21-nji iýulda Gyrgyzystanyň kurort şäheri Çolpon-Atada Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň 4-nji maslahat alyşmak sammiti geçirildi. Forumyň esasy mowzuklary suw baýlyklary, howpsuzlyk we ykdysadyýet meseleleri boldy. Esasy waka özara ýakynlaşmak barada, has anyk şertnamalaryň binýady diýlip atlandyrylýan şertnama gol çekişmek boldy. Ýöne häzirki wagtda ol resminamada bäş döwletiň üçüsiniň liderleriniň goly bar.
Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow, Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew 21-nji asyrda Merkezi Aziýanyň ösüşi üçin dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy we hyzmatdaşlygy berkitmek barada, täze hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Täjigistanyň we Türkmenistanyň ýolbaşçylary şertnama gol çekmediler. Resminama "öz ýurtlarynda içerki edilmeli işler gutarandan soň" gol çekjekdikleri mälim edildi.
Resminamanyň gutarnykly wersiýasy entek çap edilmedi. Ýöne mundan ozal Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web sahypasynda, Kasym-Žomart Tokaýewiň gol çeken kararynyň taslamasy peýda boldy. Onda şertnamanyň esasy maddasy: "taraplar güýç ulanmakdan ýa-da birek-birege gönükdirilen güýç howpundan saklanmak borjuny tassyklaýarlar, dünýä we sebit derejesinde özara gönükdirilen parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmegi, häzirki zaman kynçylyklaryna we howplaryna garşy göreşmek ugrundaky tagallalaryny utgaşdyrýarlar" diýilýär.
Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň wekili Awazbek Atahanow ol resminama teswir berip, şertnamanyň esaslydygyny we onuň esasynda integrasiýa barada gepleşik geçirip boljakdygyny aýtdy.
«Sammit sebitdäki meseleleriň çözülmegini çaltlaşdyrar»
IV Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň Çolpon-Atada geçirilen konsultatiw maslahaty Sadyr Žaparow üçin, öý eýesi hökmündäki ilkinji duşuşyk boldy hem ol goňşy döwletleriň baştutanlaryny kabul etdi. Indiki ýolbaşçylyk Täjigistana geçýär.
Gyrgyzystanyň öňki Daşary işler ministri Ruslan Gazakbaýewiň sözüne görä, bu duşuşyk Merkezi Aziýanyň ähli döwletleri üçin möhümdir, sebäbi dünýädäki täze prosesler sebit ýurtlaryny bilelikde işlemäge mejbur edýär.
Central Asia Due Diligence Merkeziniň müdiri Alişer Ilhamow Merkezi Aziýa ýurtlary üçin integrasiýa zerurlygy bireýýäm bişişipdi diýýär. Şol bir wagtyň özünde, sebitiň ýurtlarynyň bu ideýany durmuşa geçirmek işinde, daşarky päsgelçiliklere duçar bolup biljekdigi baradaky pikiri hem aýdýar.
“Alternatiw söwda ýollaryny we transport ugurlaryny birleşdirmek ýa-da gurmak üçin, haýsydyr bir birleşik barada tagalla edilen badyna, Russiýa tutynyň aňyrsyndan hereket edip başlaýar hem sebitdäki ýurtlaryň hersine aýratynlykda basyş görkezýär. Russiýa esasy söwda hyzmatdaşy bolupdy we şeýle bolmagynda galýar, aragatnaşyk ugurlarynda-da hereket edýärler, üstesine-de harby güýç faktory möhüm rol oýnaýar. Bularyň hemmesini göz öňünde tutup, integrasiýa tarap ädim ädiläýen badyna çäre görülmeginden howatyr edilýär. Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň eýýäm Daşkende saparyny meýilleşdirendigini görýäris. Indi tutynyň aňyrsynda, gatnaşyklar her bir ýurt bilen ýaňadan iki taraplaýyn maslahat ediler hem-de Moskwanyň gözegçilik edýän bileleşikleri – KHGŞ we ÝAYB boýunça hem garalar diýip çaklaýaryn. Onuň sebitdäki integrasiýa etabynyň bu ýurtlary öz içine alýan hem-de Moskwa tarapyndan dolandyrylýan – eýýäm bar bolan gurluşlara nähili derejede laýyk geljekdigi belli däl" diýip, bilermen aýdýar.
