Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäheriniň bazarlarynda we döwlet dükanlarynda ilata arzan bahadan satylýan azyk önümleriniň käbir görnüşleri peýda boldy. Geçen hepdäniň ahyrynda türkmenabatlylara towuk budy we günebakar ýagy çäkli möçberde satylyp başlandy. Ýaşaýjylar häkimiýetleriň bu çäresini Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebite etmegine garaşylýan saparynyň öňüsyrasynda "emeli azyk bolçulygyny" döretmek tagallalary diýip häsiýetlendirýärler.
Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysynyň maglumatlaryna görä, bir kilogramy 16 manatdan satylýan towuk budy günüň dowamynda iki gezek, irden bazarlarda we öýlan dükanlarda, satuwa çykarylýar.
"Türkmenabadyň "Gök" we "Merkezi" bazarlarynda towuk budy irden sagat 9-da satylyp başlanýar we sagat 10 bolmanka satylyp gutarýar. Dükanlarda towuk budy öýlän sagat 3-4 aralygynda satylýar. Her adam diňe 3 kilogram towuk buduny satyn alyp bilýär" diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde 5-nji iýunda gürrüň berdi.
Degişli maglumat Öňki prezidentiň Lebaba gelmegine garaşylýarTowuk budy üçin hasaplaşyklar nagt we nagt däl görnüşinde, ýagny bank kartlary arkaly hem kabul edilýär. Habarçymyz towuk budunyň hyrydarynyň örän kändigini aýdyp, bazarlarda duran adamlaryň nobatlarynyň dükanlaryň öňündäkiden has uludygyny hem belleýär.
Türkmenabatda arzan bahadan towuk budunyň peýda bolmagy etiň söwdasynyň peselmegine we onuň bahasynyň birden aşaklamagyna hem getirdi.
"Häzir bir kilogram iri malyň eti 50 manada arzanlady. Söwdagärler 10 kilogram et satyn alana ony 48 manatdan hem satýarlar. Arzan towuk budy satuwa çykansoň, iri malyň eti satylýan hatarlara, tekjelere barýan adam tas ýok. Etiň satuwy birden durdy" diýip, ýerli telekeçi anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Ýatlatsak, mundan ozal bazarlarda towuk budunyň bir kilogramy 40 manatdan, iri malyň bir kilogramy 60 manatdan satylýardy.
Mundan başga-da, Türkmenabatda ilata arzan bahadan satylýan azyk önümleriniň ýene bir görnüşi peýda bolup, döwlet dükanlarynda her bir adama bir litr günebakar ýagy hem satylyp başlandy.
"Günebakar ýagy 31 manatdan satylyp, ony almak isleýänlerden hiç hili sprawka, kepilnama talap edilmeýär. Bazarlarda şu günebakar ýagynyň bahasy 37 manada barabar" diýip, ýerli ýaşaýjy sözüni jemledi.
Bellesek, mundan ozal Türkmenistanda ilat gürrüňi edilýän azyk önümlerini, ýagny towuk buduny we günebakar ýagyny her aý çäkli möçberde subsidirlenen bahadan satyn alyp bilýärdi. Ýöne ýurtda dowam edýän agyr ykdysady kynçylyklaryň arasynda, häkimiýetler ilata hödürlenýän bu ýeňillikleri şu ýylyň başynda doly diýen ýaly ýatyrdy.
Degişli maglumat Türkmenabatlylar prezidentiň saparyna we şäheriň durmuşynyň ‘durmagyna’ taýýarlanýarDöwlet dükanlarynyň we bazarlaryň söwdegärleri arzan harytlaryň gaýtadan satuwa çykarylmagynyň sebäpleri we onuň söwdasynyň näçe wagt dowam etjekdigi barada ilata anyk düşündiriş bermeýärler. Bu barada Azatlygyň ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak synanyşygy hem başa barmady.
Ýöne habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylaryň ençemesi arzan harytlaryň peýda bolmagyny häkimiýetleriň öňki prezidentiň sebite etmegine garaşylýan saparynyň öňüsyrasynda "emeli azyk bolçulygyny" döretmek tagallalary diýip häsiýetlendirýärler.
Ýatlatsak, geçen hepdäniň ikinji ýarymynda Azatlygyň sebitdäki habarçylary öňki prezident, Milli geňeşiň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebaba sapar etmegine garaşylýandygyny habar berdiler.
Şonda habarçylarymyz munuň bilen baglylykda, Türkmenabatda ozalky prezidentiň geçjek ýollarynyň ugurlarynda, şol sanda döwlet işgärleriniň hem çekilmegi bilen, mejbury arassaçylyk işleriniň, ýowarlaryň geçirilýändigini hem aýtdylar.
Ozalky prezidentiň Türkmenabada etjek saparynyň anyk senesi we onuň gün tertibi barada resmi maglumat ýok. Türkmen häkimiýetleri we döwlet media serişdeleri ýurt resmileriniň welaýatlara etjek saparlary barada öňünden hiç hili habar bermeýärler. Şol sebäpli ýurt resmileriniň sebitlere planlaşdyrýan saparlarynyň amala aşjakdygy ýa aşmajakdygy soňky pursada çenli nämälim bolup galýar.
Şol bir wagtda, ýurt ýolbaşçylarynyň we resmileriniň sebitlere etjek saparynyň öňüsyrasynda ýerli bazarlarda we dükanlarda köplenç "emeli azyk bolçulygy, arzançylygy we köpdürliligi döredilmäge" çalşylýar. Ýöne bu ýagdaý gysga wagt dowam edip, soňra "emeli bolçulyk" gürüm-jürüm bolýar.
Degişli maglumat Balkanda täze prezidenti wasp edip, goşgy ýazmak boýunça bäsleşik yglan edildiGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.