Şu günler Türkmenistanyň günorta-günbatar sebitlerinde howanyň temperaturasy ýokarlanýar. Aşa yssy howa mal ölümlerine getirýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Balkan welaýatyndan habar berýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary iýunyň ahyrlarynda, howanyň temperaturasynyň kölegede 50 gradusa golaýlamagynyň fonunda, köpçülikleýin mal ölümleriniň Mary welaýatynda hem hasaba alnandygyny habar berdiler.
Şu günler Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde, Serdar we Magtymguly etraplarynda, dag eteklerinde howanyň temperaturasy gaýtadan gyzyp başlady.
Azatlygyň habarçysy Serdar etrapynda howanyň temperaturasynyň 17-nji iýul, ýekşenbe güni 44 gradusa çenli golaýlandygyny habar berdi.
“Soňky üç günüň dowamynda etrabyň iri şahly mallary howanyň gyzmagy zerarly haram ölüp başlady” diýip, etrap ýaşaýjylary aýdýarlar.
Degişli maglumat Aşa yssy howa: Mallar köpçülikleýin gyrylýar, oba-hojalyk tehnikasy sandan çykýar17-nji iýulda howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri öňümizdäki hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň dürli sebitlerinde howanyň temperaturasynyň 45-48 gradusa çenli ýokarlanmagyna garaşylýandygyny habar berdi.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron neşiri soňky dört hepdä golaý wagtyň dowamynda howa barada çap eden azyndan dört habaryny pozdy. Döwlet neşirinde 20-nji iýunda, 27-nji iýunda, 5-nji iýulda we 11-nji iýulda çap edilen howa maglumatlary açylmaýar. Döwlet eýeçiligindäki elektron neşirde “Sahypa tapylmady Bagyşlaň! Siziň gözleýän sahypaňyz ýok” diýen habar peýda bolýar.
Türkmenistanyň hökümeti we döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýurduň çäginde bolup geçýän adatdan daşary howa hadysalary, tebigy heläkçilikler barada öz ilatyna habar bermeýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň günorta-günbatar sebitlerinde howanyň temperaturasynyň aşa ýokarlanmagynyň mal ölümlerine getirýändigini habar berýärler. Galyberse-de, Serdar etrabynda haram ölen mallaryň eti, Azatlygyň habarçysyna görä, arzan bahadan ýerli ilata satylýar.
“Gün urup ölen mallaryň etini arzan bahadan et dükanlaryna we oba adamlaryna satýarlar. Onuň 1 kilogramyny 25-30 manatdan satýarlar. Oba adamlary mallary haram ölen adamlara ýardam hökmünde bu etleri satyn alýarlar. Eger gün uran sygryň heniz haram ölmänkä damagyny çalyp ýetişen bolsalar, etiň bahasy 50 manada çenli ýokarlanyp bilýär” diýip, oba ýaşaýjylary Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdiler.
Galyberse-de, sebitde mallaryň köpçülikleýin gyrylmagynyň fonunda peýda bolýan arzan et, Azatlygyň habarçysyna görä, ýerli telekeçilerde gyzyklanma döredýär.
Habarçymyz sebit ýaşaýjylaryna salgylanyp Balkan welaýatynda hereket edýän käbir kafeleriň, gamburger we kebap hödürleýän garbanyşhanalaryň eýeleriniň, köpçülikleýin mal ölümleriniň fonunda, arzan et tapmak üçin ýörite tagalla edýändiklerini habar berýär.
“20-30 manatdan arzan et satyn alyp, telekeçilik bähbidini oýlaýan adamlar köp” diýip, ýerli habarçy maglumat berdi.
Degişli maglumat Aşgabat hassahanalary Berdimuhamedowyň ýaş toýunda yssy 'uran' näsaglardan 'basylýar'Azatlygyň habarçysy Serdar etrabynyň daýhan bazarynda “haram et bilen halal eti” garyp satýan gassaplaryň hem bardygyny habar berýär.
“Meselem, 250 kilogram et satsalar, şonuň diňe 70 kilogramy haram ölen malyň eti, eger köp goşsalar müşderilerini ýitirmekleri ahmal” diýip, Serdar etrabynyň bir ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Şol bir wagtda, gassaplaryň arasynda etiň hili barada alyjylara öňünden duýduryş berýän adamlar hem bar.
“Etiň haram ölen malyň etidigini aç-açan aýdyp, arzan et satýan dükanlar-da bar, ol etleri garyp maşgalalar begenip satyn alýarlar” diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.
Ýerli ýaşaýjylar gassaplardaky ýaramaz hilli etleriň Döwlet arassaçylyk we kesellere garşy göreş gullugynyň hil barlagyndan nädip geçendigi bilen gyzyklanýar.
Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Serdaryň etrap häkimliginden kommentariý alyp bilmedi.
“Mal etine at etiniň we düýe etiniň hem garylyp satylmagy köp ýyl bäri et dükanlarynyň uly gazanç çeşmesidir” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi aýtdy.
Türkmenistanda dowam edýän aşa yssy howa şertleri adamlaryň jan saglygyna hem ýaramaz täsir edýär. Iýulyň başlarynda Azatlygyň habarçylary Balkan welaýatynda aşa yssy howa şertlerinde içgeçme keseliniň köpelendigini habar berdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.