Tokaýewiň inisiatiwasy
Sebitiň döwletleriniň arasynda ýakynlaşmak ideýalaryny durmuşa geçirmekde böwet bolýan päsgelçiligiň biri goňşular arasyndaky çözülmedik serhet meselesi bolmagy mümkin. Çolpon-Atada geçirilen duşuşykda, Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow serhetleri parahatçylyk, dostluk we ynam köprüsine öwürmegi teklip etdi:
– Mundan beýläk sosial-ykdysady, milletara, dini we beýleki sebäpler üçin döredilen howpsuzlyk krizislerine ýol bermek mümkin däl. Bu ugurda özara tagallalary birleşdirmäge çagyrýaryn – diýdi.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew serhedini doly kesgitlemegi amala aşyran Gazagystanyň öz ýoldaşlaryna özara kabul ederlikli çözgütleri tapmaga kömege taýýardygyny aýtdy:
– Döwletara serhetlerinde atylýan her bir ok diňe bir gatnaşýan ýurtlarda däl, eýsem tutuş sebitde güýçli ýaňlanma döredýär. Munuň tersine, häzirki krizis şertlerinde, döwletlerimiz gapma-garşylyklary ýeňip geçmegiň ösen derejedäki, jogapkärli mysalyny görkezmeli. Serhetleri kanuny taýdan hasaba almagyň örän çylşyrymly hem ýiti bolýandygyny öz tejribämizden bilýäris. Jedelli meseleleri diňe parahatçylykly ýollar, hakyky hoşniýetlilik we halkara hukuklarynyň esasy ýörelgelerine hormat goýmak arkaly çözmek mümkindir. Başga alternatiwa ýok.
Azatlyk Radiosyň Merkezi Aziýa boýunça analitigi Merhat Şaripjanyň pikirine görä, Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan söweşini göz öňünde tutup, serhet meselelerini çözmegiň ähmiýeti artýar. Ol bu sammitde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň prezidentleriniň "kesgitlenmedik serhetler meselesini Russiýanyň täsiri bolmazdan, özleriniň çözjekdiklerini aňladýana meňzeýär" diýdi.
2021-nji ýylyň maý aýynda, Gyrgyzystan-Täjigistan serhedinde bolup geçen uly göwrümli çaknyşykdan soň, Moskwa iki döwletiň arasyndaky serhet meselelerini çözmekde, kömek bermäge taýýardygyny mälim etdi.
Gyrgyzystan bilen Özbegistanyň arasyndaky serhediň 98% -i aýdyňlaşdyryldy. Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň arasyndaky serhediň uzynlygy 970 kilometre barabar bolup, şondan 664 kilometri kesgitlenildi.
Degişli maglumat Iki ýurt üçin bir köçe. Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň serhedindäki adamlar nähili ýaşaýarlarDuşanbe Owganystan meselesini täzeden gozgaýar
Kesgitlenmedik serhetler bilen baglanyşykly meselelerden başga-da, sebitdäki iň möhüm aladalaryň biri Owganystandaky durnuksyz ýagdaýyň aradan aýrylman gelmegidir. Bu ýurt bilen serhetleşýän Täjigistan üçin howpsuzlyk meselesi hemişe gün tertibinde.
Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon Çolpon-Ata sammitinde çykyş edip, Merkezi Aziýa ýurtlaryny Owganystanda barýan ýagdaýa ünsli gözegçilik etmäge çagyrdy. Ol Owganystanda bolup geçýän wakalaryň Ýewraziýa yklymynda, geosyýasy deňagramlylygyň üýtgemegine sebäp bolup biljekdigini aýtdy.
“Biziň çaklamalarymyza görä, Owganystandaky ýagdaý hasam erbetleşer. Geçen döwürde "Talyban" hereketiniň ýolbaşçylary (Gyrgyzystanda gadagan edilen gurama – red.) dünýä jemgyýetçiligini ynandyrmak üçin, hakyky ädim ätmedi we Owganystanyň ilaty öz hökümetiniň kanunylygy, ýurtdaky ýagdaýa gözegçilik etmek we raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, durmuş-ykdysady meseleleri çözmek ugrunda, hiç bir hakyky hereketleri etmediler” diýip, Täjigistanyň lideri aýtdy.
Sadyr Žaparow hem öz gezeginde, Owganystandaky ýagdaýyň çylşyrymly bolup durýandygyny we ýagdaý barada öňünden bir zat aýdyp bolmajakdygyny mälim etdi. Ol bu ugurda "goňşy Owganystanyň parahatçylykly we durnukly ösüş ýoluna başlamagyny üpjün etmek üçin, ähli tagallalary etmegi" öz içine alýan bilelikdäki hereket ugruny ösdürmegiň zerurdygyny aýtdy.
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow sebitde howpsuzlygy üpjün etmek meselesinde, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň arasynda, hyzmatdaşlygyň zerurdygyny aýtdy. Biri-birleri bilen maslahat alşyp durmagy üçin, döwletleriň daşary işler ministrlerine duşuşyklar geçirmegi tabşyrmagy teklip etdi.
