Çagalar we býujet işgärleri aýrybaşga iki köpçülik çäresine mejbury çekildi - Mary

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

1-nji iýun – Çagalary goramagyň halkara güni Mary welaýatynyň Mary şäherinde geçirilen köpçülik çärelerine çagalar mejbury çekildi. Şeýle-de, welaýat paýtagtynyň merkezi köçelerinde Bütindünýä welosiped gününiň öňýany, 1-nji iýunda irden köpçülikleýin tigir sürmek çäresi geçirildi. Bu çärä bolsa, býujet işgärleri mejbury gatnaşdy. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.