Türkmenistanda aýyň başky günlerinde zähmet haklarynyň raýatlaryň bank hasaplaryna geçirilmegi bilen, adatça bolşy ýaly, bankomatlaryň öňünde pullaryny nagtlaşdyrmakçy bolýanlaryň uly nobatlary döräp başlady. Mundan başga-da, hususy dükanlarda, şol sanda dermanhanalarda diňe nagt tölegiň soralyp başlamagy hem, adamlaryň kartlaryndaky pullaryny almagyna goşmaça itergi berýär. Şol bir wagtda, ýurduň bankomatlaryndaky nagt ýetmezçiligi bilen bagly meseleler saklanyp galýar.
“Şu günler tomsuň jokrama yssysynda Aşgabadyň tas ähli bankomatlarynyň öňünde adamlaryň uly nobatlary döreýär. Her bankomadyň öňünde azyndan 50-60 adamy synlasa bolýar” diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 10-njy awgustda gürrüň berdi.
Martdaky irki prezidentlik saýlawlaryndan soňky birnäçe aýyň dowamymda bankomatlaryň işi az-kem kadalaşdyrylan bolsa-da, soňky aýdan bäri ilatyň pullaryny nagtlaşdyrmakdaky ozalky ‘oňaýsyz’ tejribeleri ýene-de gaýdyp geldi.
Soňky hepdäniň dowamynda paýtagtyň bankomatlarynyň öňünde döreýän uly nobatlara ‘Türkmenistanyň Hronikasy’ neşiri hem ünsi çekdi.
“Her bankyň şahamçasynda diňe bir ýa iki bankomat işleýär. Bir gezekde diňe 800 manada çenli puly nagtlaşdyryp bolýar. Bankomatlaryň 50 ýa 100 manat möçberindäki kupýuralary berýäni üçin, bank kartynda diňe 50 manat bolanlar pullaryny nagtlaşdyryp bilmeýärler” diýip, neşir 8-nji awgustda çap eden makalasynda belleýär.
Degişli maglumat Bankomatlarda nagt ýetmezçiligi: Pulsuz, alaçsyz ilat nobatlarda ýakalaşýarNeşiriň maglumatyna görä, paýtagtda adamlar banklaryň öňünde ir sagat 6-da nobat tutup başlaýarlar. Şol bir wagtda, bankomatlara pullaryň sagat 10-da goýulýandygy, onuň hem 2-3 sagadyň dowamynda gutaryp, nobatda ençeme sagatlap garaşýanlaryň ählisiniň pullaryny nagtlaşdyryp bilmeýändigi bellenilýär.
“Türkmenistanyň Hronikasy” paýtagta pul nagtlaşdyrmak üçin beýleki sebitleriň ýaşaýjylarynyň hem gelýändigini, olaryň käbiriniň ýakynlarynyň we goňşularynyň plastik kartlaryndan hem pul çekýändigini aýdýar. Uly nobatlarda goh-galmagallar, hatda ýakalaşyklar hem ýüze çykýar.
Azatlygyň ýurduň beýleki sebitlerindäki habarçylary hem soňky aýdan bäri bankomatlaryň öňünde uly nobatlaryň döräp başlandygyny tassyklaýarlar. Käbir regionlaryň ýaşaýjylary zähmet haklaryny nagtlaşdyryp bilmek üçin iki gün öňünden nobata ýazylmaly bolýandyklaryny aýdýarlar.
Bu aralykda, habarçylarymyz we çeşmelerimiz bankomatlardaky nagt pul ýetmezçilik meselesiniň korrupsiýa hem ýol açýandygyny, bank işgärlerine ortaça 20 manat möçberinde para berip, amatly güne nobata ýazylyp bolýandygyny aýdýarlar.
Mundan başga-da, Aşgabatda soňky wagtdan bäri hususy dükanlaryň diňe nagt görnüşde tölegleri kabul edip başlamagy hem, adamlaryň kartlaryndaky pullaryny tiz-tizden nagtlaşdyrmagyna itergi berýär.
“Hususy dükanlarda, dermanhanalarda söwdagärler plastik kart bilen tölegi kabul etmekden ýüz öwürýärler. Olar soňky wagtdan bäri internetiň tizliginiň göz-görtele peselendigi sebäpli, töleg terminallarynyň kadaly işlemeýändigini adýarlar” diýip, Aşgabadyň ençeme hususy dükanyna aýlanyp gören habarçymyz aýtdy.
Degişli maglumat Pensioner: Günde diňe 50 manat nagtlaşdyryp bilýärinAzatlyk ýokarky ýagdaýlar boýunça ýurduň maliýe edaralaryndan, şol sanda degişli banklaryndan goşmaça maglumat ýa düşündiriş alyp bilmedi.
Türkmenistan, resmi habarlara görä, sanly maliýe ulgamlaryny ilatyň durmuşyna ornaşdyrmak maksady bilen soňky alty ýyldan gowrak wagt bäri zähmet haklaryny, döwlet kömek pullaryny we pensiýalaryny raýatlaryň bank kartlaryna geçirýär. Şol bir wagtda, döwlet metbugaty söwda nokatlarynda hem töleg terminallaryny ornaşdyrmak işleriniň üstünlikli alnyp barylýandygyny öňe sürýär.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň websaýtynda berlen maglumata görä, ýurduň banklaryndan berlen bank kartlarynyň sany 2022-nji ýylyň 1-nji awgustynda 4 million 981 müň 684-a ýetipdir, şeýle-de tutuş ýurt boýunça 2 müň 152 sany bankomat hasaba alnypdyr. Mundan başga-da, ýurt boýunça 41 müň 320 terminal ornaşdyrylypdyr.
Ýöne türkmen häkimiýetleriniň bu ugurdaky üstünlikli amal edilýändigi aýdylýan tagallalaryna garamazdan, ýurduň ähli sebitlerinde bankomatlardaky pul ýetmezçilik we nagt däl görnüşde töleg etmek kynçylyklary aradan aýrylmaýar.
Türkmenistanyň hökümeti ilatyň maliýe-ykdysady kynçylyklaryny, şol sanda ilatyň pul nagtlaşdyrmak bilen bagly kösençliklerini boýun almaýar. Döwlet mediasy ilatyň bolelin durmuşda ýaşaýandygyny öňe sürýär, ýöne raýatlaryň bankomat kösençliklerini agzamaýar.
Azatlygyň habarçylary mundan ozal hatda talanýan bankomatlar, adamlaryň bank kartlaryny aldaw ýoly bilen ele geçirýän toparlar, gije-gündiz bankomatlaryň öňünde nobata garaşýan adamlar we pul nagtlaşdyrmak meselesiniň töweregindäki beýleki maglumatlar barada habar berdi.
Degişli maglumat Lebapda soňky üç aýda bäş gezek bankomat talandyGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.