Maryda ilatyň internet üpjünçiligi ýene ýiti çäklendirilýär

Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynda internetiň tizligi ýene peseldi. Munuň bilen bagly, şu günler onlarça maryly "Türkmentelekomyň" ýerli edarasyna üýşüp, internetiň hiliniň ýaramazlygyndan şikaýat edýär. Welaýatyň internet üpjünçiliginiň hili we ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, Mary şäherinde we Baýramaly, Sakarçäge etraplarynda öýlere çekilen internet kadaly işlemän, yzygiderli kesilýär. Bu ilatyň daşary ýurtlardaky dogan-garyndaşlary bilen habarlaşmak, şeýle-de ýaşlaryň daşary döwletleriň ýokary okuw jaýlaryna onlaýn synag tabşyryp, okuwa girmek mümkinçiliklerini ýiti çäklendirýär.

"Resminamalary ýygnap, ençeme aýlap taýýarlyk gören ýaşlar internetiň tizliginiň pesligi sebäpli onlaýn synaglary tabşyryp bilmeýärler. Hatda olar synaglaryň geçirilýän saýtlaryna hem girip ýetişmänkä internet kesilýär. Käbir ýokary okuw jaýlarynyň saýtlary bolsa doly petiklenipdir. Olara diňe VPN ulgamlary arkaly girip bolýar" diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde 22-nji iýulda gürrüň berdi.

Degişli maglumat Türkmenistanda VPN ýene-de işlemeýär

Şu günler internetiň tizliginiň pesdigi sebäpli her gün onlarça adam "Türkmentelekomyň" ýerli edarasyna üýşýär. Olar edaranyň işgärlerinden öýlerine çekilen internetiň bejerilmegini we tizliginiň ýokarlandyrylmagyny soraýarlar.

Ençeme gün bäri "Türkmentelekoma" gatnaýan adamlaryň arasynda arz-şikaýatlary diňlenmeýändigi we kadaly internet üpjünçiligi ýola goýulmaýandygy sebäpli işgärler bilen gohlaşýanlar hem köp.

"Biz täze prezident saýlananda, 'bu bir ýaş, kakasy ýaly bolmaz, ýollaram, internetem açar, köp bilmeýän zatlarymyzy öwreneris, dünýäni göreris' diýip umyt edipdik. Emma umydymyz puja çykdy. Üýtgän zat bolmady. Indi biz aýra düşen hossarlarymyz bilen-de habarlaşmaly dälmi? Bize interneti gaýtaryp beriň. Bize hossarlarymyzy gaýtaryp beriň" diýip, habarçy bir ýaşaýjynyň sözlerini sitirledi.

Ýöne habarçymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan "Türkmentelekomyň" birnäçe işgäri özlerinde olara jogabyň ýokdugyny, "internetiň ýokardan kesilýändigini" aýtdy.

"Gaty kän arza üýşdi. Şikaýat bilen gelýän adamlar hem gaty köp. Ýolbaşçylar bu adamlary soňky günlerde howanyň yssy bolmagyndan peýdalanyp, dargatmaga çalyşýarlar. Polisiýa işgärleri adamlar öýlerine gaýtsyn diýip, olary "Türkmentelekomyň binasynyň daşyna çykarýarlar. Adamlar yssa çydaman, mejbur öýlerine gaýtmaly bolýarlar" diýip, edaranyň işgäri aýtdy.

Degişli maglumat Häkimiýetler garaşsyz habar yzarlamazlyk şerti bilen ýerli ilata öý internetini hödürleýär

Azatlygyň bu aýdylanlar barada “Türkmentelekomyň” ýerli edarasyndan kommentariýa almak synanyşyklary başa barmady.

“Türkmentelekom” Türkmenistanyň ýeke-täk internet prowaýderi bolup durýar.

Türkmenistan dünýäde iň haýal we iň gymmat internetli ýurtlaryň biri bolmagynda galýar. Ýurduň hökümeti interneti berk gözegçilikde saklap, ilat üçin garaşsyz maglumatlaryň elýeterliliginiň öňüni alýar we VPN hyzmatlaryny ulanýanlary we gurnap berýänleri yzarlaýar.

Ýurtda YouTube, Instagram, TikTok, Twitter ýaly sosial ulgamlar, garaşsyz habar serişdeleriň we “Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň” websaýtlary Türkmenistanda ençeme ýyl bäri petikli bolmagynda galýar.

Bu aralykda, türkmen häkimiýetleri Maryda ilatyň internet üpjünçiligini çäklendirýän mahaly, prezident Serdar Berdimuhamedow maglumat giňişligini "goramaga, döwlet habar serişdeleriniň işini sazlaşdyrmaga we düzgünleşdirmäge" çagyrdy. Prezident bu baradaky çagyryşyny Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň Gyrgyzystanda geçirilen sammitinde etdi.

Ýöne söz azatlygyny, erkin maglumat almak hukugyny, interneti berk çäklendirmekde, adam hukuklaryny berk depelemekde tankytlanýan we ýurtda tankydy hem-de özge pikirlileri basyp ýatyrmakda tanalýan türkmen häkimiýetleriniň bu çagyryş bilen bagly anyk nähili çäreleri görmegi göz öňünde tutýandygy häzirlikçe nämälim bolup galýar.

Degişli maglumat RSF: Türkmenistan metbugat azatlygynda 177-nji boldy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.