Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatlylar prezidentiň saparyna we şäheriň durmuşynyň ‘durmagyna’ taýýarlanýar


Azatlygyň ýerli söhbetdeşleri prezidentiň saparlarynyň dowamynda sebitiň adaty durmuşynyň doly togtaýandygyny aýdýarlar.
Azatlygyň ýerli söhbetdeşleri prezidentiň saparlarynyň dowamynda sebitiň adaty durmuşynyň doly togtaýandygyny aýdýarlar.

Lebabyň dolandyryş merkezi Türkmenabatda, prezidentiň mümkin saparyna görülýän taýýarlyklaryň çäginde, giň gerimli arassaçylyk işleri geçirilýär. Bu ýagdaýlary içginden yzarlaýan ýerli habarçymyz mejbury ýowarlara, dynç günlerine hem garamazdan, ýüzlerçe býujet işgärleriniň-de çekilýändigini gürrüň berdi. Bu aralykda türkmenabatlylar, bu hili saparlarda adatça bolşy ýaly, şäheriň gündelik durmuşynyň doly togtap galmagyna eýýäm häzirden taýýarlanýarlar.

“18-nji maý [Konstitusiýa we Baýdak güni] ýurtda resmi baýramçylyk bolsa-da, Türkmenabadyň tas ähli edara-kärhanalarynda mejbury ýowarlar geçirildi. Eýýäm birnäçe günden bäri şäheriň köçeleri oňarylýar, baglar ekilýär, ýollaryň ugrundaky jaýlar täzeden reňklenýär, haşal otlar çapylýar. Mundan başga-da, ýollaryň gabadyndaky demir jähekler, sütünler esgi bilen ýuwulýar. Bu işlere kommunal hojalyk gullugynyň işgärleri bilen birlikde, býujetçiler hem gatnaşdyrylýar” diýip, 19-njy maýda mejbury arassaçylyk işlerine çekilen türkmenabatly döwlet işgärleriniň biri gürrüň berdi.

Şäher häkimliginiň atlandyrylmasyzlygyny soran işgäri soňky köpçülikleýin arassaçylyk işleriniň, öňümizdäki günlerde prezident Serdar Berdimuhamedowyň Lebaba amal etmegine garaşylýan saparyna gabat geçirilýändigini aýtdy.

“Onuň anyk haçan geljekdigi belli däl. Emma ýolbaşçylar maýyň 25-30-i aralygynda Türkmenabadyň ähli bazarlarynyň ýapyk boljakdygyny mälim etdiler. Olar bu günlerde satyjylaryň söwda nokatlaryna gelmeli däldigi barada duýdurylmagyny hem tabşyrdylar. Mundan başga-da, şäheriň esasy ‘Bitarap Türkmenistan’ köçesiniň ugrundaky ähli dükanlaryň wagtlaýyn ýapyljakdygy aýdyldy” diýip, 40 ýaşlaryndaky söhbetdeşimiz belledi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we döwlet media serişdeleri ýurt ýolbaşçylarynyň we resmileriniň ýurduň sebitlerine etjek saparlary barada öňünden hiç hili habar bermeýärler. Şol sebäpli ýurt resmileriniň sebitlere planlaşdyrýan saparlarynyň amala aşjakdygy ýa aşmajakdygy soňky pursada çenli nämälim bolup galýar.

Azatlyk 19-njy maýda prezident Berdimuhamedowyň Lebaba amala aşyrjak saparynyň mümkin seneleri barada welaýatyň häkimliginden maglumat alyp bilmedi.

Bu aralykda, Azatlygyň habarçylary prezidentiň saparlarynyň öňýany sebitlerde gözegçiligiň güýçlendirilýändigini, geçiriljek dürli mejbury çärelere gatnaşmaly adamlaryň milli howpsuzlyk gullugynyň barlagyndan geçirilýändigini habar berýärler.

Mundan başga-da, Azatlygyň ýerli söhbetdeşleri prezidentiň saparlarynyň dowamynda sebitiň adaty durmuşynyň doly togtaýandygyny, ýaşaýjylaryň hem sapar tamamlanmaýança “gabawdaky” ýaly ýagdaýda ýaşamaly bolýandyklaryny aýdýarlar.

Olar prezidentiň saparynyň dowamynda şäherde ulaglar bilen birlikde, pyýada adamlaryň hem köçelerden kowulýandygyny, şol sebäpli köpleriň bu günleri öýlerinden çykman geçirýändiklerini hem nygtadylar.

Resmi metbugat prezidentiň welaýatlara edýän saparlarynyň dowamynda girizilýän hereket çäklendirmeleriniň, hem-de adamlaryň mejbury çärelere çekilmeginiň halkyň gündelik durmuşyna ýetirýän ýaramaz täsiri barada habar bermeýär. Bu meseleler boýunça ýerli resmiler hem beýanat bilen çykyş etmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG