Täjigistanyň awtoritar prezidenti Emomali Rahmonyň ogly, täjik parlamentiniň spikeri we paýtagt Duşenbäniň häkimi Rustam Emomali Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň parlamentara forumyna gatnaşmak üçin 11-nji maýda resmi sapar bilen Aşgabada bardy. Bu barada “Orient” neşiri habar berýär.
Rustam Emomali çarşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň kakasy we Halk Maslahatynyň başlygy, eks-prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.
Türkmen metbugatyna görä, taraplar iki ýurduň arasynda parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegini we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm ugurlaryny maslahat etdi.
Şeýle-de, täjik prezidentiniň ogly Türkmenistanyň parlamentiniň aşaky palatasynyň başlygy Gülşat Mämmedowa bilen hem duşuşdy.
12-13-nji maýda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň parlamentara forumy geçirilýär. Türkmen metbugatyna görä, degişli ýurtlaryň kanun çykaryjy ulgamlarynyň ýolbaşçylary bu maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada sapar edýärler.
Degişli maglumat “Wagtynda wezipeden gitmeli”. Nazarbaýewiň “abraýynyň synmagy” hem Tokaýewiň mümkinçilikleri. “Awtokratlar üçin duzak”Synçylar Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň öz ogly Rustam Emomalini ýurtdaky iň ýokary döwlet wezipesine taýýarlaýandygyny aýdýarlar.
Mundan ozal, prezident wezipesi Merkezi Aziýada ilkinji gezek Türkmenistanda atadan ogla geçdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow fewral aýynda “döwleti dolandyrmakda ýaşlara ýol bermegi makul hasaplaýandygyny aýdyp” wezipeden çekilmek niýetini äşgär etdi. Munuň yz ýany, ýurtda irki prezident saýlawlary yglan edilip, 12-nji martda geçirilen saýlawlarda Gurbanguly Berdimuhamedowyň 40 ýaşly ogly Serdar Berdimuhamedow giň ýaýran düzgün bozmalaryň arasynda geçirilen saýlawlaryň ýeňijisi yglan edildi.
Şonda Merkezi Aziýa boýunça bilermenler Türkmenistanda häkimiýetiň atadan ogla geçirilmegini sebit üçin “howply görelde” atlandyrdy.
Täjik parlamentiniň spikeri we Duşenbäniň häkimi Rustam Emomali 2017-nji ýylda, 29 ýaşynyň içinde prezident kakasy Emomali Rahmon tarapyndan täjik paýtagtyna häkim bellenildi.
Täjigistanda 2016-njy ýylda Konstitusiýa girizilen üýtgetmeler prezident bolmak üçin zerur bolan ýaş çägini 35 ýaşdan 30 ýaşa düşürdi.
Degişli maglumat Derejesi – "prezidentiň agtygy". Merkezi Aziýanyň köşklerindäki üçünji erkekler nesliGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.