Gazagystanly syýasy bilermen Janybek Arynowyň pikirine görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan baradaky pozisiýasy bir ugurly däl. Mysal üçin, Özbegistan “Talyban” bilen gatnaşyklary gowulaşdyrjak bolýan wagtynda, Täjigistanyň goňşy ýurt bilen gepleşikleri başa barman dur. Şeýle hem ol Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň ol ýa-da beýleki meseleler boýunça gapma-garşylykly pikirleriniň bardygyny belleýär:
– Geçen sammitde ähli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylana meňzeýär. Şeýle-de bolsa, olaryň derrew çözüljekdigini aýtmakdan entek ir. Belki-de, karar bermek prosesini çaltlaşdyrarlar. Täjigistanyň we Türkmenistanyň prezidentleriniň şertnama näme üçin gol çekmedikleri barada, sorag ýüze çykýar. Belki, olar muny goldaýan däldirler, belki-de, entek pikirlenmäge wagt tapan däldirler. Şonuň üçin käbir meseleler boýunça gapma-garşy pikirler hakda, soraglar döreýär – diýip, gazak bilermeni aýdýar.
Degişli maglumat “Talyban” Merkezi Aziýa bilen serhetde goşun ýerleşdirýär. Goňşular alada galýarlarBişkek sebitde suwdan peýdalanmak meselesini ýada saldy
Suw baýlyklaryndan peýdalanmak meselesi diňe bir şu geçen sammitiň däl, eýsem sebit derejesindäki beýleki çäreleriň hem gün tertibinde seredilip gelinýär. Dünýädäki buzluklaryň eremeginiň we howanyň gyzmagynyň göz öňünde tutulmagynyň fonunda, bu mesele diňe ýitileşýär.
Gyrgyz Respublikasynyň prezidenti Çolpon-Atada eden çykyşynda, Gyrgyzystanyň suw baýlyklaryny ýerlikli ýygnamakdan we tygşytlamakdan entek ýeterlik kompensasiýa almaýandygyny belläp, suwdan peýdalanmak üçin, özara peýdaly mehanizmleri ösdürmegi teklip etdi:
– Suwdan peýdalanmak üçin, özara peýdaly mehanizmleri bilelikde ösdürmegi teklip edýärin, şonda ýokary akymdaky ýurtlaryň suwy birnäçe ýyl öňünden ýygnamaga mümkinçiligi bolar we olarda suwarymly ýerleriň giňelýän döwründe, şeýle hem suwuň az möwsüminde, suwaryş zerurlyklary üçin, suw baýlyklaryny toplamaga bolan gyzyklanma artar. Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Täjigistan arasynda, Naryn-Syrderýa suw we energiýa çeşmelerini ulanmak baradaky 1998-nji ýylda gelnen Ylalaşygyň çäginde, hyzmatdaşlygyň täzelenmegini we kämilleşdirilmegini goldaýarys – diýip, gyrgyz prezidenti aýtdy.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew "Serhetüsti derýalaryň suw baýlyklaryny ýerlikli peýdalanmak üçin, bilelikdäki gidroelektrik taslamalary durmuşa geçirmek işine Gazagystanyň aýratyn ähmiýet berýändigini" belläp, Gyrgyzystanda Kambarat GES-1 gurluşygyny goldaýandygyny aýtdy.
Degişli maglumat Merkezi Aziýa: gurakçylyk dowam edýär, jemgyýetdäki ýagdaý gyzyşýarEnergetika meseleleri boýunça bilermen Žanybek Omorow Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň Kambarat GES-1 gurluşygy barada deslapky ylalaşyklara gelendigine oňyn baha berdi. Ol taslamanyň sebit üçin peýdalary barada aýtdy:
– Eger bu desga gurulsa, ol diňe bir Gyrgyzystana däl, eýsem tutuş sebite peýdaly bolar. Beýleki ýurtlaryň muňa düşünmegi gerek. Elektrik energiýasynyň bahasy ýokarlanyp barýar. Gazagystan bilen Özbegistanyň [bu taslama] goşulmagy gowy ädim bolardy. Ýöne Gyrgyzystan taslamanyň dolandyrylyşyny we eýeçiligini öz üstüne almaly. Ol GES Toktogul suw howdanyna 3,5 milliard kub metr suw berer.
Çolpon-Atada geçirilen duşuşykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylary ykdysady meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem söwda dolanyşygyny artdyrmak, bilelikdäki logistika merkezlerini gurmak işlerine ünsi çekdiler. Şeýle hem olar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky özara gatnaşyk düzgünlerini, "Merkezi Aziýa üçin ýaşyl gün tertibi" sebit maksatnamasyny we 2022-2024-nji ýyllar üçin, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýol kartasyny tassykladylar.
Çeşme: Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.