Stambuldaky türkmen konsulhanasynyň öňünde ýene uly nobatlar döredi

Stambuldaky türkmen konsullygynyň öňündäki nobat, 2022-nji ýylyň iýun aýy. TikTok ulagymyndan alnan surat

Şu günler Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynyň öňünde adamlaryň ýene uly nobatlary emele geldi. Nobata duran türkmenistanlylaryň aglabasy pasportlarynyň möhletini uzaltmaga çalyşýar, galan bölegi durmuşa çykmandygy ýa öýlenmändigi baradaky hem-de "Türksoý" resminamalaryny almaga synanyşýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň 21-nji iýulda Stambuldaky türkmen konsulhanasyna baryp gören habarçysy we çeşmesi Türkiýeden maglumat berdi.

Olaryň sözlerine görä, bu ýerde nobata duran adamlaryň sany takmynan 300-den aşýar. Adamlar irden sagat 5-6-da nobata durup başlaýarlar we türkmen konsulhanasy işini tamamlaýança, olaryň ýarysy töweregi, işlerini bitirmek üçin, resminamalaryny tabşyryp bilýär.

"Adamlaryň köpdügi sebäpli konsulhananyň öňündäki nobatlar köçäniň başyndan görnüp başlaýar. Konsulhana işgärleri ýetişip bilmeýär. Nobata duranlaryň arasynda dawa-jenjel hem köp bolýar" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Degişli maglumat Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygynda pasportlary täzelejek bolýanlaryň uly nobatlary saklanýar

Habarçymyzyň we çeşmämiziň gürrüň beren bu ýagdaýlaryny sosial ulgamlarda çap edilen, Stambuldaky türkmen konsulhanasynyň öňünde düşürilendigi aýdylýan käbir wideolarda hem synlasa bolýar.

Habarçymyzyň sözlerine görä, uzyn nobatlaryň döremegine Türkiýedäki türkmen raýatlarynyň arasynda barha köp adamyň pasportlarynyň möhletiniň gutarmagy sebäp bolýar.

"Uçar gatnawlarynyň açyljakdygy baradaky gürrüňlerden soň, köp adama ýurda dolanyp bilerin diýip, soňky pursada çenli pasportlaryny uzaltmady. Ýöne pandemiýa sebäpli ýatyrylan halkara uçar gatnawlary heniz-de doly dikeldilmeýär. Watana dolanmak mümkinçiliginiň heniz hem tas ýokdugyna göz ýetiren türkmenleriň köpüsi pasportlarynyň möhletini uzaldyp başlady" diýip, türkmenistanlylaryň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçymyz gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, nobata duranlaryň galan bölegi durmuşa çykmandygy ýa öýlenmändigi baradaky hem-de "Türksoý" resminamalaryny almaga çalyşýar.

"Türkiýe hökümeti "Türksoý" resminamasy bolan daşary ýurtlylara köp ýerde ýeňillik döredýär. Meselem, hassahanalarda bejergi alsaň, saglyk çykdajylaryň ep-esli kemeldilýär" diýip, habarçy belledi.

Ol türkmen konsulhanasyna ýüz tutan raýatlaryň agzalýan resminamalary almak, hususan-da pasportlarynyň möhletini uzaltmak üçin käte 15 gün, käte-de iki aýa çenli garaşmaly bolýandygyny hem habar berýär.

Degişli maglumat Stambuldaky türkmen konsulhanasy raýatlaryň biometriki pasportlarynyň möhletini 2023-nji ýylyň iýunyna çenli "uzaldýar"

Şol bir wagtda, ol özlerini "araçy" diýip tanyşdyrýan käbir adamlar arkaly bu resminamalary 2-3 gün içinde alyp bolýandygyny aýdýar. Olar bu bikanun "hyzmatlar" üçin $120-$200 aralygynda töleg talap edýärler.

"Bu adamlaryň kimdigi belli däl. Ýöne köp adam olaryň ilçihana bilen ilteşiginiň bardygyny bilýär. Käbir adamlar ençeme günläp nobata durup, soňra-da pasportlarynyň möhletiniň uzaldylmagyna bir-iki aý garaşmagyň deregine, bu bikanun hyzmatdan peýdalanmagy makul hasaplaýarlar" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Stambuldaky türkmen konsulhanasy bilen habarlaşyp, goşmaça maglumat ýa kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 22-nji iýulda telefon arkaly eden dowamly synanyşyklaryna hiç kim jogap bermedi.

Degişli maglumat "Sanawlar, para we garaşmak". Türkmenler öz watanyna dolanyp bilmeýärler

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda raýatlaryň möhleti geçen biometriki pasportlarynyň möhletini uzaltmagyň tertibi 2021-nji ýylyň iýul aýynda tassyklandy. Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasy şu ýylyň başynda biometriki pasportlary täzeläp başlady. Şonda türkmen raýatlarynyň biometriki pasportlarynyň hereket ediş möhleti 2023-nji ýylyň iýun aýyna çenli uzaldylyp başlandy.

Azatlygyň Türkiýedäki habarçylary we çeşmeleri watanyna dolanyp bilmeýän türkmenistanlylaryň pasportlarynyň möhletini uzaltmaga çalyşýandygyny ençeme gezek habar berdiler.

30-njy iýunda habarçylarymyz Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynyň öňünde nobata duranlaryň sanynyň ýüzlerçe adama ýetýändigini, olaryň aglabasynyň pasportlarynyň möhletini uzaltmaga synanyşýandygyny habar beripdiler.

Türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlarda galan türkmenistanlylar we olaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.

Degişli maglumat 100-den gowrak türkmenistanly heniz-de Stambulyň aeroportunda garaşýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.