Türkiýe Türkmenistanyň raýatlary üçin wizasyz syýahat düzgünini ýatyrdy. Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň 13-nji sentýabrda gol çeken degişli karary Türkiýe respublikasynyň “Resmi Gazete” döwlet portalynda çap edildi.
Erdogan Türkiýäniň "Daşary ýurtlular we Halkara gorag hakynda" kanunynyň 18-nji maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlarynyň 30 gün möhlet bilen Türkiýä wizasyz syýahat etmeklerine rugsat berýän düzgüni ýatyrdy.
Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkiýe respublikasyna wizasyz syýahat düzgüni Türkiýäniň Ministrler kabinetiniň 2007-nji ýylyň 19-njy iýulynda kabul eden karary bilen ýola goýulypdy.
Türkiýede 2013-nji ýylda kabul edilen “Daşary ýurtlular we Halkara gorag hakynda” kanunynyň 18-nji maddasy prezidente daşary ýurt döwletleriniň raýatlary üçin wizasyz syýahat düzgünlerini ýatyrmaga ygtyýar berýär.
Degişli maglumat Türkiýede bikanun türkmen migrantlary saklanýar, deportasiýa edilýärBiraz ozal, 3-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin beýanat çap edip, türkmen tarapynyň Türkiýe respublikasynyň döwletinden öz raýatlaryna “dürli görnüşli wiza düzgünleriniň girizilmegini” sorandygyny mälim etdi.
Ministrlik türkmen tarapynyň haýyşyny Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkiýe respublikasynda bolmaklary bilen bagly düzgünleri kämilleşdirmek we ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen diýip esaslandyrdy.
Ýöne synçylar türkmen tarapynyň Türkiýe döwletinden eden haýyşyny öz raýatlarynyň halkara hereketini mundan-da beýläk çäklendirmek synanyşygy bilen düşündirýärler.
Bu aralykda, “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri “Gateway International” firmasynyň türkmen raýatlary üçin Türkiýe döwletine wiza almak hyzmatyny hödürläp başlandygyny habar berýär.
Firmanyň resmi web sahypasyna görä, araçy firma, meselem, Türkiýä syýahatçylyk wizasyny almak üçin türkmen raýatlaryndan 15 töweregi resminama talap edýär.
Galyberse-de, Türkmenistanyň milli daşaýjysy, “Türkmenistan” howa ýollary kompaniýasy heniz Türkiýe ugry boýunça kadaly uçar gatnawlaryny dikeltmedi. Ýöne “Türkhowaýollary” we “Türkmenistan” howa ýollary kompaniýalarynyň her haýsy sentýabryň dowamynda iki ýurduň arasynda dokuz töweregi çarter gatnawlaryny amala aşyrýandyklaryny yglan etdiler.
Degişli maglumat Türkmenistan Türkiýeden türkmen raýatlary üçin wiza düzgünini girizmegi soradyBu aralykda, türk häkimiýetleri Türkiýede bikanun ýaşaýan türkmenistanlylary saklap, deport edip başlady.
Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Türkiýeden deport edilen 100-den gowrak türkmenistanlynyň 7-nji sentýabrda “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň uçary bilen Türkmenabada getirilendigini habar berdi.
Munuň yz ýany, Azatlyk Radiosynyň Türkiýedäki çeşmesi 11-nji sentýabrda Stambuldan Türkmenistana ýene 50 raýatyň deport edilendigini habar berdi.
Türkiýäniň Migrasiýa edarasynyň sanlaryna görä, 230 müňden gowrak türkmenistanly kanuny rugsat bilen Türkiýede ýaşaýar. Resmi däl çeşmeler Türkiýedäki türkmenleriň umumy sanynyň, şol sanda bikanun ýaşaýan türkmenistanlylaryň resmi sanlardan ençeme esse ýokarydygyny çaklaýar.
Türkmenistanda soňky ençeme ýyl bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklar we giň ýaýran işsizlik ýüzlerçe müň türkmenistanlyny eklenç gözleginde daşary ýurt döwletlerine, hususan-da türkmen raýatlaryndan şu wagta çenli 30 gün möhlet bilen wiza talap etmedik Türkiýe döwletine çykmaga iterdi.
Türkmen hökümetiniň Türkiýe döwletinden öz raýatlaryna wiza girizmegi haýyş etmegi we munuň netijesinde Türkiýäniň türkmenistanlylary wizasyz syýahat düzgüninden mahrum etmegi synçylarda we türkmen dilli sosial media ulanyjylarynyň arasynda sorag döredýär.
Degişli maglumat Ilki-ilkiler “bir millet – iki döwlet” şygary bilen batlanan türkmen-türk gatnaşyklaryna gysga synTürkmenistanly synçy Serdar Aýtakow iki ýurduň arasynda wiza režiminiň girizilmeginiň birnäçe maksada gulluk edýändigini aýdýar.
"Häkimiýetler wiza režimini girizmek bilen, zähmet migrasiýasyny azaltmagy we Türkiýede eýýäm mesgen tutanlar bilen arany kesmegi maksat edinýärler. Hiç kimiň yzyna gaýdyp gelmek ähtimallygy ýok we häkimiýetleriň olara mätäçligi hem ýok, resmiler bu kategoriýadaky adamlary ygtybarly däl raýatlar hasaplaýarlar" diýip, Aýtakow senýabryň birinji hepdesinde Azatlyk Radiosyna teswir berdi.
"Beýleki hökümetler öz raýatlary üçin wiza režiminiň ýatyrylmagyny haýyş edip ýüzlense, biziň döwletimiz gaýtam tersini edýär. Olar öz halkynyň gününi has-da kynlaşdyrmak üçin Türkiýeden türkmenistanlylar üçin wizasyz režimi ýatyryp, wiza düzgünini girizmegi soraýarlar" diýip, bir sosial media ulanyjysy aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNu lgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.