Häkimiýetleriň sanawyndaky adamlar Garaşsyzlyk mynasybetli tussag edilýär, çagalar kemsinýär

Polisiýa geýnüwli adamlar bir raýaty tussag edýär. Arhiw suraty. Türkmenistan.

Şu günler, Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň günbatar Türkmenbaşy şäherinde häkimiýetler narkologiýa dispanserlerinde hasapda duran raýatlary, şeýle-de spirtli içgilere garaşly adamlar hökmünde saglyk-dikeldiş merkezlerinde hasaba alnan raýatlary 10-15 gün möhlet bilen wagtlaýyn tussag edýär. Polisiýa işgärleri hasapda duran adamlary kä halatlarda çagalarynyň ýa-da agtyklarynyň gözüniň öňünde elini baglap, tussag edýärler. Ýerli ýaşaýjylar şeýle tussag etmeleriň çagalaryň ruhy saglygyna zyýan ýetirýändigini aýdýarlar. Şeýle-de, türme ilatynyň sany boýunça dünýäde iň öňdäki hatarlarda bolan Türkmenistanda polisiýa işgärleri ozal tussaglykdan boşan raýatlardan 25-nji sentýabr – 28-nji sentýabr aralygynda, Garaşsyzlyk baýramy geçýänçä, öýlerinden çykmazlygy talap edýärler.

Azatlygyň habarçysy sebitde arassalaýyş işleriniň 18-nji sentýabrda başlanandygyny habar berýär. Şeýle-de, Türkmenbaşy şäherinde döwlet tarapyndan “spirtli içgilere garaşly adamlar” hökmünde hasaba alnan raýatlar 15 gün möhlet bilen Bekdaşdaky wagtlaýyn tussaghana ýerleşdirilýärler.

Degişli maglumat Dürli milletleriň wekilleri milli geýimde we öz hasabyna prezidentiň kakasynyň ýas çäresine ugradylýar

Mundan başga-da, sebitiň narkologiýa dispanserlerinde hasapda duran adamlar hem wagtlaýyn tussag edilýärler. Häkimiýetler giň gerimli “arassalaýyşy” howpsuzlyk çäresi atlandyrýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy häkimiýetleriň bu çäreleri “bidüzgünçilikleriň öňüni almak maksady bilen” diýip düşündirýändiklerini habar berýär.

“Olary 10-15 gün wagtlaýyn tussaghanalarda saklaýarlar. Şeýle-de, şäher polisiýasy uzak möhletli türme tussaglygyndan boşap gelen öňki bendilere 25-nji sentýabr – 28-nji sentýabr aralygynda öýlerinden çykmazlygy tabşyrdy, olardan dilhaty alyndy” diýip, Azatlygyň çeşmesi maglumat berdi.

Türkmenistanda 30 ýyl garaşsyzlygyň dowamynda onlarça müň adam türmeden geçdi. Heniz hem Türkmenistan türme ilatynyň sany boýunça dünýä ýurtlarynyň arasynda iň öňdäki orunlary eýeleýär. “World Prison Brief” neşiriniň 2021-nji ýyl boýunça ýanwarda çap eden soňky sanlaryna görä, Türkmenistan türme ilatynyň sany boýunça dünýäde üçünji orunda durýar.

Häkimiýetler türmeden boşadylan raýatlary “garandonly adamlar” hasaplaýarlar we polisiýa bölümlerinde olaryň sanawyny ýöredýärler, şeýle-de ýurduň saglygy dikeldiş dispanserlerinde ozal neşe serişdelerine we spirtli içgilere garaşly bolan adamlaryň hem sanawy ýöredilýär.

Bulardan başga-da, adam hukuklary boýunça halkara hasabatlar awtoritar Türkmenistanda “özge pikirli” adamlaryň hem “gara sanawynyň” ýöredilýändigini, şeýle raýatlar toparynyň hem hereket çäklendirmeleri ýaly dürli çäklendirmelere sezewar edilýändigini habar berýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy ozal kazyýet jogapkärçiligine çekilen adamlaryň hökümet tarapyndan “garadonly adamlar” hökmünde yzarlanylýandygyny, bu sanawa ozal neşe serişdelerine we spirtli içgilere garaşly bolan adamlaryň hem goşulýandygyny habar berýär.

“Bir ýerde ogurlyk ýa-da başga jenaýat bolsa, sanawdaky adamlary çagyrýarlar, sorag edýärler” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Degişli maglumat Baýramçylykdan öň arakhorlar ýygnalýar, sütem çagalaryň gözüniň öňünde edilýär

“Olaryň ýaş çagalarynyň, agtyklarynyň gözüniň öňünde elleriniň daňylyp alynyp gidilmegi çagalaryň ruhy saglygyna ýaramaz täsir edýär” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy we ýaş çagalaryň kemsitmelere sezewar bolýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Häkimiýetleriň irki ýyllarda 27-nji oktýabrda gutlap, soň bolsa 27-nji sentýabra geçiren garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli, Azatlygyň habarçysy, beýleki welaýatlaryň ýaşaýjylarynyň hem Türkmenbaşy şäherinden kowulýandygyny habar berýärler.

Türkmenistanda möhüm baýramçylyklaryň öň ýany häkimiýetleriň sanawyndaky adamlara, şol sanda narkologiýa dispanserlerinde hasapda duran adamlara garşy yzarlamalar güýçlenýär.

Synçylar awtoritar türkmen režiminiň ilat arasynda giň ýaýran işsizlige, ykdysady kynçylyklara garşy göreşmän, işsizligiň we ykdysady kynçylyklaryň, galyberse-de, syýasy we raýat azatlyklarynyň çäklendirilmeginiň, raýatlaryň durmuşynyň ähli ugurlarynyň häkimiýetler tarapyndan demikdiriji usullar bilen gözegçilik astynda saklanylmagynyň netijesinde emele gelýän sosial problemalar boýunça öz raýatlaryna basyş edýändigini, olary yzarlaýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramy soňky dört ýyl bäri her ýylyň 27-nji sentýabrynda bellenilýär. Ýöne ondan ozal, Türkmenistan Garaşsyzlyk gününi her ýylyň 27-nji oktýabrynda belleýärdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.