Býujet işgärleri: Aýlyklar 10% köpelse, tutumlar we ýygnalýan pullar ondan-da köp artýar

Turkmenistan. Woman with child in the park. Mask. Сhildren's car. Ashgabat. May, 2022

Türkmenistanda zähmet haklary her ýyl 10% köpeldilýär, ýöne hakykatda aýlyklar artman, öňküsi ýaly saklanyp galýar. Sebäbi aýlygyň ýokarlanmagy bilen, býujet işgärlerinden tutulýan tutumlaryň we ýygnalýan pullaryň möçberi hem artýar diýip, býujet işgärleriniň ençemesi Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna gürrüň berdi.

Soňky 10 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi her ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap 10% köpeldilýär we bu baradaky karar alty aý öňünden, iýulda yglan edilýär.

Şu ýyl türkmen prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu baradaky karara 8-nji iýulda gol goýdy. Permana görä, 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň; pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň; talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri 10% ýokarlandyrylar.

Degişli maglumat Maryda ýollaryň arassaçylygy býujetçileriň hasabyna 'üpjün edilýär'

Ýöne habarçylarymyz bilen söhbetdeş bolan býujet işgärleriniň ençemesi her ýyl aýlyklaryň ýokarlanmagy bilen, özlerinden tutulýan tutumlaryň we ýygnalýan pullaryň möçberiniň hem artýandygyny aýdýarlar.

"Aýlyklar her ýyl 10% köpeldilse, tutumlar we ýygnalýan pullar ondan-da köp artýar. Her ýyl birinji aýyň aýlygyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Ýöne aýlygyň bank kartyňa geleninde onuň tas öňki möçberdedigini bilip galýarys. Edaranyň hasapçysy munuň sebäbini saglyk, pensiýa we sosial tutumlarynyň hem artdyrylandygy bilen düşündirýärler. Üstesine-de, işgärlerden ýygnalýan näresmi pullaryň möçberi hem ýyly-ýylyna artýar. Aýyň soňunda elimizde galýan zähmet hakymyzyň öňki ýyldakydan tapawutlanmaýandygyny bilip galýarys" diýip, bir býujet işgäri anonimlik şertinde 17-nji awgustda gürrüň berdi.

Bellesek, Türkmenistanda býujet işgärleri bag nahallaryny satyn almak, pagtanyň çürtüm işleri, pagta ýygymy ýaly dürli maksatlar üçin ýylyň dowamynda onlarça gezek pul goşmaga mejbur bolýarlar. Azatlygyň habarçylary bular barada yzygiderli habar berýärler.

Soňky ýyllarda häkimiýetleriň pul ýygnamak çäreleriniň üstüne täze talaplar hem goşulýar. Hakimiýetler ýollaryň we köçeleriň arassaçylygyny hem býujetçileriň hasabyna üpjün etmäge çalyşýarlar. Geçen aý Marydaky habarçylarymyz häkimiýetleriň jemagat işgärlerini azaldyp, köçeleriň arassaçylygy üçin hakyna adam tutýandygyny we olar yň zähmet haky üçin býujetçilerden pul ýygnaýandygyny habar berdiler.

Degişli maglumat Maryly býujetçilerden ýene pul ýygnalýar. Bu gezekki serişde gowaçanyň otag işleri üçin alynýar

Bu ýyl Balkanyň we Marynyň häkimiýetleri döwletiň gurbanlyk sadakalaryny hem býujetçileriň hasabyna berdiler.

Galyberse-de, býujet işgärleri aýlyklaryň ýokarlandyrylmagy bilen, köp edara-kärhananyň işgärleriň alýan goşmaça töleglerini kesýändigini hem aýdýarlar.

"Edara ýolbaşçylary bir ýyl aýlyk ýokarlandyrylanda, goşmaça işleýän sagatlarymyzy ýatyryp, onuň töleglerini kesýärler. Beýleki ýyl bolsa, olar gije işlän işgärleriň töleglerini we goşmaçalaryny kesýärler. Başga bir ýyl bolsa, bir ýylyň dowamynda işleýän sagadyň bir stawkadan geçýän bolsa, onda bu işgärler tölegsiz zähmet rugsadyna iberilýär" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran başga bir býujet işgäri aýtdy.

"Adamlaryň durmuşy ýeňlemeýär. Gaýtam, ýylyň-ýylyna ýokarlanýan bahalar, durmuş gymmatçylygy sebäpli ilatyň gün-güzerany barha ýaramazlaşýar" diýip, ol sözüne goşdy.

Türkmen häkimiýetleri zähmet haklaryny ýokarlandyrmak baradaky karara ýurduň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini, durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen gol çekilýändigini aýdýarlar. Ýöne resmiler her ýyl durmuşyň, harytlaryň näçe gymmatlandygy, manadyň hümmeti we infilýasiýanyň derejesi baradaky anyk maglumatlary aýtmaýarlar. Şeýle-de, býujet işgärlerinden ýygnalýan pullar barada-da ne ýurt resmileri, ne-de döwlet mediasy mesele gozgaýar.

Degişli maglumat Türkmen resmileri täze metjitleriň gurluşyklary üçin ‘haýyr-sahawat’ toplaýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.