G.Berdimuhamedow Mara bardy. Howpsuzlyk güýçlendirildi, köçeler ýapyldy

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

3-nji sentýabrda Türkmenistanyň öňki prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Onuň bu sapary bilen bagly, welaýatda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi, köçeler ýapyldy we giň gerimli arassaçylyk işleri geçirildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçylary maglumat berdiler.