Türkiýe türkmenistanlylar üçin wizasyz syýahat düzgünini heniz ýatyrmady

Stambulyň halkara aeroporty. Illýustrasiýa suraty.

Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky wizasyz syýahat düzgüni heniz öz güýjünde galýar. Azatlyk Radiosynyň Türkiýedäki habarçysy 8-nji sentýabrda özüniň şu hepdäniň dowamynda Türkmenistandan Stambula gelen birnäçe türkmenistanly bilen söhbetdeş bolandygyny habar berdi. Türkiýä aşan türkmenistanlylar Stambulyň aeroportynda özlerinden wiza soralmandygyny we ýurda bökdençsiz girendiklerini aýdýarlar.

Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda pandemiýa döwründe ýatyrylan kadaly uçar gatnawlary heniz ýola goýulmady. Ýöne biraz ozal, "Türkhowaýollary" we "Türkmenistan" howa ýollary kompaniýalarynyň her haýsy sentýabr aýynyň dowamynda iki ýurduň arasynda dokuz uçar gatnawyny amala aşyrýandyklaryny yglan etdiler.

3-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi türkmen raýatlary üçin dürli görnüşli wiza düzgüniniň girizilmegini sorap, Türkiýe döwletine ýüz tutandygyny mälim etdi.

Daşary işler ministrliginiň bu beýanaty türkmen raýatlarynyň arasynda iki ýurduň arasyndaky wizasyz syýahat düzgüniniň ýatyrylmak ähtimallygy barada alada döretdi.

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň resmi web saýtyna görä, Türkmenistanyň raýatlary heniz hem 30 gün möhlet bilen Türkiýä wizasyz syýahat edip bilýärler. Ministrligiň resmi web saýty bu maglumata heniz hiç hili üýtgeşme girizmedi.

Türkiýe 2007-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanyň raýatlary üçin 30 gün möhlet bilen wizasyz syýahat düzgüniniň girizilýändigini birtaraplaýyn yglan etdi. Geçen 15 ýylyň dowamynda Türkiýe ylym-bilim, iş, eklenç gözlegindäki ýüzlerçe müň türkmenistanlynyň ikinji öýüne öwrüldi.

Türkiýäniň Migrasiýa edarasynyň 1-nji sentýabrda çap eden sanlaryna görä, 220 müňden gowrak türkmenistanly kanuny ýaşaýyş rugsatnamasy esasynda Türkiýede ýaşaýar. Student we maşgala wizalary hasaba goşulanda, bu san 230 müňe golaýlaýar. Türkiýede bikanun ýaşaýan türkmenistanlylaryň sanynyň resmi statistikalarda aýdylşyndan ençeme esse ýokarydygy çaklanýar.

Degişli maglumat Çeşme: Aşgabat Türki geňeşe agza bolmak üçin, protest hereketleriniň basylyp ýatyrylmagyny talap edýär 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi türk döwletinden eden haýyşyny “Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkiýe Respublikasynda bolmaklary bilen bagly düzgünleri kämilleşdirmek we ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen” diýip esaslandyrdy.

Soňky ýyllarda, hususan-da global koronawirus pandemiýasy döwründe Türkiýede ýaşaýan türkmenistanlylaryň syýasy we raýat işjeňligi ýokarlandy. Eklenç aladalary sebäpli Türkiýede ýaşaýan türkmen migrantlary öz hökümetleriniň Türkmenistandaky durmuş-ykdysady problemalara çözgüt tapmaýşyndan nägile bolup, Stambulyň dürli sebitlerinde ençeme protest aksiýalaryny geçirdiler. Türkmen migrantlarynyň arasyndaky protest hereketiniň işjeňleşmeginiň yzysüre, häkimiýetler Türkiýedäki migrantlary nyşana alyp başlady. Protest hereketine gatnaşan türkmenistanlylaryň Stambulda, görnüşinden, türkmen häkimiýetleri tarapyndan hakyna tutulan näbelli hüjümçiler tarapyndan ýenjilen halatlary, türkmen aktiwistleriniň türk polisiýasy tarapyndan tussag edilen ýagdaýlary we olaryň deportasiýa merkezlerinde saklanan halatlary boldy.

Munuň yz ýany, sosial mediada Türkmenistanyň raýatlary üçin Türkiýäniň wizasyz syýahat düzgünini ýatyrmak ähtimallygy barada maglumatlar peýda bolup başlady.

