Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistana baran ýolagçylar ýurduň epidemiologiýa talaplaryny geň görýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

“Türkmenistan” howa ýollary kompaniýasynyň Kazan we Dubaý ugurlary boýunça dikelden dowamly howa gatnawlary arkaly ýurda dolananan ýolagçylar Türkmenistanyň epidemiologiýa talaplary barada gürrüň berýärler.

Ýaňy-ýakynda daşary ýurtdan Türkmenistana dolanan bir ýolagçy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna özlerinden howa syýahatynyň öň ýany we yz ýany, iki gezek COVID-19 testini tabşyrmagyň talap edilendigini gürrüň berdi.

“Uçarlar [Türkmenistana] gelip gonandan soňra, ýolagçylardan gaýtadan COVID-19 testiniň talap edilmegi geň galdyrýar” diýip, uçara münmezden ozal test tabşyran bir ýolagçy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýolagçylar onsuz hem özleriniň Kazandan ýa-da Dubaýdan Türkmenistana ugramazdan ozal, COVID-19 testini tabşyrýandyklaryny, şol testiň islendik ýurtda 72 sagada çenli güýjüniň bolmalydygyna ynanýandyklaryny ýöne Türkmenistana aýak basandan soňra, özlerinden gaýtadan koronawirus testini tabşyrmagyň talap edilýändigini aýdýarlar.

“125 manat pul töläp, koronawirusa test tabşyrmaly. Türkmenabadyň aeroportunda walýuta alyş-çalyş nokady ýok. Walýutany gara bazar nyrhyndan çalyşýan walýuta söwdagärleri ýok” diýip, ýanlarynda daşary ýurt walýutasy bilen Türkmenistana dolanan ýolagçylar aýdýarlar.

Türkmenabadyň aeroportunda test tabşyran ýolagçylar özlerinden edilýän karantin talaplary barada hem maglumat berýärler.

“Uçardan düşenimizden sekiz sagat töweregi soň, bize Türkmenabat aeroportyny terk etmek tabşyryldy. Men şondan soň meni garşy almak üçin aeroporta baran hossarlarym bilen duşuşyp bildim. Gyzykly ýeri, maňa ýedi gün möhlet bilen öýden hiç ýere çykmazlyk tabşyryldy, 'ýedi gün geçenden soňra maşgala lukmalary gelip, senden koronawirus testini alarlar' diýdiler. Bu test üçin hem 125 manat tölemeli ekeni” diýip, bir ýolagçy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Has ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistana ýörite uçarlar bilen hem-de dowamly uçarlar bilen dolanýan ýolagçylar üçin karantin düzgünleriniň tapawutlanýandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topary ýurduň epidemilogiýa talaplary barada yzygiderli maglumat çap etmeýär.

Howa ulaglarynyň Halkara assosiasiýasynyň (IATA) 29-njy iýunda täzelän maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň halkara howa gatnawlary 15-nji iýula çenli çäkli bolmagynda galýar. Şeýle-de, täzelenen maglumata görä, howa gatnawlary arkaly Türkmenistana barýan ýolagçylardan birnäçe şert talap edilýär:

  • Ýolagçynyň COVID-19 sanjymyny kabul edendigi barada kepilnama
  • Möhleti 48 sagatdan köp bolmadyk COVID-19 PZR test netijesi
  • Möhleti 48 sagatdan köp bolmadyk antitela (IgM, IgG) test netijesi
  • Ýolagçylar ýörite blanka doldurmaly
  • Ýolagçylar Türkmenistana barandan soňra COVID-19 testini tabşyrmaly
  • Ýolagçylar 14 gün möhlet bilen karantinde bolmaly

Bellesek, Azatlyk Radiosynyň habarçylary çarter gatnawlary bilen hem-de ýaňy-ýakynda dikeldilen dowamly uçar gatnawlary bilen Türkmenistana dolanýan ýolagçylar üçin karantin şertleriniň tapawutlanýandygyny habar berdi. Munuň bilen baglylykda, ýaňy-ýakynda Kazandan we Dubaýdan Türkmenistana dolanan käbir ýolagçylar Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde özlerinden ýedi gün öýde karantinde bolmagyň talap edilendigini aýtdylar.

Habarçymyza görä, “Türkmenistan” howa ýollary kompaniýasy 29-njy iýunda Kazandan 155 ýolagçy, 1-nji iýula geçilen gije Dubaýdan 147 ýolagçy getirdi.

Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň habarçylary 5-nji iýulda “Türkmenistan” howa ýollary kompaniýasynyň Moskwadan geljek uçarynyň Türkmenbaşy howa menziline gonmagyna garaşylýandygyny habar berýärler.

Ýatlasak, milli daşaýjy Kazan we Dubaý ugurlary boýunça hepdede bir gezek dowamly uçar gatnawlarynyň dikeldilýändigini habar berdi. Moskwa ugry boýunça dowamly uçar gatnawlary hepdede iki gezek ýola goýulýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary dikeldilen dowamly uçar gatnawlarynyň Türkmenbaşy ýa-da Türkmenabat halkara howa menzillerine amala aşyrylýandygyny habar berýärler.

Bu aralykda, habarçylarymyz ýurt içinde gaýtadan dikeldilen sebitara hereketiň käbir jikme-jikligi barada habar berýärler.

“Aşgabat şäherinden welaýatlara gitjek bolsaň, koronawirus testi talap edilmeýär. Aşgabadyň ýaşaýjylary arkaýyn welaýatlara gidip bilýärler. Lebapdan Aşgabada gitjek bolsaň, hökman test talap edilýär. Diňe ýaş çagalardan test talap edilmeýär. Test netijäň bolmasa, uçara ýa-da otla bilet satyn alyp bolmaýar” diýip, bir ýerli ýolagçy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanyň hökümeti iki ýyl ozal yglan edilen pandemiýanyň dowamynda ýurduň çäginde hiç hili koronawirus hadysasyny resmi taýdan hasaba almady. Bütindünýä saglyk guramasynyň bilermenleri wagtal-wagtal Türkmenistanyň hödürlemeýän koronawirus sanlaryna şübheli çemeleşse-de, ahyrsoňy BSG “pandemiýa garşy göreşde bitiren işleri üçin” Türkmenistanyň saglyk işgärlerini sylaglady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG