Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher häkimliginiň işgärleri edara-kärhanalarda we ýaşaýyş jaýlarynda barlaglary geçirýärler. Barlaglaryň çäginde jaýlardaky we edaralardaky ýyladyş ulgamlary barlanýar. Şeýle-de, häkimlik işgärleri üçeklerden öýlerine ýagyn suwlary geçýän ýaşaýjylara jaýlaryň üçeklerinde abatlaýyş işleriniň geçiriljekdigini wada berýärler. Bu habar şäherde onlarça ýaşaýjynyň öýüne üçeklerden ýagyn suwlarynyň geçýändigi barada Azatlyk Radiosynda çap bolan maglumatyň yz ýanyna gabat geldi.
"Şu gün şäherde uly barlag geçirilýär. Şäheriň jaýlaryndaky ýyladyş ulgamlary we ýangyn döredip biljek enjamlar barlanýar" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz 25-nji oktýabrda sebitdäki habarçymyza gürrüň berdi.
Habarçymyzyň maglumatyna görä, şäher häkimliginiň işgärleri hatardan çykan, ýagyn suwlaryny öýlere geçirýän köp gatly jaýlara hem aýlanýarlar. Olar ýaşaýjylara jaýlaryň ýokarsynda täze metal örtükleriň goýuljakdygyny wada berýärler.
Degişli maglumat Maryda ýangyn howpsuzlygy işgärleri barlag geçirýär, jerime ýazmak we para almak 'möwjeýär'"Düýn welaýat we şäher häkimliginiň resmilerine berk tabşyryk berildi. Häkimligiň işgärleri ýaşaýjylara üçekleri zaýalanan jaýlaryň ýokarsynda abatlaýyş işleriniň geçiriljekdigini wada berdiler. Bu wada, gyş paslynyň golaýlan günlerinde, köp adamda umyt döretdi" diýip, şäher häkimligindäki çeşmämiz aýtdy.
Mundan on gün öň, habarçymyz şäheriň Azady we Gurbannazar Ezizow köçeleriniň ugrunda ýerleşýän köp gatly jaýlaryň onlarça ýaşaýjysynyň öýüne üçeklerden suw geçýändigini, muňa ýerli häkimiýetleriň abatlaýyş işlerini geçirmezliginiň sebäp bolýandygyny aýdypdy.
"Bu deşiklerden ýagyş beýle-de dursun, pişikler we guşlar hem säginmän girip bilýärler" diýip, ýaşaýjy belläpdi.
Häkimlikdäki çeşmämiz sebit resmilerine lagym turbalarynyň kadaly işleýşini we ilatyň agyz suwy bilen üpjünçiligini doly ýola goýmagyň hem tabşyrylandygyny aýtdy.
"Şäherde günde bir sagat suw berilýän etrapçalar bar. Bu problema 40 ýyl bäri dowam edýär. Ýagyş suwunyň üçekden geçmegi bilen bagly problemalar hem 10 ýyl bäri dowam edýär" diýip, çeşmämiz belledi.
Azatlyk bu aýdylanlar barada Balkan welaýat we Türkmenbaşy şäher häkimliklerinden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.
Türkmenistanyň, şol sanda Balkan welaýatynyň ilaty ýyladyş ulgamlaryndaky näsazlyklar, şol sanda lagym turbalarynyň hatardan çykmagy, agyz suw üpjünçiliginiň doly ýola goýulmazlygy, könelişen jaýlarda abatlaýyş işleriniň geçirilmezligi bilen ýyllarboýy ýüzbe-ýüz bolup gelýärler.
Türkmenistanyň häkimiýetleri we media serişdeleri ilatyň "bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny" öňe sürüp, bu ýagdaýlar barada hiç hili maglumat bermeýärler.
Degişli maglumat Türkmenbaşyda onlarça ýaşaýjynyň öýüne üçeklerden ýagyn suwlary geçýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.