“Türkmenhowaýollary” Aşgabat – Minsk – Türkmenabat uçar gatnawyny amala aşyrdy

"Türkmenistan" awiakompaniýasynyň uçary. Illýustrasiýa suraty.

18-nji iýulda Türkmenistanyň milli daşaýjysy Aşgabat – Minsk – Türkmenabat ugry boýunça çarter uçar gatnawyny amala aşyrdy diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi habar berdi.

Degişli maglumat Türkmenistana baran ýolagçylar ýurduň epidemiologiýa talaplaryny geň görýär

Mundan ozal, hökümetçi neşirler hem 18-nji iýulda Minsk ugry boýunça çarter uçar gatnawynyň boljakdygyny aýtdylar.

“Türkmenhowaýollary” agentligi bu ugur boýunça dowamly uçar gatnawlarynyň dikeldilip-dikeldilmejekdigini entek mälim etmedi.

Maglumat üçin aýdylsa, müňlerçe türkmenistanly talyp Belarusda ýokary bilim alýar.

Iýulyň başlarynda hökümetçi Turkmenportal.com neşiri 2021/2022-nji okuw ýylynda Belarusyň ýokary okuw mekdeplerinde 6 müň 600 töweregi türkmenistanlynyň bilim alandygyny habar berdi.

Türkmenistan bilen Belarusyň arasyndaky uçar gatnawlary koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň martynda togtadyldy.

Bu aralykda, daşary ýurtlardan Türkmenistana dolanýan ýolagçylar öý şertlerinde izolýasiýada bolýarlar.

Ýatlasak, Azatlyk Radiosynyň habarçylary iýulyň başlarynda gaýtadan ýola goýlan dowamly howa gatnawlary bilen ýurda barýan ýolagçylaryň ýedi gün möhlet bilen öý şertlerinde izolýasiýada bolýandyklaryny habar berdi.

Iýulyň ortalarynda hökümetçi neşirler daşary ýurtlardan dolanýan raýatlaryň ýedi gün möhlet bilen öý şertlerinde izolýasiýada bolýandyklaryny habar berdiler. Galyberse-de, maglumata görä, öý şertlerindäki izolýasiýanyň möhleti daşary ýurtlarda gulluk saparynda bolup, ýurda dolanýan raýatlar üçin üýtgeýär. Olar üç gün möhlet bilen öý şertlerinde öz-özlerini üzňeleşdirýärler.

Degişli maglumat Müňe golaý türkmenistanly Stambulyň aeroportyna jemlenip, ýurduna ugradylmagyny talap edýär 

Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri dowamly gatnawlara degişli uçaryň ýolagçylarynda wirus anyklansa tutuş ähli ýolagçylaryň karantine alynýandygyny aýdýarlar.

“Eger kadaly gatnawlarda bir ýolagçynyň koronawirus testi pozitiw netije görkezse, onda ähli ýolagçylar karantin astyna alynýar. Şol sebäpden, ähli gatnawlar welaýatlara gondurylýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi aýtdy.

18-nji iýulda Minskden Türkmenabada dolanan ýolagçylar Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde özleriniň 120 manat pul töläp koronawirus testini tabşyrandyklaryny gürrüň berdiler. Şeýle-de, ýolagçylar özlerinde maýmyn mama keseliniň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak üçin elleriniň we aýaklarynyň gözden geçirilendigini aýdýarlar.

“Türkmenabada gonduk. Test aldylar. Maýmyn mama barmy-ýokmy gördüler, ellerimizi, aýaklarymyzy gördüler. Soňra 6 sagada golaý saklap, öýlerimize goýberdiler. 7 gün soň maşgala lukmanyna ýene-de koronawirus testini tabşyrmalydygymyzy ýatlatdylar” diýip, 18-nji iýulda Minskden dolanan bir ýolagçy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Degişli maglumat 100-den gowrak türkmenistanly heniz-de Stambulyň aeroportunda garaşýar

Ýatlasak, “Türkmenhowaýollary” maýyň ahyrynda Dubaý we Kazan ugurlary boýunça kadaly uçar gatnawlarynyň dikeldilýändigini yglan etdi. Dubaý ugry boýunça uçar gatnawlary her hepdäniň duşenbe güni, Kazan ugry boýunça çarşenbe günleri amala aşyrylýar. Şeýle-de, iýulyň başlarynda Moskwa ugry boýunça hem hepdede iki gezek dowamly uçar gatnawlary dikeldildi.

Ýurda barýan uçarlar Türkmenabat ýa-da Türkmenbaşy halkara howa mezillerine gondurylýar.

Halkara çarter gatnawlary ýa-da dowamly gatnawlar öz ýolagçylaryny heniz Aşgabada daşap başlamady.

Öz çäginde koronawirus hadysalaryny resmi taýdan hasaba almadyk Türkmenistanyň hökümeti iki ýyl ozal global pandemiýa sebäpli halkara uçar gatnawlaryny ýatyrdy.

Bellik: Minskden gelen uçar barada habar beren Azatlygyň çeşmesi, bu ugur boýunça dowamly uçar gatnawynyň ýola goýulýandygy baradaky ilki beren maglumatynyň nädürsdigini, munuň aslynda çarter uçary bolandygyny mälim etdi. Munuň bilen baglylykda, makala degişli düzedişler girizildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.