Türkmenbaşyda okuwçylar mekdebi abatlamak üçin pul tabşyrmaga mejbur edilýär

Mekdep okuwçylary, Aşgabat (illýustrasiýa suraty)

Okuw ýylynyň soňy ýakynlaşdy we şol bir wagtyň özünde mekdepleriň ýolbaşçylarynyň öňünde durýan meseleler, mekdep okuwçylaryna we olaryň ene-atalaryna bildirilýän talaplar hasam agyrlaşýar. Gün tertibindäki esasy meseleleriň biri mekdepleri abatlamak üçin okuwçylardan ýyl-ýyldan pul ýygnalmakdyr.

Türkmenbaşynyň mekdepleri okuw jaýlarynyň binalaryny abatlamak üçin pul ýygnaýarlar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary, bu günbatar sebitdäki ýagdaýlar barada habar berip, ähli mekdepleriň okuwçylarynyň dynç alyşdan öň mekdebe 200-600 manat aralygynda pul tabşyrmalydygyny aýdýarlar. Soralýan puluň mukdary okuw jaýynyň kararyna baglylykda tapawutlanýar. Mekdep ýolbaşçylarynyň sözlerine görä, bu pul fasadlary reňklemek, üçekleri bejermak, synp otaglaryny we partalary abatlamak ýaly işlerine sarp ediler.

Bu aralykda, adynyň efirde tutulmazlygy şertde Azatlyk bilen gürleşen türkmenbaşyly enäniň sözlerine görä, pul tabşyrmak talaby köp maşgalalary agyr ýagdaýa salýar, köpçülik güzeranyny zordan dolandyrýar.

Degişli maglumat ‘Soňky jaň’ dabaralary güýçlendirilen gözegçilikde geçirilýär

"Biz zordan gün görýäris, şäher häkimiýetleri we mekdep müdirleri döwletiň pul bölüp bermändigini we mekdepleri abatlamak üçin bizden pul ýygnaýandygyny aýdýarlar. Meniň pikirimçe, bu korrupsiýadan başga zat däl" diýip, 14-nji mekdebiň okuwçylarynyň ejesi aýdýar we mekdebi abatlamakdan başga-da, puluň direktora we mugallymlara sowgat üçin pul ýygnanýandygyny gürrüň berýär.

Şeýle hem, zenan talaplaryň mukdarynyň köpelýändigini, mekdeplerde berilýän bilimiň derejesiniň bolsa, peselýändigini belleýär.

Türkmenbaşyly mekdep okuwçylarynyň ene-atalary çagalarynyň geljegi barada alada edýändigini belleýärler. Köpçüligiň ýokary okuw jaýyna girmek mümkinçiligi gaty ajypsyz, okuwyny dowam etdirmekden başga-da, iş tapmak hem kynlaşýar. Ýaşlaryň köpüsi gabat gelen iş bilen gün görmäge mejbur bolýarlar.

Azatlyk Radiosyna 18-nji maýda mälim bolşuna görä, Türkmenistanyň paýtagtyndaky orta mekdeplerde derňewler başlanyp, okuwçylardan pul ýygnamak işi bes edilipdir. Habarçylar munuň mekdepleriň zerurlyklary, şol sanda mekdebi abatlamak üçin okuwçylaryň pul tabşyrmaga mejbur edilýändigi barada garaşsyz metbugatda çap bolan birnäçe habarlardan soň bolandygyny habar berdiler.

Bu aralykda, käbir türkmenistanly mugallymlar okuwçylaryndan pul ýygnalmasa, mekdepleriň zerurlyklary üçin çykdajylary mugallymlaryň öz jübüsinden üpjün etmeli bolýandygyny Azatlyga gürrüň berdiler.

Bu, Azatlygyň çap eden habaryna teswir ýazan okyjynyň maglumatynda-da beýan edilýär.

"Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk" diýip, teswirde "Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok" diýilýär.

Teswir ýazan okujy şeýle-de, mekdebi abatlamak işlerini "Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler" diýýär hem-de "Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl" diýen pikiri orta atýar.

Degişli maglumat Azatlygyň habarlaryndan soň, mekdeplerde mejbury pul toplamak togtadyldy, barlag başlandy

Türkmenistanda mekdepleri abatlamak we dürli zerurlyklar üçin pul ýygnamak onlarça ýyl bäri amala aşyrylýar.

Döwletiň garamagynda bolup, býujetden maliýeleşdirilýän bilim edarasynyň abatlanylmagynyň näme üçin ene-atalaryň hasabyna amala aşyrylýandygyny resmilerden anyklamak mümkin däl. Azatlygyň mekdeplerden we Bilim ministrliginden resmi görnüşde maglumat almak ugrunda eden synanyşyklary başa barmady.

Türkmenistanyň hökümeti ýyl-ýyldan býujet serişdeleriniň agramly böleginiň sosial ulgamlara, şol sanda sosial ähmiýete eýe bolan infrastrukturanyň gurluşygyna sarp edilýändigini aýdýar. Çykdajylaryň jikme-jik statistikasy çap edilmeýär. Türkmenistanyň prezidenti 37 milliard dollarlyk gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilýändigini 2021-nji ýylda aýtdy. Olaryň arasynda "Aşgabat-siti" we Ahal welaýatynyň täze merkezi ýaly kaşaň proýektler bar. Bu aralykda, hökümet Türkmenistanyň ilatynyň aglaba bölegini garyplyga iterýän ykdysady krizisi ykrar etmeýär we ony düzetmäge isleg görkezmeýär.

Şu günki gün hatda iýmit üçinem ýeterlik pullary bolmadyk ilat köpçüligi häkimiýetleriň yzygiderli girizýän talaplaryny ýerine ýetirmäge mejbur bolýarlar, şol sanda dürli maksatlar hatda prezidentiň portretleri we kitaplary üçinem pul tabşyrýarlar.

Degişli maglumat Mary: Soňky jaň çykdajylary ene-atalary günsaýyn surnukdyrýar

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.