Geçen dynç günleri Lebabyň dolandyryş merkezi Türkmenabatda toý salony ot alyp, uly maddy zyýana getirdi. Tehniki näsazlyk sebäpli ýüze çykandygy barada netijä gelnen ýangynda adam pidalary bolmady.
“31-nji iýulda öýlän Türkmenabadyň merkezinden geçýän ‘Nyýazow’ şaýoly bilen ‘Görogly’ köçesiniň çatrygynda ýerleşýän ‘Aýşa’ toý salony ot aldy. Bu üç gatly binanyň birinji gatynda güller satylýardy, ikinji gatynda gelinlere timar berýän gözellik merkezi we foto-studiýa bardy, üçünji gatda bolsa aýal-gyzlaryň onlarça toý lybasy ýerleşýärdi” diýip, bu salonyň işi bilen tanyş ýerli ýaşaýjylaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.
Ol häkimiýetleriň, şol gün howanyň temperaturasynyň 40 gradusa golaýlamagy bilen, binanyň ikinji gatyndaky surat çap ediji enjamyň partlandygy barada netijä gelendiklerini aýtdy.
“Derňewiň deslapky netijesine görä, ýekşenbe güni binanyň ikinji gatyndaky surat çap ediji enjam öçürilmändir we ol partlapdyr. Ýangynda toý salonunyň ikinji gaty we 50-ä golaý gelinleriň lybasy ýerleşen üçünji gaty doly ýandy” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolanlaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.
Ol ýangyn döränden soň, sebite bäş sany ýangyn söndüriji ulagyň gelendigini we binanyň ýerleşen sebitiniň köçeleriniň dört sagada golaý petikli saklandygyny hem sözüne goşdy.
Habarçymyzyň toý salonunyň eýeleri bilen habarlaşyp, çeken zyýanlary barada maglumat almak synanyşyklary netije bermedi. Galyberse-de, bu ýangyn barada dymýan ýerli häkimlikler hem, Azatlygyň bu hadysa bilen bagly soraglaryna jogap bermekden ýüz öwürdiler.
Degişli maglumat Aşgabadyň etegindäki obada ýangyn dörediTürkmenabadyň merkezinde dörän bu ýangyn, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň düzümindäki Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň raýatlary tomus pasly döwründe ýangyna garşy howpsuzlygy üpjün etmäge we hüşgär bolmaga çagyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Hökümetçi "Türkmenportal" neşiriniň 7-nji iýunda çap eden habarynda ýurtda şu ýyl ýangyn möwsüminiň 1-nji maýda başlanandygy we 1-nji oktýabra çenli dowam etjekdigi aýdyldy. Bellesek, bu ýyl Türkmenistanda anomal yssy howa şertleri hasaba alynýar.
Galyberse-de, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 31-nji maýda geçirilen mejlisinde prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň içeri işler ministrine ýüzlenip, tomus pasly döwründe ýangyna garşy howpsuzlygy üpjün etmegi hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi.
Şol bir wagtda, Azatlyk we beýleki garaşsyz türkmen neşirleri soňky aýlarda Aşgabatda we paýtagtyň eteklerinde hem ýangynlaryň ýüze çykandygyny habar berdiler.
"Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri 30-njy iýulda ýurduň içeri işler minstri Muhamemet Hydyrowa berlen käýinjiň hem bu ýangynlar bilen bagly bolmagynyň mümkindigine ünsi çekdi. Emma Azatlyk bu çaklamany öz çeşmelerine we habarçylaryna tassykladyp bilmedi.
Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtda bolýan tokaý ýangynlary ýa-da ýaşaýyş durmuş maksatly binalarda bolýan ýangynlar barada habar bermeýärler. Bu baradaky statistiki maglumatlar hem ilat köpçüligine aç-açan aýan edilmeýär.
Ýöne Azatlygyň habarçylary esasan hem tomus aýlarynda ýüze çykýan, şol sanda adam pidaly ýangyn hadysalary barada dowamly maglumat berýärler.
Degişli maglumat Häkimiýetler mekdep ýangyny 'bilkastlaýyn döredildi' diýýär, deslapky derňew gaz syzmalaryna yşarat edýärDünýä ilatynyň ýurtlara görä ömrüniň dowamlylygy boýunça statistiki hasabatlary çap edýän “World Life Expectancy” saýtynyň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistan ýurtda ýangyn hadysasynda wepat bolýanlaryň sany boýunça 183 ýurduň hatarynda 73-nji ýerde ýerleşdirilýär we oňa 2,02 bal berilýär. Bu görkeziji Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda, Täjigistandan soňky ikinji uly görkezijidir.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.