Galyberse-de, wizasyz syýahatyň ýatyrylmak ähtimallygy türkmenleriň arasynda ýurt içinde hem alada döretdi.

Türkmenistanda hususan-da maddy mümkinçilikleri pes bolan ençeme maşgalalar, erkekler, aýallar, çagalar we garrylar Türkiýede zähmet çekip, gazanç edýän dogan-garyndaşlarynyň, ýakyn hossarlarynyň goldawyna mätäç galýar.

Türkmenistanly bir okyjy 6-njy sentýabrda Azatlyk Radiosyna iberen hatynda köp sanly türkmenleriň Türkiýä wizasyz syýahat düzgüniniň ýatyrylmak ähtimallygyndan nägile bolýandyklaryny gürrüň berdi.

Degişli maglumat Adam hukuklaryny goraýjy 33 gurama Türkiýeden türkmen aktiwistleriniň yzarlanmagynyň öňüni almagy talap edýär

Lebaply ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, Türkiýäniň türkmen raýatlary üçin wizasyz syýahat düzgünini ýatyrmagynyň, ilkinji nobatda, eklenji az, sosial taýdan goragy bolmadyk, işsizlikden ejir çekýän maşgalalara zarba urmagyndan howatyr edilýär.

Azatlyga hat iberen okyjy diňe Lebap welaýatynyň özünde on müňlerçe raýatyň, şol sanda çagalaryň we garrylaryň Türkiýede ýaşaýan ýakyn hossarlarynyň hasabyna gün-güzeran aýlaýandyklaryny aýdýar.

Şeýle-de, okyjy öz hatynda Türkiýe bilen arada gaýtadan wiza düzgünleriniň girizilmeginiň türkmen telekeçileriniň işine, galyberse-de, gara bazardaky walýutanyň ýagdaýyna hem täsir etmek ähtimallygyna alada bildirýär.

Bellesek, Türkiýede zähmet çekýän türkmen migrantlary Türkmenistana iberýän pullaryny köplenç walýuta görnüşinde elden iberýär.

Türkmenabatly bir mugallymanyň sözlerine görä, şäherdäki mekdep okuwçylarynyň aglabasynyň ýa atasy, ýa enesi, käte ikisi hem Türkiýede gazanç edýän migrantlar bolup durýar.

“Eger häkimiýetleriň täze wiza talaby ýatyrylmasa, onda ol, öz gezeginde ençeme mekdep okuwçylaryny hem ene-atasynyň ýardamyndan mahrum eder. Çünki, wizasy bolmadyk on müňlerçe türkmen raýaty yzyna gaýtarylar, ýene müňlerçesi Türkiýeden iş wizasy üçin zerur bolan çakylyk hatyny we wizany almakda kynçylyk çekip, ýurtdan çykyp bilmez” diýip, türkmenabatly mugallyma aýdýar.

Degişli maglumat Türkiýede türkmen aktiwistlerine basyş edilýär

Şol bir wagtda, synçylar Türkiýe bilen Türkmenistan aradaky hereketiň çäklendirilmeginiň ýapyk Türkmenistanda maglumat elýeterliliginiň has-da gysylmagyna ýol açyp biljekdiklerini aýdýarlar.

“Türkmenistanyň alyp barýan üzňelik we berk senzura, ýapyklyk we diýdimzor syýasaty ýurduň raýatlarynyň daşarky dünýä bilen gatnaşyklaryny umuman ýok etmäge gönükdirilendir. Çünki, hut Türkiýe bilen 30 günlük wizasyz syýahat düzgüni bar mahaly Türkmenistana daşarky dünýäden erkin habarlar we maglumatlar dürli fleş kartlaryň üsti bilen, ýa-da umuman Türkiýeden gelýän adamlaryň üsti bilen dilden-dile geçip, ilat arasyna aralaşýardy. Soňkuja galan ýüpi gyrkmak bilen, raýatlaryň erkin maglumat almak, erkin hereket etmek hukuklary ýok edilýär” diýip, pensiýadaky žurnalist aýdýar.

Türkmenistanyň pasporty bilen häzirki wagtda sanlyja ýurda, şol sanda Türkiýä wizasyz girip bolýar.

Türkmen raýatlarynyň wiza meseleleri boýunça Azatlyk Radiosynyň Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasyndan elektron poçta arkaly we telefon arkaly kommentariý almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermeýär.

Degişli maglumat Türkmen aktiwistlerini yzarlamagy ‘bes etmeli’

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.