Türkmenistanyň gündogaryndaky Lebap welaýatynda eýýäm iki aýdan hem aşa wagt bäri subsidirlenen önümleriň aglabasy ilata paýlanmaýar. Ýurtdaky ýiti ykdysady krizisiň arasynda gurpdan düşen adamlar degişlilikde arzan bahadan satylýan ‘paýok’ atlandyrylýan harytlara garaşly bolmagynda galýar.
“[Lebabyň dolandyryş merkezi] Türkmenabatda tomsuň aýagyndan bäri paýok önümleri, şol sanda un, pagta ýagy, towuk budy, ýumurtga dagy satuwdan aýryldy. Döwlet dükanlaryna, şol sanda paýok harytlaryny paýlaýan Lebabyň Söwda birleşiginiň ammarlary häzir boş dur” diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri 12-nji oktýabrda gürrüň berdi.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli atlandyrylmasyzlygyny soran söhbetdeşimiz ‘paýok’ önümleriniň çäginde häzir Russiýada öndürilen ösümlik ýagynyň satylýandygyny aýtdy. Şol bir wagtda, onuň bahasynyň hususyýetçileriň hödürleýän, hil taýdan has ýokary beýleki ýag önümleriniň nyrhyndan kän tapawut etmeýändigini hem belledi.
Degişli maglumat Türkmenabatda subsidirlenen bahadan azyk önümleri satylmaýar, Aşgabatda "arzan" çöregiň nyrhy ýokarlandy“Her aýda, paýok diýip, Russiýada öndürilen 1 litr günebakar ýagyny 31 manatdan satýarlar. Emma Türkmenabadyň ‘Gök bazarynda’ hil taýdan has gowy Russiýanyň beýleki ýag önümleri 33 manatdan näçe diýseň bar. Garaz, häkimiýetleriň ‘subsidirlenen’ diýýän önümleriniň käbiriniň bahalary hem indi hususyýetçileriň hödürleýän harytlary bilen deňleşiberdi, olary almakda kän many hem galmady” diýip, söhbetdeşimiz sözüne goşdy.
Ol seýrek ýagdaýlarda, öňünden yglan edilmezden, şäheriň käbir döwlet dükanlarynda çäkli ‘paýok’ önümleriniň peýda bolýandygyny, emma olaryň gysga wagtyň içinde gutarýandygyny belledi.
“11-nji oktýabrda Türkmenabadyň birnäçe döwlet dükanyna un paýogy geldi. Dessine ýüzlerçe adamlyk nobatlar döredi. Adamlaryň arasynda häli-şimdi dawa-jenjeller, hatda ýakalaşmalar hem ýüze çykdy. Ozalky tertibe laýyklykda, nobatdaky her bäş adamdan soň, maýyplyk derejesi bolan bir adama nobatsyz goşulmak rugsat berilýärdi. Emma bu gezek adamlar unuň gutarmagyndan howatyr edip, mümkinçiligi çäkli adamlara nobat bermejek bolup, goh turuzdylar. Birnäçe sagatdan soň, un ýene-de ýitirim boldy” diýip, söhbetdeşimiz nygtady, şeýle-de ýerli söwda resmileriniň paýok önümleriniň haçan gaýtadan geljekdigi barada takyk maglumat berip bilmändiklerini aýtdy.
Türkmenabadyň 40 ýaşlaryndaky ýaşaýjysy geçen hepde şäheriň bir döwlet dükanynda pagta ýagynyň çäkli ýagdaýda peýda bolandygyny, emma ony satyn almagy başaranlaryň ýagyň hiliniň juda ýaramazdygyny, ony birnäçe gezek köýdürseler-de erbet ysynyň aradan aýrylmaýandygyny gürrüň berendiklerini nygtady.
Degişli maglumat Türkmenabatda 'arzan' azygyň baýramçylykly satuwy boldyBu aralykda, azyk ýetmezçiliginiň we gytçylygynyň arasynda un we pagta ýagy ýaly önümleriň gara bazarlary hem peýda bolup başlady.
“Dükan tekjeleriniň aşagyndan pagta ýagy we ýerli un satylýar. Adatdakysyndan has gymmat bolsa-da, bu önümler entegem degişlilikde bazardakylardan has arzan hasaplanýar. Emma bu söwdagärleriň diňe ynam bildirýän adamlaryna berilýär. Mysal üçin, 1,5 litrlik pagta ýagy 50 manada ýerli restorandyr-kafeleriň wekillerine satylýar. Ýerli unuň 50 kg bir haltasy hem 500 manatdan bildirmän satylýar. Bazarlarda daşardan getirilen unuň bir haltasynyň bahasy 600 manatdan hem aşýar. Dükanlara daşyndan biri gelse, olary ‘paýok ýok’ diýip, yzyna gaýtarýarlar ” diýip, ýerli ýaşaýjy sözüni ýetirdi.
Ýokarky ýagdaýlar dogrusynda, şeýle-de paýok harytlarynyň aglabasynyň söwda tekjelerinden ýitirim bolandygy barada Lebabyň häkimliginden, şeýle-de söwda edaralaryndan maglumat ýa düşündiriş almak başartmady.
Galyberse-de, Azatlygyň ýurduň beýleki künjeklerindäki habarçylary eýýäm ençeme aýdan bäri ‘paýok’ önümleriniň köpçülikleýin paýlanmaýandygyny, seýrek ýagdaýda satuwa çykarylýan harytlaryň hiliniň hem juda ýaramazdygyny tassyklaýarlar.
Degişli maglumat Türkmenabadyň ýag zawody üç aý bäri işlemeýär, işgärler tölegsiz rugsada ugradyldyTürkmenistan ýurtda dowam edýän ykdysady çökgünligi we azyk gytçylygyny boýun almaýar, işsizleriň sanyny aýtmaýar we türkmenistanlylaryň döredijilikli zähmet çekmegi, önüm öndürmegi we öz durmuşyny gowulandyrmagy üçin ähli mümkinçiligiň döredilendigini öňe sürýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.