Maýa Gulyýewa adyndaky Türkmen konserwatoriýasynyň kamera ansambly kafedrasy 1-nji oktýabrda Halkara aýdym-saz gününe gabatlap konsert berdi. Aýdym-saz çäresiniň esasy guramaçysy mugallym we konsertmeýster Stella Faramazowa boldy. Azatlyk Radiosynyň korrespondenti Aşgabatdan habar berýär.
Konsert başlamazdan ozal tomaşaçylar 22-nji sentýabrda aradan çykan ajaýyp mugallym türkmen gyjak mekdebini esaslandyryjy Nikolaý Artemiýewiç Amiýantsyň hatyrasyny tutup, dymyp ýatladylar.
Konserti Osman Gujimow dutarda “Şirin Şeker” halk sazyny ýerine ýetirmek bilen açdy.
Tomaşaçylar konserwatoriýanyň dört ajaýyp aýdymçysynyň dürli repertuaryny diňlemek bagtyna eýe boldular.
Maýa Gullaýewa Edward Grigiň “Arzuw” we Modest Mussorgskiniň “Gopak” eserlerini ýerine ýetirdi. Bahar Durdyýewa Sergeý Rahmaninowyň "Musseden bölek" eserini we Georgiý Swiridowyň eserlerinden birini ýerine ýetirmek bilen begendirdi. Gulnar Nuryýewa Şarl Gunonyň “Margitanyň ariasy" we Sergeý Prokofýewiň "Geplegen" atly eserlerini ýerine ýetirdi.
Bibijemal Amanowanyň Luigi Arditiniň "Posa" aýdymyny ýerine ýetirmegi tomaşaçylary begendirdi. Şeýle-de, onuň Amangeldy Amanow bilen bile ýerine ýetirilen Rujero Leonkawallonyň "Paýasi" operasyndan Netta bilen Silwionyň söýgi sahnasyny hakykatdan opüşmek bilen tamamlamagy tomaşaçylaryň göwnünden turdy.
Amangeldy Amanow, özüniň haýran galdyryjy baritony bilen Salwatore Kardilonyň "Katari" aýdymyny hem ýerine ýetirdi.
Wladimir Mkrutumow pianoda Franz Şubert-Ferenz Listyň "Wena agşamlary" eserini ýerine ýetirdi.
Hemişe bolşy ýaly, esasy guramaçy we ylham beriji mugallym hem-de konsetmeýster Stella Faramazowa solistleri özüniň esasy hünäri bilen goldady we tutuş konsertiň dowamynda fortepianonyň başynda boldy.
Sazandalaryň hemmesi Stella Faramazowanyň çakylyklaryny elmydama kabul edýärler we öz zehinlerini tomaşacylara ussatlyk bilen hödürleýärler. 1-nji oktýabr Garrylar gününe-de gabat geldi. Konsertde Konserwatoriýanyň Uly zalynda ýygnananlaryň köpüsi bu ýaş kategoriýasyna degişlidi. Bu ýokary derejeli saz ussatlarynyň şeýle ajaýyp konsertleriniň "mugt" berilmegi býujeti çäkli pensionerler üçin örän ähmiýetli.
Konsertde hemişe bolşy ýaly, zehinli we uly geljege eýe bolan studentler öz halypalary bilen bilelikde çykyş etdiler. Bu gezek gyjakçylar Jemal Agajanowa Eduard Lalonyň "Ispan simfoniýasynyň" 3-nji bölümini we Seýran Ataniýazow Aram Haçaturianyň "Spartak" baletinden "Uly Adagio" eserini ýerine ýetirdi. Gyjakçylar duet hökmünde Oliwier Tusseniň kompozisiýasyny ussatlarça ýerine ýetirmek bilen Nikolaý Amiýantsyň gyjak mekdebiniň ýokary derejesini tassykladylar.
Konsertiň ahyrynda gatnaşyjylaryň hemmesi "Watan, Türkmenistan!" aýdymyny aýtdylar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum