Aşgabatda ermeni kompozitory Arno Babajanýanyň 100 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi

Ermeni kompozitory Arno Babajanyanyň 100 ýyllygyna bagyşlanan konsert. Aşgabat, 2022-nji ýylyň 9-njy oktýabry.

Beýik ermeni kompozitory Arno Babajanýanyň sazy Aşgabatda ýerine ýetirildi. Kompozitoryň dünýä inmeginiň 100 ýyllygyna bagyşlanan konsert 8-nji we 9-njy oktýabrda Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri tarapyndan ýerine ýetirildi. Konserte tomaşa eden Azatlygyň habarçysy Aşgabatdan gürrüň berýär.

Ermeni kompozitoryň eserleri 8-nji oktýabrda Ermenistan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Mukamlar köşgünde Ermenistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň inisiatiwasy bilen geçirildi. Oňa tomaşaçylar diňe çakylyk haty esasynda salyndy.

9-njy oktýabrda bolsa, adaty tomaşaçylar üçin "Sazy maňa gaýdyp ber" atly konsert geçirildi. Uly şowhun bilen geçirilen bu konserte biletler hemmä ýetmedi.

Konsert iki sagada golaý dowam etdi, Arno Babajanyanyň 22 eserinden 17-si solistleri Maýsa Nyýazowa, Nury Nuryýew, Döwran Şammýew we Täzegül Baýramowa tarapyndan ýerine ýetirildi.

Maýsa Nyýazowa

Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň başlygy Rasul Glyçow konserti "söýginiň we sazlaşygyň baýramy" diýip atlandyrdy.

Kompozitoryň 1950-nji ýyllardaky iň meşhur eserlerinden 1958-nji ýylyň filminden "Ilkinji söýginiň aýdymy" atly meşhur eseri Döwran Şammyýew rus we ermeni dillerinde ýerine ýetirildi. Ozalky döwürde meşhur Raşid Behbudowyň ýerine ýetiren bu aýdymy postsowet giňişliginde iň halanýan aýdymlaryň arasynda bolupdy.

Döwran Şammyýew

70-nji ýyllaryň meşhur aýdymlaryndan “Demirgazykly gelin” atly filminden iki aýdym ýerine ýetirildi. Olary Maýsa Nyýazowa we Döwran Şammyýew ýerine ýetirdi.

Robert Roždestwenskiý, Ýewgeniý Ýewtuşenko, Andreý Woznesenskiý, Anatoliý Gorohow ýaly meşhur şahyrlaryň sözlerine döredilen aýdymlar hem eşitdirildi.

Maýsa Nyýazowa "Sag bol" (R. Roždestwenskiý), "Yzlaryň", "Howlukma" (Ý. Ýewtuşenko), "Sazy maňa gaýdyp ber" (A.Woznesenskiý) atly eserleri ýerine ýetirip, çykyş etdi.

Maýsa Nyýazowanyň we Döwran Şammyýewiň duet çykyşy Babajanýanyň "Toba" we "Maňa jaň et" aýdymlaryna dramatiki duýguly aýratyn bir liriki äheň goşdy.

Taýsyz we özüne çekiji tenorymyz Nury Nuryýew ajaýyp meşhur aýdymlaryň birnäçesini ýerine ýetirdi. Olaryň arasynda köplenç baritonlar tarapyndan aýdylýan A.Gorohowyň sözlerine "Meniň bilen bol", "Günden serhoş", "Gözellik şa zenany" we M.Magomaýewiň sözlerine "Toý" atly aýdymlar diňleýjilere hödürlendi. Konsertiň ähli aýdymlary el çarpyşma bilen garşylandy we "Toý" aýdymyna tomaşaçylar hem goşulyp seslendi. Aýdymyň bir parçasy gaýtalanyp, ýerine ýetirildi.

Nury Nuryýew

Tomaşaçylar "Ylham" we "Janlanma" aýdymlaryny ýerine ýetiren ýaş aýdymçy Täzegül Baýramowany mähirli garşy aldy.

Konsertde meşhur instrumental eserleri hem ýerine ýetirildi. Saksafon we orkestr üçin serenadany Kakajan Hudaýberdiew ýerine ýetirdi.

Kakajan Hudaýberdiew

Konsertiň programmasynda öňünden yglan edilmese-de, wirtuoz pianoçy Wladimir Mkrutumowyň gatnaşmazlygyny göz öňüne getirmek kyn. Mkrutumow ak pianonyň başynda orkestr bilelikde "Arzuwlar" we "Nokturne" atly eserleri ýerine ýetirdi, "Elegiýa" we "Wagarşapat tansy" atly eserleri özbaşdak berjaý etdi. Bu eserleriň ikinjisi, Babajanýanyň 1947-nji ýylda Pragada geçirilen Bütindünýä festiwalynda bäşinji baýragy alan üç eseriniň arasynda bolupdy.

Wladimir Mkrutumow

"Şeýtan tekeri" (Ý. Ýewtuşenko) aýdymy üçin 1974-nji ýylda Arno Babajanýan Tokioda geçirilen Bütindünýä ýaşlar festiwalynda ilkinji baýragy alypdy. Bu aýdym dünýäniň 16 diline terjime edildi. Konsertiň dowamynda bu eseri Muslim Magomaýewiň ýerine ýetirişi ekranda görkezildi. Soň bolsa ony Döwran Şammyýew tarapyndan ajaýyp berjaý edildi, tomaşaçylar ony el çarpyşmalar we "brawo" sesleri bilen şowhunly kabul etdi.

Konsert "Ýerewanym" atly aýdym bilen tamamlandy. Ony orkestr bilen bilelikde Kakajan Haldurdyýew tüýdükde ýerine ýetirilip başlandy, soňra Döwran Şammyýew goşuldy we eseri ermeni dilinde dowam etdirdi oňa ähli solistler goşuldy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.