IPPF: Türkmenistan aýallaryň bedenlerine gözegçiligi güýçlendirýär

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenistanyň häkimiýetleriniň aýal-gyzlara gözegçiligi we köp sanly gadaganlygy adam hukuklary boýuça halkara guramalarynyň ünsüni özüne çekdi. Maşgalany planlaşdyrmak boýunça halkara federasiýasy (IPPF), soňky bir aýyň dowamynda türkmen hökümetiniň girizen gadaganlyklary barada çap eden synynda ýurtda abortyň tas doly gadagan edilendigini aýdyp, halkara jemgyýetçiligini Türkmenistanda aýal-gyzlaryň hukuklaryna edilýän gödek hüjümlere garşy çäre görmäge çagyrýar.