Maryda okuwçylaryň ene-atalaryna öz çagalaryna gözegçiligi artdyrmak tabşyrylýar

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň biriniň daşynda duran ene-atalar. Arhiw suraty

Mary welaýatynyň Mary şäheriniň orta mekdepleriniň ýolbaşçylary ýokary synp okuwçylaryň ene-atalary bilen ýörite ýygnaklary geçirip, olara öz çagalaryna gözegçiligi artdyrmagy berk tabşyrýarlar. Bilim resmileri bu tabşyrygyň sebäbini ýokary synp okuwçy oglanlaryň arasynda bolan, ençeme okuwçynyň agyr ýaralanmagyna elten uruş bilen düşündirýärler. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.

"Şu günler şäheriň tas ähli mekdebinde, şol sanda 10 we 11-nji orta mekdeplerde 10-11-12-nji synplarda okaýan okuwçy oglanlaryň ene-atalary bilen ýygnak geçirilýär. Ýygnaga baran ene-atalara 9-njy oktýabrda agşam wagty iki mekdebiň ýokary synp mekdep okuwçylarynyň arasynda urşuň bolandygy aýdylýar" diýip, ýygnaga gatnaşan ene-atalaryň biri anonimlik şertinde aýtdy.

Ene-atalaryň ençemesiniň habarçymyza gürrüň bermegine görä, bilim resmileri olara uruşda ençeme okuwçynyň ýaralanandygyny, hatda käbiriniň hassahanalaryň intensiw bejeriş bölüminde bejergi alýandygyny belläp, olaryň saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny hem aýtdylar.

Degişli maglumat Häkimiýetler mekdep okuwçylarynyň telefonlaryny barlaýar, ene-atalara duýduryş berýär

"Agşam sagat 9:30 töwereginde bolan uruşuň başy 7-8-nji oktýabrda başlapdyr we oglanlar 9-njy oktýabrda bellenen ýere üýşmeli diýip ylalaşypdyr. Okuwçy oglanlar öz tanyş-bilişlerini hem urşa çekipdirler. Polisiýanyň mekdeplere habar bermegine görä, şäheriň Mollanepes köçesiniň ugrunda birnäçe okuwçy tussag edilipdir. Okuwçylaryň ýanyndan gurşundan guýlup, adama şikes ýetiriji enjam hem tapylyp, uruşda onuň ulanylandygy anyklanypdyr" diýip, maryly ene anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada welaýat we şäher Bilim hem-de Polisiýa müdirliklerinden goşmaça maglumat ýa kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 14-nji oktýabrda ikindine çenli eden synanyşyklary netije bermedi.

Habarçymyz mekdep ýolbaşçylary ýygnakdaky ene-atalary uruş barada habarly edip, olara öz çagalaryny berk gözegçilikde saklamagy, olar okuwdan soňra haýsydyr bir sebäp bilen daşary çykanlarynda, ýanlary bilen näme alyp barýandyklaryny barlamagy, nirä we näme sebäp bilen barýandygyny anyklamagy tabşyrdylar.

"Ene-atalara çagalara gözegçiligi artdyrmakdan başga-da, olara mobil telefonlarynda we öý kompýuterlerinde internetdäki dürli oýunlary oýnatmazlyk, mümkin bolsa internetden, şol sadan YouTube, TikTok we beýleki sosial saýtlardan daşda saklamak berk tabşyryldy" diýip, maryly ene aýtdy.

Türkmenistanyň döwlet habar beriş serişdeleri okuwçylaryň arasynda bolýan uruşlar, olaryň özleri we ene-atalary bilen geçirilýän ýygnaklar, häkimiýetleriň bu mesele boýunça alyp barýan işleri barada maglumat bermeýär. Ýöne Azatlygyň habarçylary okuwçy ýaşlaryň arasynda ýygy-ýygydan döreýän, käte olaryň agyr ýaralanmagyna alyp barýan uruşlar barada ýyllarboýy habar berip gelýärler.

Galyberse-de, Maryda geçirilýän ýygnaklar welaýatyň bilim we terbiýeçilik edaralarynda mekdep resmileriniň okuwçylaryň ene-atalary bilen ýygnak geçirip, wagyz-nesihat işlerini batlandyrmagyndan iki hepde çemesi soňa gabat geldi.

Degişli maglumat Mekdep resmileri ene-atalar bilen ýygnak geçirip, wagyz-nesihat işlerini batlandyrýar

Soňky ýyllarda häkimiýetler okuwçylaryň "ahlak terbiýesine" gözegçiligi hem güýçlendirdiler. Bu gözegçiligiň çäginde Türkmenistanda orta mekdep okuwçylarynyň ahlak häsiýetine bagyşlanan ýygnaklar tutuş ýurt boýunça yzygiderli geçirilýär. Duşuşygy gurnaýjylar okuwçy gyzlaryň arasynda ten söwdasy bilen meşgullanýanlaryň we göwreli bolýanlaryň bardygyny aýdyp, mekdep okuwçylaryna "ahlakly bolmagy" berk tabşyrýarlar.

Mundan başga-da, ýurtda ýyllarboýy raýatlaryň Internet ulgamyny berk çäklendirmekde tankyt edilýän türkmen häkimiýetleri okuwçylaryň mobil telefonlaryna berk gözegçilik edip, olaryň telefonlaryny yzygiderli barlaýarlar. Häkimiýetler bu barlaglary-da ahlak aladalary bilen düşündirmäge synanyşýarlar.

Şeýle barlaglar soňky gezek geçen aý geçirilip, şonda habarçylarymyz VPN hyzmatlaryndan peýdalanyp, Internet ulgamyna baglanýan mekdep okuwçylarynyň ene-atalaryna howpsuzlyk işgärleri tarapyndan haýbat atylandygyny habar berdiler.

Degişli maglumat Türkmen häkimiýetleri okuwçylaryň ahlak terbiýesi bilen aladalanýar, ýene-de

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.