Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 5-nji iýulda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda ýokary derejeli iki howpsuzlyk resmisine käýinç yglan edildi, baş prokuror wezipä bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.
Resmi habarda aýdylmagyna görä, howpsuzlyk mejlisinde soňky alty aýda ýerine ýetirilen işler maslahat edildi.
Prezidentiň geçiren nobatdaky howpsuzlyk mejlisi goňşy Özbegistanyň Garagalpagystan awtonom respublikasynda geçirilen köpçülikleýin protestleriň we bu protestleriň häkimiýetler tarapyndan zorlukly basylyp ýatyrylmagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Serdar Berdimuhamedow 19-njy martda prezident wezipesine girişeli bäri, her aýyň ilkinji hepdesinde howpsuzlyk mejlisini geçirýär.
Mundan ozal, 6-njy aprelde, 4-nji maýda we 4-nji iýunda howpsuzlyk mejlisleri geçirildi.
Degişli maglumat Çeşme: Interneti çäklendirmek babatda kiçi we uly Berdimuhamedowlaryň pozisiýalary tapawutlanýar5-nji iýulda geçirilen mejlisiň dowamynda prezident Berdimuhamedow ýurduň baş prokuroryny wezipä belledi. Prezidentiň karary bilen Begmyrat Begmyradow baş prokuroryň wezipesini ýerine ýetirmekden boşadyldy we bu wezipe Serdar Mälikgulyýewe ynanyldy.
Ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Serdar Mälikgulyýew 2018-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Aşgabat şäheriniň prokurory wezipesine bellenip, Daşoguz welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadylypdy.
Türkmenistanyň öňki baş prokurory Batyr Atdaýew prezidentiň iýun aýynda geçiren howpsuzlyk mejlisinde işden boşadylyp, hökümet başlygynyň söwda toplumy boýunça orunbasary wezipesine bellenipdi. Munuň bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşine agzalyk hukugyny ýitiren Atdaýew , has ozal, 2017-nji ýylyň maý aýynda, Azatlygyň ygtybarly çeşmelerine görä, ýurduň prokuratura we içeri işler edaralarynda geçirilen giň gerimli arassalaýyşdan soň, baş prokuror wezipesine bellenipdi.
Prezidentiň atdaşy bolan täze baş prokuror, Serdar Gurbangulyýewiç Mälikgulyýew, käbir çeşmelere görä, garaşsyz Türkmenistanyň dokuzynjy baş prokurory boldy. Konstitusiýa laýyklykda ýurduň baş prokurory Halk Maslahatynyň razyçylygy bilen wezipä bellenilýär.
TDH-nyň habaryna görä, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sişenbe güni geçirilen nobatdaky mejlisinde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Begenç Gündogdyýewe hem-de Milli howpsuzlyk ministri Gurbanmyrat Annaýewe “käýinç” yglan edildi. Bu käýinçleriň ikisi-de ýokary derejeli howpsuzlyk resmileriniň “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin” diýen düşündiriş bilen esaslandyryldy. Ýöne döwlet metbugaty “işde goýberilen kemçilikleri” aýdyňlaşdyrmady.
Begenç Gündogdyýew 6-njy aprelde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesine bellenildi.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzümine ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary girýär we oňa Türkmenistanyň prezidenti, Ýaragly güýçleriniň serkerdebaşysy ýolbaşçylyk edýär.
Degişli maglumat Serdar Berdimuhamedow döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryny we IIM-niň başlygyny täzelediNobatdaky howpsuzlyk mejlisiniň dowamynda täze resmileri wezipä bellemek we howpsuzlyk resmilerine käýinç bermek işlerinden daşary, döwlet metbugatyna görä, başga-da käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Olaryň hatarynda ýurduň howpsuzlyk edaralarynda 2022-2028-nji ýyllar aralygynda ýerine ýetirilmeli işleriň maksatnamasy tassyklandy. Döwlet metbugatyna görä, bu maksatnama esasan ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň tehniki binýadyny pugtalandyrmagy we howpsuzlyk ulgamynda täze tehnologiýalary ulanmagy maksat edinýär.
Şeýle-de, Howpsuzlyk mejlisinde häkimlikleriň düzümine girýän Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy (RÝNÝ) bölümleri Adalat ministrliginiň düzümine geçirildi. Resmi habara görä, RÝNÝ bölümleriniň işini bir bitewi sanly ulgamyň üsti bilen guramak göz öňünde tutulýar.
RÝNÝ bölümleri raýatlaryň arasyndaky nika gatnaşyklary, dogluş, ölüm, at familiýalaryň üýtgedilmegi ýaly raýat ýagdaýlaryny döwlet belligine alýar.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisi goňşy Garagalpagystan awtonom respublikasynda bolan tolgunyşyklaryň yz ýanyna gabat geldi. Ýöne mejlisiň dowamynda goňşy ýurtda bolan köpçülikleýin tolgunyşyklar, sebitiň howpsuzlyk meseleleri, mälim bolan maglumatlara görä, maslahat edilmedi. Türkmenistanyň döwlet metbugaty mejlisiň dowamynda başga-da birnäçe meselä garalandygyny aýtdy, ýöne bu meseleleri aýdyňlaşdyrmady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.