Türkmenabat: Yssy howa hem adamlary, hem enjamlary 'aljyradýar'

29-njy iýunda Lebap sebitindäki howanyň resmi görkezijileri

Türkmenistanda tomsuň yssy günleri dowam edýär we, Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, bu ýylky epgekli howa dowamly ykdysady kynçylyklaryň azabyny çekýän adamlaryň durmuş, saglyk aladalaryny has-da köpeldene meňzeýär. Lebapdaky habarçymyzyň maglumatyna görä, 29-njy iýunda, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş toýunyň aýdym-sazly dabaralar bilen bellenen gününde Türkmenabatda howanyň gyzgyny kölegede 47 gradusa baryp ýetdi. Emma “Watan” habarlar programmasynyň 29-njy iýun agşamy beren howa maglumatynda aýdylmagyna görä, Lebapda howanyň gyzgyny 45 gardus boldy.

Türkmenabadyň köçelerinde adam görünmeýär, ýola çykýan awtoulaglar 50% azaldy, bazarlardaky söwda-satyk işleri tasdan togtap galdy, söwdagärler zyýan çekýär diýip, Türkmenabatdan gelen habarda aýdylýar.

Türkmenistandaky jokrama yssy we köçelerde tas hiç kimiň görünmezligi bilen bagly ýagdaý türkmen paýtagtynda geçirilen Hazar sammitini beýan etmäge baran rus žurnalistleriniň hem ünsüni çekipdir. Ýöne myhmanlaryň adamlar baradaky soragyna olaryň esasan söwda merkezlerinde köp bolýandygyny aýdyp, jogap berdiler.

Emma ýerli habarçy adamlaryň bazarlarda hem örän azalandygyny, zerur azyk harytlarynyň esasan ir sagatlarda alynýandygyny aýdýar.

Degişli maglumat Aşa yssy howa: Mallar köpçülikleýin gyrylýar, oba-hojalyk tehnikasy sandan çykýar

“Bu yssyda bazara barýan adam ýok diýen ýaly, egin-eşik sowdasy durdy, diňe azyk önümleriniň satylýan ýerlerinde adam bar, ýöne olaram gaty azaldy” diýip, Türkmenabatdaky habarçymyz alyjylaryň günortana galman, howa gaty gyzmanka, gyssanmaç söwda edip, basymrak öýlerine gaýtjak bolýandyklaryny gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, howanyň aşa gyzmagy netijesinde, ýollara düşelen asfalt günortanlardan başlap ereýär we, ozal has tekiz bolan ýollardaky beýikli-pesli ýerleriň köpelmegine, ýollaryň bozulmagyna sebäp bolýar.

Şeýle-de ol, howanyň aşa gyzmagy we iş, durmuş şertleriniň agyrlaşmagy bilen baglylykda, döwlet edaralarynyň hiç hili ýeňillik çäresini görmändigini, iş sagatlarynyň öňki-öňküligine galandygyny habar berýär.

Şonuň bilen bir wagtda, Lebapdaky habarçymyzyň maglumatyna görä, çagalar baglarynda çagalary daşaryk, oýun meýdançalaryna alyp çykmak gadagan edildi, harby bölümlerde bolsa, sagat 11.00-dan sagat 16.00-a çenli aralykda kazarmalardan çykmaga rugsat berilmeýär.

Howanyň aşa gyzmagynyň üstesine, sowadyjylara bolan zerurlygyň aşa artmagy bilen, Türkmenistandaky elektrik üpjünçiliginiň durnuklylygy hem gowşaýar.

“Türkmenabadyň ähli ýerinde elektrik üpjünçiliginiň durnuklylygy gowşady, tok akymy peselip, beýgelip durýar, arasynda elektrik kesilip gelensoň, sowadyjylar takyrdap, birden öçüp galýar, birden işleýär. Sowadyja tok ýetenok, kondisionerim köýdi diýen zeýrençler barha köpelýär” diýip, habarçymyz holodilnikleriň hem düzüwli işläp bilmeýändigini, olarda diňe gije ýarymyndan soň goýlan azyk önümleriniň sowap başlaýandygyny sözüne goşdy.

Degişli maglumat Aşa yssy howa sebitlerde gündelik durmuşy bökdeýär

Türkmenabatdaky habarçymyz häzirki yssynyň şäherde ýaşaýan gartaşan adamlaryň müňlerçesini sowadyjyly otaglara gabap goýandygyny, olaryň jan saglygynyň köplenç salkyn jaýa bagly bolýandygyny aýtdy.

Mundan başga, yssy howa ýola çykýan, jemgyýetçilik ulaglaryny ulanmaga mejbur bolýan adamlary hem kyn ýagdaýa salýar: ulanylýan awtobuslarda sowadyjy ýok, olaryň penjirelerinde tuty hem görünmeýär, aýnalary garaltmak hem gadagan, şu sebäpden, daşarda howanyň gyzgyny 47 gradus bolsa, awtobuslaryň içiniň gyzgyny 40 gradusa ýetýär diýip, habarçy aýtdy.

“Awtobusdaky adamlar gara der bolup otyr, taksi müneli diýseler, bu günler, yssa çydaman, hususy taksiçiler hem ýola çykmalaryny azaltdylar, işe çykanlary bolsa iki esse nyrh soraýar” diýip, habarçy yssynyň diňe adamlara däl, tehniki enjamlara, awtoulaglara hem uly zyýan ýetirýändigini gürrüň berdi.

Mundan başga, häzirki yssy şertlerinde çagalara ýaplarda, aryklarda suwa düşmek, salkynlamak gadagan edildi. Suwly ýerleriň ählisiniň golaýynda polisiýa işgärleri goýuldy, olar suwa düşjek bolýan çagalary kowýarlar diýip, habarçy aýtdy.

Mundan öňki ýyllarda Türkmenistan tomsuň yssysynda, barha ýakasyny tanadýan suw meselesi bilen baglylykda, şäherlerdäki suw çüwdürimleriniň hem işini togtatmaga mejbur bolupdy. Emma 29-njy iýunda guralan ýaş toýy konsertindäki kümüşsöw suw çüwdürimleri, TDH-nyň ýazmagyna görä, tomaşaçylarda aýratyn täsir galdyrdy.

Degişli maglumat Jokrama yssyda Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni mejbury belledilýär

Ýyllaryň tejribesinden belli bolşuna görä, Türkmenistanda tas üç aýa çenli dowam edýän yssy howa, ýyl aşa yssy gelende, ýaşuly adamlaryň, näsag adamlaryň we çagalaryň ençemesiniň ölümine sebäp bolýar. Emma türkmen häkimiýetleri bu ýagdaý bilen bagly maglumatlary çap etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.