Türkmenistanyň günbatar Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary Garaşsyzlyk baýramynda bir pursat kadalaşan ýaly bolup görnen pul nagtlaşdyrmak işleriniň gaýtadan kynlaşýandygyny aýdýarlar.
Şäher bankomatlaryndan pul nagtlaşdyrmakdaky kynçylyklaryň gaýtadan ýüze çykmagy býujet edaralarynyň işgärleriniň zähmet haklarynyň tölenilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.
“Býujet edaralarynyň işgärleriniň zähmet haklarynyň bank hasaplaryna geçirilmeginden soň, 10-njy oktýabrda gije bankomat nobatlaryna garaşýan adamlaryň sany köpeldi” diýip, bir balkanly ýaşaýjy aýdýar.
Azatlygyň habarçysy Türkmenistanyň “Halkbank”, “Senagat” we “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik banklarynyň şäher bankomatlarynda agşam sagat 9-dan soň, pul nagtlaşdyrmak nobatlarynyň emele gelip başlaýandygyny habar berýär.
Ýöne pul nagtlaşdyrmak meselesi, ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, diňe bir nobata durmak bilen çözülmeýär. Bankomat nobatynyň hem öz talaplary we berjaý edilmeli düzgünleri bar. Bank kartynyň eýesi şahsyýetini görkezýän pasportyny öz ýany bilen bankomat nobatyna alyp barmaly. Ýerli ýaşaýjylar diňe özlerine degişli bank kartlaryndan pul nagtlaşdyryp bilýärler, başga biriniň kartyndan pul nagtlaşdyrmakçy bolýan adamlar öz ýany bilen bankomata ynanç hatlaryny alyp barmaly. Ynanç hatlary ýerli notarial edaralary tarapyndan tassyklanan bolmaly.
Degişli maglumat Pensioner: Günde diňe 50 manat nagtlaşdyryp bilýärin“Kart eýesiniň resminamasyz bankomata goýberilmezligi, gartaşan adamlaryň, pensionerleriň ýa-da maýyp adamlaryň gijäň bir wagty bankomat nobatlarynda kösenmegine alyp geldi” diýip, bir balkanly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Bankomatlardan pul nagtlaşdyrmak bilen bagly resminama talaplary pensionerleriň ýa-da maýyp adamlaryň familiýasy bir bolan birinji derejeli hossarlaryna-da degişli bolup durýar. Meselem, penioner ýa-da maýyp raýatyň karty bilen onuň bankomatlardan pul nagtlaşdyrmak isleýän birinji derejeli hossary şäheriň notarial edaralaryndan garyndaşlyk gatnaşygyna güwä geçýän Ynanç hatyny almaly bolýarlar.
“Indi, notariusdan ynanç hatyny almaly. Ynanç hatyny almak üçin hem 50 manat artykmaç çykdajy etmeli bolýar” diýip, bir pensioner hossary Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Türkmen hökümetiniň ýurduň maliýe pudagyny sanly ulgama geçirmek tagallalary, göräýmäge, kagyz işleri bilen bagly goşmaça býurokratiýany, artykmaç dokument işlerini aradan aýyraýjak ýalydy, ýöne Türkmenistanyň maliýe pudagyna sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy, türkmenbaşyly ýaşaýjylaryň mysalynda görnüşi ýaly, öz ýany bilen täze resminama talaplaryny getirýär.
Galyberse-de, habarçymyzyň maglumatlaryna görä, raýatlaryň bankomatdan pul nagtlaşdyrmak işleriniň çak edilişinden uzaga çekýän halatlary hem ýüze çykýar. Şol bir wagtda, ýerli ýaşaýjylar bankomatlara az mukdarda pul goýulýandygyny aýdýarlar.
“500 adam nobata garaşýan bolsa, 50 töweregi adam bankomatdan pul nagtlaşdyryp bilýär” diýip, balkanly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Ýerli ýaşaýjylar bankomatlarda wagtal-wagtal tehniki problemalaryň hem ýüze çykýandygyny aýdýarlar.
Degişli maglumat Lebabyň sosial üpjünçilik edaralary derňelýär, bankomatlara ‘yzygiderli’ pul goýulýarBir tarapda bankomatlardan pul nagtlaşdyrmak bilen bagly problemalar dowam edýän mahaly, türkmenbaşyly ýaşaýjylar şäheriň çägindäki söwda nokatlarynda töleg terminallarynyň kadaly işlemeýändigini aýdýarlar.
Türkmenistanda raýatlaryň zähmet haklarynyň,döwlet kömek pullarynyň we pensiýalaryň bank hasaplaryna geçirilmegi birnäçe ýylyň dowamynda tapgyrlaýyn esasda amala aşyryldy. Ozallar nagt görnüşinde raýatlaryň ellerine gowşurylan aýlyk haklary we beýleki tölegler, häzirki wagtda ilatyň bank hasaplaryna geçirilýär.
Bu aralykda, Türkmenistanyň Merkezi banky ýaňy-ýakynda ýurtda bar bolan bankomatlaryň, töleg terminallarynyň hem-de bank kartlarynyň sany boýunça täze maglumatlary köpçülige ýetirdi.
Merkezi bankyň 1-nji oktýabrda täzelän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda ýurt boýunça 2148 bankomat bolup, olaryň 454 sanysy paýtagt Aşgabatda ýerleşýär. Şeýle-de, resmi sanlara görä, tutuş ýurt boýunça 41 müň 815 sany POS töleg terminallary bolup, iň köp töleg terminaly, 8 müň 32 sany POS maşyny “Türkmenistan” döwlet täjirçilik banky tarapyndan müşderilere hödürlenýär. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň özüniň 1 sany töleg terminaly bar ekeni.
Merkezi bankyň täzelän maglumatlaryna görä, ýurt boýunça 5 million 65 müň 976 sany bank karty türkmen banklary tarapyndan çykarylypdyr. Aşgabat şäheri iň köp bank kart ulanylýan sebit bolup, bu sebitde 1 million 747 müň 367 sany bank karty ulanylýar. Bu bolsa, mundan ozalky ýyllarda hödürlenen resmi sanlarda ilat sany 1 milliondan sähel gowrak hasaplanýan Aşgabatda, beýleki welaýatlar bilen deňeşdirilende, has köp bank kartynyň çykarylandygyny görkezýär.
Degişli maglumat Pul nagtlaşdyrmakda dowam edýän kynçylyklaryň arasynda bank işgärleri derňelýärŞeýle-de, ýurt boýunça 898 müň töweregi müşderi “Internet bank” hyzmatyna birikdirilipdir. Tutuş Türkmenistanda, Merkezi bankyň soňky hasabatyna görä, 57 müň 490 müşderi “Mobil bank” hyzmatyndan peýdalanýar. Ýurt boýunça iň köp “Mobil bank” ulanyjysy Lebap welaýatynda bolup, bu sebitde 15 müň töweregi adam banklaryň mobil goşundylaryndan peýdalanýarlar.
Merkezi bankyň sanlaryna görä, Balkan welaýatynda 279 sany bankomat, 5 müň 499 sany POS töleg terminaly, 532 müň töweregi bank karty bar. Şeýle-de, Balkan welaýatynda 138 müň töweregi müşderi “Internet bank” hyzmatyndan, 10 müň töweregi müşderi “Mobil bank” hyzmatyndan peýdalanýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.