Türkmenistanyň günbatarynda ýene ýer titredi, häkimiýetler dymýar

Türkmenistanyň kartasy

28-nji iýulda Türkmenistanyň günbatarynda 4,3 magnitudaly ýer titreme hasaba alyndy. Bu barada Volcano Discovery saýty habar berýär. Soňky aýlarda Balkan welaýatynda bu hili hadysalaryň köpelmegi ilat arasynda howatyrlaryň artmagyna sebäp bolýar.

Maglumata görä, penşenbe güni ýerli wagt bilen ir sagat 7:17-de ýüze çykan ýer sarsgynynyň episentri Türkmenbaşy şäheriniň 22 km demirgazyk-gündogarynda ýerleşdi we onuň çuňlugy 10 km-e deň boldy.

Azatlyk Radiosynyň Balkandaky habarçysy munuň netijesinde, Türkmenbaşy şäherinde entek sowet döwründe gurlan panel jaýlarynyň ençemesinde jaýryklaryň emele gelendigini aýtdy.

Soňky aýlarda Türkmenistanyň günbatar sebitlerinde birnäçe ýer sarsgyny hasaba alyndy.

Mundan bir aý ozal, ýagny 20-nji iýunda Türkmenbaşy şäherinde 4,6 bal derejesinde ýer titreme boldy. Birleşen Ştatlaryň Geologiýa barlag merkeziniň maglumatyna görä, şonda ýer titremäniň merkezi we ojagy Balkanyň Bereket sebitiniň 74 kilometr günortasynda, 12.1 kilometr çuňlukda ýerleşipdi.

Ýatlatsak, 2000-nji ýylyň 6-njy dekabrynda gürrüňi gidýän Bereket (Gazanjyk) obasynda güýçli ýer titreme netijesinde onlarça bina weýran bolupdy.

Şeýle-de, 19-njy iýulda Türkmenbaşy şäheriniň 147 km demirgazyk-günbatarynda ýerli wagt bilen öýlän sagat 4:26-da aram ýer sarsgyny döräpdi. ABŞ-nyň Geologiýa gullugy 4,3 güýjündäki ýertitremäniň çuňlugynyň 11 km bolandygyny mälim etdi.

Degişli maglumat Türkmenistanyň we Eýranyň araçäginde bolan ýer titreme Aşgabatda duýuldy

Türkmen häkimiýetleri, 28-nji iýulda ýüze çykan ýer titreme bilen birlikde, adatça bolşy ýaly, ýurtda bolýan tebigy betbagtçylyklar we olaryň ilata ýetirýän täsirleri barada habar bermekden ýyllarboýy saklanyp gelýärler.

Habarçylarymyz ýurduň günbatar sebiterinde ýer sargynlarynyň ýygjamlaşmagy we bu barada häkimiýetleriň ilaty habarly etmezligi, adamlaryň arasyndaky howatyrlaryň hasda artmagyna sebäp bolýandygyny belleýärler.

“Türkmenbaşy şäherinde adamlar, howatyr edip, uzak wagtlap öýlerine girip bilmediler. Ýer titreme ‘Awazada’ hem duýuldy. Bu myhmanhanalardaky dynç alýanlara gaty erbet psihiki täsir ýetirdi” diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri 29-njy iýulda gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, ýerli hünärmenler bu hili tebigy hadysalar barada öňünden duýdurar ýaly özlerinde ýeterlik tehniki mümkinçilikleriniň ýokdugyny aýdýarlar.

“Bizde seýsmiki datçikler tas ýok diýen ýaly. Şol sebäpli, ýer sarsgynlaryny öňünden anyklamaga mümkinçiligimiz ýok. Ýogsa, sebitde köp sanly nebit zadowlary, myhmanhanlar dagy bar. Olara ilkinji nobatda habar berilmeli. Üstesine-de, sebitiň daglyk ýerde ýerleşmegi, ýer sarsgynlarynyň mümkin netijelerini artdyp bilýär” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli hünärmen belledi.

Türkmenistan 9 baldan ýokary seýsmiki aktiw ýerde ýerleşýär.

1948-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda ýurduň taryhyndaky iň weýrançylykly ýer titreme boldy. Tutuş şäher tas ýer ýüzünden süpürildi, 100 müňden gowrak adam wepat boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.