Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew 21-nji oktýabrda iki ýurduň arasynda strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada jarnama gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) we Özbegistanyň prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.
Özbek prezidenti türkmen kärdeşiniň çakylygy boýunça iki günlük resmi sapar bilen Aşgabatda bolýar.
Saparyň çäklerinde iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň arasynda 21-nji oktýabrda Aşgabadyň Oguz han köşkler toplumynda ikiçäk gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri maslahatlaşyldy, şeýle-de sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Soňra, iki ýurduň wekiliýetleri giňeldilen formatda duşuşyk geçirdi. Şeýle-de, iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň gatnaşmagynda metbugat konferensiýasy geçirildi.
Ikitaraplaýyn gepleşikleriň yz ýany, iki lider Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda 2017-nji ýylyň 6-njy martynda ylalaşylan strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada jarnama kabul etdi.
Degişli maglumat Aşgabat Mirziýoýewi garşylaýar, özbek diasporasy goňşy prezidentiň saparyny maslahatlaşýarÖzbegistanda reforma wadalary bilen 2016-njy ýylda häkimiýet başyna geçen Şawkat Mirziýoýew özüniň ilkinji daşary ýurt döwlet saparyny 2017-nji ýylyň 6-7-nji martynda Türkmenistana amala aşyrdy we bu saparyň çäklerinde iki ýurduň arasynda Strategiki hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekildi.
Aşgabatda kabul edilen täze jarnamada türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna kanagatlanma bildirilýär we bu gatnaşyklary mundan-da beýläk ösdürmek barada ylalaşylýar.
“Taraplar öz aralarynda çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýýandyklaryny yglan edýärler, bu gatnaşyklar ikitaraplaýyn görnüşde we halkara giňişliginde hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin dürli ugurly hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmagy hem-de olara aýratyn ysnyşykly we depginli häsiýet bermegi göz öňünde tutýar” diýip, 21-nji oktýabrda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gol çeken täze jarnamasynda aýdylýar.
Iki ýurduň arasynda ylalaşylan “çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk döwletleriň özygtyýarlylyk, deňlik we çäkleriniň bütewüligi, serhetleriniň bozulmazlyk, içerki işlerine gatyşmazlyk, özara hormatlamak we özara bähbit ýörelgelerini olaryň berjaý etmegine esaslanýar, şeýle hem şu ugurlarda giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýar”
Syýasy hyzmatdaşlyk babatynda, iki ýurduň döwlet baştutanlary mundan-da beýläk duşuşyp durmak, iki ýurduň arasynda parlamentara gatnaşyklary ösdürmek we daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeleri yzygiderli geçirmek boýunça ylalaşýar.
Degişli maglumat Özbek prezidenti Türkmenistana sapar ederŞeýle-de, taraplar BMG-niň, GDA-nyň, ÝHHG-niň, Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşyklarynyň, Türki döwletler guramasynyň hem-de beýleki köptaraplaýyn düzümleriň we görnüşleriň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygy dowam etmek, şol sanda iki tarapyň gyzyklanma bildirýän meselelerine we başlangyçlaryna seredilende özara goldaw bermek barada ylalaşdylar.
Taraplar howpsuzlyk hyzmatdaşlygy babatynda terrorçylyga, ekstremizme, separatizme we beýleki jenaýatlara garşy bilelikde göreşmek babatda ylalaşdy.
Şeýle-de, iki ýurduň döwlet baştutanlary hukuk meseleleri, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, ulag hyzmatdaşlygy, energetika hyzmatdaşlygy, sebitara hyzmatdaşlyk, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk babatda özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça ylalaşdy.
Resminamalara gol çekmek dabarasynyň yz ýany, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň öňki prezidenti, Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.
“Duşuşygyň dowamynda, döwletlerimiziň halklaryny birleşdirýän taryhy gatnaşyklary, medeni we ruhy umumylygy häzirki döwürde strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly esas bolup durýandygy nygtaldy” diýip, Türkmenistandyň döwlet habarlar agentligi (TDH) ýazýar.
Metbugat habarlaryna görä, Berdimuhamedow Mirziýoýewe alabaý itini sowgat berdi.
Şeýle-de, günüň ikinji ýarymynda iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň gatnaşmagynda Aşgabatda “Daşkent” seýil bagynyň açylmagyna garaşylýar.
Ýatlasak, 2018-nji ýylyň aprelinde Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde “Aşgabat” seýilgähi açyldy, şeýle-de, Özbegistanyň Horezm welaýatynyň Ürgenç etrabynda Türkmen-özbek Dostluk öýi açyldy.
Şu ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda türkmen-özbek dostluk festiwalynyň geçirilmegine garaşylýar.
Iki ýurduň arasynda döwlet derejesinde gatnaşyklar ýygjamlaşýan mahaly, Türkmenistanda ýaşaýan özbek azlyklary bu ýurtda öz hukuklarynyň kemsidilýändigini aýdýarlar. Hökümetara duşuşyklarda Özbegistanda ýaşaýan türkmen azlyklarynyň ýa-da Türkmenistanda ýaşaýan özbek azlyklarynyň hukuklarynyň ara alnyp maslahatlaşylýandygy ýa-da däldigi resmi habarlarda agzalmaýar.
Özbegistan bilen Türkmenistan arada 1621 kilometre barabar umumy serhet bar. Iki ýurduň milli azlyklary serhede golaý sebitlerde ýaşaýarlar.
Degişli maglumat Okyjynyň haty: Türkmenistanda milli azlyklara 'üns berilmeýär'Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.