Türkmenabatda suw turbasy ýaryldy, 12 sagatlap suw bolmady

Türkmenabatda köneleşen turbalarda häli-şindi näsazlyklar ýüze çykýar, köçeleri suw basýar. (arhiwden alnan surat)

23-nji maýda Türkmenabadyň merkezinde uly basyşly suw geçirijiniň ýarylmagy netijesinde, tutuş şäherde 12 sagatlap agyz suwy kesildi.

“Duşenbe güni ir sagat 6-larda Türkmenabadyň esasy ‘Bitarap Türkmenistan’ şaýolunyň ugrundaky 800 diameterlik suw turbasy ýaryldy. Bu sebäpli, Agyzsuw edarasy tutuş şäheriň suw üpjünçiligini kesdi. Mekdepler, çagalar baglary, hassahanalar, zawod fabrikler dagy agyz suwundan doly mahrum galdy” diýip, türkmenabatly ýaşaýjylaryň biri 23-nji maý güni giçlik habarçymyza gürrüň berdi.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli şahsyýetini aýan etmezligini soran söhbetdeşimiz suwuň duýdansyz tas ýarpy güne kesilmegi raýatlaryň durmuşyna hem ýaramaz täsir ýetirendigini aýtdy. Ol, adatça, şäheriň Agyzsuw edarasynyň dürli abatlaýyş işleri sebäpli suwuň kesiljekdigini birnäçe gün öňünden duýdurýandygyny, bu ýagdaýlarda öňünden taýýarlyk görmäge mümkinçilikleriň hem bolýandygyny belledi.

“Bu gezek öňünden ätiýaç edip gaplary suwdan dolduryp bilmedik. Nahar, tebigy hajatlar... ýaly zerurlyklar hojalyklary gaty kyn güne saldy. Bu sebäpli, çagalar bagynda hem perzendim kadaly iýmit edinip bilmedi” diýip, 40 ýaşlaryndaky öý hojalykçy belledi.

Degişli maglumat Gagarumlylardan zeýkeşleri gazmak üçin pul ýygnalýar

Türkmenabadyň demirgazygyndan şäheriň günortasyna, tä aeroporta çenli uzaýan esasy suwgeçirijiniň ýarylmagynyň sebäpleri barada sebitiň häkimliklerinden maglumat almak başartmady.

Emma anonimlik şertinde söhbetdeş bolan ýerli hünärmenleriň biri uzynlygy 30 kilometre golaý bu turbanyň çekilenine eýýäm 20 ýyldan hem aşa wagtyň bolandygyny, şol sebäpli-de onda häli-şindi näsazlyklaryň ýüze çykýandygyny, köçeleri suw basýandygyny aýtdy.

Ol prezidentiň sebite edýän saparlarynyň dowamynda hem, turbanyň birden duýdansyz ýarylmagyndan howatyr edip, onuň basyşynyň peseldilýändigini we netijede şäheriň çetki sebitlerine suwuň asla barmaýandygyny nygtady.

Bellesek, Türkmenabatdaky esasy suw turbasynyň ýarylmagy öňümizdäki günlerde prezident Serdar Berdimuhamedowyň Lebaba etmegine garaşylýan saparyna görülýän giň gerimli taýýarlyklara, mejbury arassaçylyk işlerine gabat geldi.

Degişli maglumat Türkmenabatlylar prezidentiň saparyna we şäheriň durmuşynyň ‘durmagyna’ taýýarlanýar

Soňky üç onýyllygyň dowamynda ýurduň dürli künjeginde suw öndürmäge we arassalamaga niýetlenen kärhanalaryň we suw basyş desgalarynyň ençemesi guruldy. Munuň bilen bir wagtda, şäher ýerlerinde turbalary täzelemek ýa abatlamak boýunça ýygy-ýygydan gazuw işleri hem geçirilýär.

Muňa garamazdan, Türkmenistanda suw üpjünçiligi meselesi onlarça ýyl bäri çözülmän galýar.

Habarçylarymyzyň we ýerli hünärmenleriň sözlerine görä, ilat köpçüliginiň ýaşaýan ýerleriniň aglaba bölegi köne kärhanalaryň hasabyna köplenç könelişen we sandan çykýan enjamlar, turbalar bilen üpjün edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.