Itlere rehimsizligi gadagan edýän kanuny kabul eden Türkmenistan, köçelerde her gün tutulýan we öldürilýän, kapasalara we plastik paketlere salnyp, uzak wagtlap agyr ölüme sezewar edilýän öý haýwanlaryna rehimsizligiň dowam etmegini äsgermezlik edýär. Bu aralykda, itler baradaky kanunyň kabul edilmegi, ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýetiniň öý haýwanlaryna rehim-şepagaty wagyz edýän çärelerine gabat geldi.
17-nji awgustda Änewde ýerleşýän "Arassa penje" we "Ömür ber" atly iki sany hususy penahanalara ÝB-niň wekiliýetiniň işgärleri we meýletinçiler tarapyndan sapar edildi. Ýerli media serişdeleriniň habar berişi ýaly ÝB-niň wekilleri Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti we meýletinçiler topary bilen bilelikde bu penahanalarda saklanýan haýwanlar üçin azyk we derman sowgat beripdir.
ÝB-niň Aşgabatdaky wekiliýetiniň Azatlyk Radiosyna habar bermegine görä, olar baryp görmek üçin haýwanlara gowy garaşyk etmekde ýokary baha berlen penahanalary saýlapdyr.
Degişli maglumat ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýeti baryp görmek üçin "göreldeli" penahana saýladyÝB-niň Aşgabatdaky wekiliýeti Azatlygyň soraglaryna elektron poçta arkaly ýazmaça jogap berdi. Redaksiýa we wekilhananyň metbugat sekretary soraglar we jogaplar bilen birnäçe gezek habar alyşdy. 22-nji awgustda Azatlyga ÝB wekiliýetinden goşmaça soraglara jogap gowuşdy. Soraglar we jogaplar üýtgemezden çap edilýär.
Azatlyk Radiosy: ÝB-niň wekiliýeti Aşgabadyň demirgazygynda itleriň we pişikleriň köp mukdarda getirilip, iýmitsiz we suwsyz ölýän "Angar" diýilýän ýer barada eşitdimi? Şeýle bolsa, kampaniýa şu ýere barmaga synanyşdymy?
ÝB-niň wekiliýeti: ÝB-niň delegasiýasy "Angaryň" töweregindäki ýagdaýdan habarly. Has giňişleýin düşündiriş aşakda.
Azatlyk Radiosy: Näme üçin kampaniýa diňe “haýwanlara bolan garaýyşlary bilen giňden tanalýan” penahanalara baryp görmek kararyna geldi?
ÝB-niň wekiliýeti: Kampaniýanyň maksady öý haýwanlaryna we haýwanlara hoşniýetliligi wagyz etmek we köpçülikleýin mahabatlandyrmak, şeýle hem ýerli jemgyýeti öýsüz haýwanlaryň gaçybatalgasy üçin mobilizlemekdi. ÝB-niň wekiliýetiniň işleri wagtlaýyn ynanylan hanym Renata Wrubeliň aýdan sözünde aýdylyşy ýaly “Biziň maksadymyz haýwanlara we öý haýwanlaryna ideg etmegiň adamlary has açyk we gowy edýändigini görkezmekdi ... Öý haýwanlarymyz we haýwanlarymyz emläk däl-de, janly jandarlar. Çagalara öý haýwanlaryna ideg etmegiň we ähli haýwanlara hoşniýetli bolmagyň gündelik durmuşymyzyň bir bölegi bolmalydygyny görkezmek gaty möhümdir. Haýwanlaryň abadançylygy we idegsiz haýwanlar babatynda adamkärçilikli syýasatyň işlenip, düzülmegi döwletiň jogapkärçiligidir. Haýwanlara ideg etmek islendik sagdyn jemgyýetiň durmuşynyň bir bölegidir”.
Degişli maglumat Dar kapasada, aç-suwsyz ölüm. Haýwanlara rehimsizlik dowam edýärAzatlyk Radiosy: Näme üçin ÝB-niň delegasiýasy diňe türkmen hökümetiniň kanun kabul edenden soň haýwan hukuklary bilen gyzyklandy? Näme üçin mundan öň däl, ýogsa Türkmenistanda itler we pişikler ençeme ýyl bäri öldürilýär?
ÝB-niň wekiliýeti: Kampaniýa ýylyň başyndan bäri meýilleşdirilýär. Bu kanunyň kabul edilmegine gabat geldi. Şeýle-de bolsa, institusional derejede bolmasa-da, ÝB-niň wekiliýetiniň we ÝB-niň aragatnaşyk bölüminiň öňki işgärleri haýwanlaryň hukuklaryny goramak işine işjeň gatnaşdylar. Geçmişde ÝB-niň wekiliýeti we ÝB-niň aragatnaşyk bölüminiň öňki işgärleri Türkmenistanyň hökümetiniň ministrlik derejesinde haýwan hukuklaryny öňe sürmek meselesini gozgadylar. Mysal üçin, 2019-njy ýylda ÝB bilen aragatnaşyk bölüminiň ýolbaşçylary idegsiz haýwanlaryň öldürilmegine alada bildirdi we bu tejribäniň bes edilmegini talap etdi. ÝB-niň aragatnaşyk bölümi haýwanlary goraýjylar bilen yzygiderli maslahatlaşýardy we haýwanlaryň gaçybatalgalaryna baryp gördi.
Ozal habar berlişi ýaly, 1-10-njy awgust aralygynda ÝB-niň wekiliýeti yglan eden kampaniýasynda Türkmenistanyň raýatlaryny öz öý haýwanlaryna ýa-da eýesiz galan haýwanlara ideg edýän suratlaryny we wideolaryny Instagram-da ýerleşdirmäge çagyrdy. Habarda "öý haýwanlaryna has mähirli bolmak" çagyryşy edildi we Türkmenistanda "It köpeltmek we kinologiki işler" baradaky ýakynda tassyklanan kanuna goldaw mälim edildi.
Itlere rehimsizligi gadagan edýän "Itleri köpeltmek we kinologiki işler barada" kanunyň teksti 26-njy iýulda döwlet metbugatynda çap edildi. Şol bir wagtyň özünde, türkmen häkimiýetleri ýurtda haýwanlara edilýän zalymlyk baradaky habarlary äsgermezlik etmegini dowam etdirýärler.
ÝB-niň wekilleriniň itler üçin penahanalara saparynyň öňüsyrasynda Aşgabatdaky we Türkmenabatdaky haýwanlary goraýjylar itleriň tutulmagy we öldürilmegi bilen baglanyşykly köp sanly wakany habar berdiler. Aktiwistler problemaly ýerlere baryp görmegiň hakyky meseleleri ýüze çykaryp, rehimsizligiň soňuna çakmak üçin goşant goşup biljekdigine, şeýle-de daşary ýurtly wekilleriň haýwanlara rehim-şepagat meselesine üns bermeginiň Türkmenistanda haýwanlara zulum edilmeginiň öňüni alyp biljekdigine umyt bagladylar.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.