýandygyny, ýöne onuň hyrydarynyň azdygyny habar berýär.
Ulag sürüjileriniň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, munuň sebäpleri bu kysymly benzinleriň hiliniň "juda pes bolmagy we awtoulaglara zyýan ýetirýändigi" bilen baglanyşykly.
"A-80 we A-92 kysymly awtoulag benzinleriniň düzümi hapa we olara ýag goşulyp, köpeldilip satylýar. Bu bolsa, onuň hilini pese gaçyrýar. Awtoulaglaryň hereketlendirijilerini adatdakysyndan has tiz wagtda hatardan çykarýar" diýip, maryly sürüji belledi.
Ýangyç guýujy beketleriň hünärmenleri sebitde emele gelen ýangyç gytçylygynyň A-95 kysymly awtoulag benzininiň daşary ýurtlara satylmagy bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.
"Ilki başda daşary ýurtlara A-91 kysymly awtoulag benzinini satmak meýilleşdirilipdi. Emma bu benziniň hyrydary az bolansoň, A-95 kysymly benziniň daşary ýurtlara satuwyny dowam etdirmek göz öňünde tutulýar. Şol sebäpli 1-nji noýabrdan başlap sebitiň käbir ýangyç guýujy beketlerinde A-91 benzini satylyp başlanar. Onuň her bir litri 2 manat bolar. A-95 kysymly benziniň bahasy 1,5 manatdy" diýip, hünärmen belledi.
Azatlyk bu barada Marynyň häkimligi, “Türkmenhimiýa” we "Türkmennebit" döwlet konsernleri bilen habarlaşyp, goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi. Bu ýagdaýlar barada adatça bolşy ýaly ýurt häkimiýetleri we media serişdeleri hem dymýar.
Ýöne ýurtda ýitileşýän benzin ýetmezçiligi baradaky maglumatlar ýangyjyň daşary ýurtlara satylýandygy hakda döwlet gözegçiligindäki media serişdelerinde we ýarym-resmi hökümetçi neşirlerde habarlaryň yzygiderli çap edilýän mahalyna gabat geldi.
Degişli maglumat Türkmenistanyň dürli sebitlerinde ýiti benzin gytçylygy döredi24-nji oktýabrda hökümetçi "Turkmenportal" neşiri Türkmenistanyň Azerbaýjana benziniň 42 müň tonnasyny eksport edendigini we munuň bahasynyň 49 million 597,21 müň ABŞ dollaryndan gowrak bolandygyny mälim etdi.
17-nji oktýabrda bolsa, Türkmen döwlet habarlar (TDH) agentligi şol aýyň ikinji hepdesinde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-siniň hasaba alnandygyny habar berdi. TDH owgan we özbek işewürleriniň “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 awtoulag benzinini satyn alandygyny we geleşikleriň umumy bahasynyň ABŞ-nyň 18 million dollaryna golaý bolandygyny hem belledi.
Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň nebit gorlary we daşary ýurtlara satylýan ýangyjyň bahasy barada aç-açan maglumat bermeýärler. Ýöne British Petroleumyň 2021-nji ýyl boýunça çap eden hasabatyna görä, Türkmenistanyň 600 million barrele barabar subut edilen nebit gorlary bar. Şeýle-de, hökümetçi "Orient" neşiriniň 10-njy iýunda çap eden maglumatynda Türkmenistanyň ECO-93 görnüşli awtoulag benzininiň bir tonnasyny $1028 satýandygy mälim edildi.
Ýangyja baý Türkmenistanyň ilaty benzin gytçylygy bilen ýygy-ýygydan ýüzbe-ýüz bolýar. Soňky iki ýyl bäri ýüze çykýan bu gytçylyk soňky dört aýyň dowamynda has-da ýitileşdi. Ýurduň Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynyň ýaşaýjylary käte satuwdan aýrylan, käte-de çäkli möçberde satylan benzini satyn almak üçin uly nobatlarda garaşmaly boldular.
Geçen aýyň birinji ongünlüginde bolsa, kärendeçi daýhanlar dizel ýangyjynyň ýetmezçiliginiň Balkanyň käbir sebitlerinde ekiş möwsümini bökdeýändigini habar berdiler.
Ýurduň dürli sebitlerindäki ýangyç gytçylygy, Russiýanyň Ukraina esassyz çozmagynyň arasynda, tutuş dünýäde, hususan-da Ýewropada ýangyç-energiýa serişdeleriniň bahalarynyň ýiti derejede gymmatlan wagtyna gabat geldi.
Degişli maglumat Mary: Benzin gytçylygy dowam edýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.