Öýsüz itleri tutýan gulluklaryň haýwanlara rehimsiz çemeleşilmegine garşy çykyşan türkmenabatly ýaşaýjylar häkimiýetleriň basyşyna sezewar bolýarlar. Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy we çeşmeleri häkimiýetleriň itlere rehimsizlik meselesine seretmek wadasynda tapylmandygyny we raýatlary şikaýatyndan el çekdirmek isleýändigini habar berýärler.
"Prokuraturada haýwanlary goraýan aktiwistlerden 'kapasalaryň ýok edilendigi' sebäpli arzalaryny yzyna almagy haýyş etdiler diýip, Azatlygyň Türkmenabatdaky habarçysy 12-nji sentýabrda aýtdy we işi ýapmak üçin olaryň prokuratura çagyrylandygyny habar berdi.
Şäheriň ýaşaýjylarynyň kanun goraýjy edaralara ýüzlenmegine bu şäherde itleriň köpçülikleýin rehimsiz ýok edilmegi sebäp bolupdy. Munuň yzýany köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we sosial ulgamlarda ençeme maglumatyň we wideonyň peýda bolmagyndan soň, Türkmenabadyň häkimiýetleri käbir çäreleri görüp başladylar we raýatlar bilen gepleşiklere taýýarlyk bildirdiler. 25-nji awgustda haýwanlary goraýan aktiwistler Türkmenabatda itleriň saklanýan ýerzemininiň girelgelerindäki demir gözenekleriň aýrylandygyny habar beripdiler.
Degişli maglumat Itler, pişikler, kepderiler. Janly-jandarlar türkmen häkimiýetleriniň göz astynda galýarHaýwanlary goraýan ýaşaýjylar Türkmenbadyň häkimiýetleriniň rehimsizlige garşy gören çäreleriniň munuň bilen çäklenendigini aýdýarlar. Ýerli häkimiýetler tarapyndan wada berlen ýaşaýjylar bilen duşuşyk bolmandyr. Azatlygyň habarçylary awgust aýynyň ahyrynda idegsiz haýwanlar üçin penahana döretmek haýyşy bilen administrasiýa ýüz tutan türkmenabatly ýaşaýjylara häkimlikden jaň edilendigini we olar bilen duşuşmagyň wada berlendigini habar beripdi. Şol duşuşyk 8-nji sentýabrda planlaşdyrylypdy.
"Bu wadalygyna galdy, ýygnak bolmady we prokuratura hat itleriň ýok edilmegi we olara rehimsizlik sebäpli ýazylypdy. Kapasalar ýok edildi - netije munuň bilen çäklendi, başga talaplar kabul edilmedi. Olardan mundan beýläk şikaýatyň ýokdugy soraldy, emma aýallar razy bolmady" diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.
Azatlyk Radiosy Türkmenabat şäheriniň häkimliginden maglumat alyp bilmedi.
Iki aýlap haýwanlary tutýan gulluklar we jemagat gulluklaryň işgärleri köçelerde itleri tutmak we ýok etmek işlerine gatnaşdy. Käbir halatlarda itler ýaşaýjylaryň, şol sanda çagalaryň gözüniň öňünde urlup öldürildi, diri galan itler ýerzeminlerdäki kapasalara taşlandy, jandarlar plastik haltalarda demigip jan berdi.
Bu aralykda, ýurduň dürli şäherlerinde itleri ýok etmek boýunça işler dowam etdirilýär. Türkmenabatdaky çeşmelere görä, indi bu ýerde itler şäheriň daşyna äkidilýär.
"Türkmenabatda itler çöle äkidilýär we şol ýerde öldürilýär. Ýöne ýaşaýjylaryň nägilelik bildirmeýän ýerlerinde, mysal üçin Komsomolskiý diýilýän etrapçada itleriň aç-açan we rehimsizlik bilen öldürmegi dowam etdirilýär" - diýip, habarçymyz aýdýar.
Degişli maglumat Türkmenabadyň häkimiýetleri itler üçin kapasalary ýok etdi, ýaşaýjylar bilen duşuşmagy wada berdiTürkmenistanyň beýleki sebitlerinden gelen habarlara görä, häzirki wagtda Balkanabatda itleri tutmak we köpçülikleýin öldürmek boýunça çäreler dowam edýär.
Iýul aýynda ýurta itlere rehimsizligi gadagan edýän "Itleri köpeltmek we kinologiki işler barada" kanun kabul edildi. Kanunyň 41-nji maddasynda bu kanunçylygyň bozulmagynda günäkär şahslaryň "Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilik çekýändigi" aýdylýar, ýöne jeza çäreleriniň jikme-jikleri aýdyňlaşdyrylmaýar.
Ýurtda idegsiz itleri ýok etmegiň ýene bir tolkunynyň fonunda kabul edilen bu kanuny aktiwistler ikiýüzlilik diýip atlandyrdylar.
Täze kanun eýesiz we ýabanylaşan itleriň tutulmagynyň zyýansyzlandyrma işlerini, öňüni alyş sanjymlaryny, weterinariýa gözegçiligini geçirmek we öňki ýaşaýan ýerine gaýtaryp getirmek ýa-da penahanalara ýerleşdirilmek ýaly maksatlary göz öňünde tutýar.
Degişli maglumat Dar kapasada, aç-suwsyz ölüm. Haýwanlara rehimsizlik dowam edýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.