Gara deňiz boýundaky Odesa portunyň güýçli raketa okuna tutulmagy bilen, gündogar Ukrainadaky söweşler barha gyzýar, Moskwa Mariupoluň polat zawodynda saklanyp galan soňky ukrain goragçylaryna garşy edýän hüjümini has güýçlendirdi. Şu aralykda Litwanyň kanun çykaryjylary Russiýany "terrorçylyk döwleti" diýip ykrar edýän we Moskwanyň Ukraina sebäpsiz çozmagyny "ukrain halkyna garşy genosid" diýip atlandyrýan karary biragyzdan kabul etdi.
Söweşe gatnaşmaýan adamlaryň köpüsi ewakuasiýa edilen hem bolsa, Russiýanyň yzygiderli we agyr zarbalaryna duçar bolan “Azowstal” polat zawodynyň içinde azyndan 100 raýat çykyp bilmän galdy diýip, şäher häkiminiň kömekçisi 10-njy maýda aýtdy.
"Azowstal" zawodynyň bukularynda harbylardan başga azyndan 100 raýat galdy. Emma bu basybalyjylaryň edýän hüjümlerini haýallatmaýar” diýip, kömekçi Petro Andriuşenko Telegram habarlaşma programmasynda ýazdy.
Rus goşunlary şu wagta çenli Mariupoly basyp almagy tamamlap bilmedi. Bu şäheriň “Azowstal” polat zawodyndan gizlenýän 1000-den gowrak ukrain söweşijisi garşy durup, şäheri goramagyny dowam etdirýär.
Mariupolyň synmagy Ukrainany möhüm portdan mahrum eder, Russiýa bolsa, bikanun anneksiýa edilen Krym ýarym adasyna gury ýer geçelgesini gurmak we başga ýerlerde söweşip biljek esgerleriň sanyny köpeltmek mümkinçiligini berer.
Ukrainanyň Luhansk, Harkow we Dnipro ýaly käbir gündogar sebitlerinde howa hüjüminiň sirenalary 10-njy maý güni irden eşidilip başlady.
Harkowyň sebit edarasynyň başlygy Oleh Sinehubow 10-njy maýda Russiýanyň mart aýynda Izýum şäherinde ýumran binasynyň harabalygyndan 44 sany parahat ýaşaýjynyň jesediniň tapylandygyny aýtdy.
Sinehubow bäş gatly binanyň içinde galan asuda ilatyň üstüne ýumrulandygyny aýtdy.
Izýum gündogar Ukrainadaky front çäginiň esasy düwünleriniň biri bolup durýar.
Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky 10-njy maýda ukrain ykdysadyýetiniň şu ýyl, rus çozuşy netijesinde, tas üçden birine golaý peseljekdigini aýtdy.
Düýbi Londonda ýerleşýän ýewropa banky Ukrainanyň önümçiliginiň Ösüş bankynyň mart aýynda, Moskwanyň başlan harby hüjüminiň yz ýanynda eden -20% çaklamasy bilen deňeşdirilende 30% azaljakdygyny aýtdy.
Rus gabawy bugdaý we günebakar ýagyny esasy eksport edýän ýurtlaryň biri bolan Ukrainanyň oba hojalygyna agyr zarba urdy. Munuň üstesine, söweşleriň dowam etmegi Ukraina ýewropaly awtoulag öndürijileri tarapyndan iberilen kabelleriň gelip gowuşmagynyň öňüni aldy.
Degişli maglumat Russiýa 9-njy Maý baýramçylygyny belleýär, “Azowstal” goragçylary soňuna çenli söweşjekdiklerini aýdýarlarAngliýanyň Goranmak ministrliginiň 10-njy maýda çap eden gündelik habarynda aýdylmagyna görä, Russiýanyň ukrain aýgytlylygyna kembaha garap, nädogry netije çykarmagy Kremliň söweş meýdanynda şowsuzlyga uçramagyna we prezident Wladimir Putiniň 9-njy maýda Moskwada geçirilen harby paradda eden çykyşynda üstünlik gazanylandygyny yglan etmekden saklanmagyna alyp geldi.
“Ukrain garşylygyna kembaha garamak "görnüp duran operasiýa şowsuzlyklaryna" alyp geldi, “Putiniň 9-njy maýda düýpli harby üstünlik gazanylandygyny yglan etmeginiň öňüni aldy” diýip, britan ministrligi aýtdy.
BMG-niň çap eden maglumatyna görä, Russiýanyň fewral aýynda başlan sebäpsiz çozuşyndan bäri Ukrainada ölen parahat adamlaryň sany 7 müňden geçdi.
Şu aralykda Litwanyň kanun çykaryjylary Russiýany "terrorçylyk döwleti" diýip ykrar edýän we Moskwanyň Ukraina sebäpsiz çozmagyny "ukrain halkyna garşy genosid" diýip atlandyrýan karary biragyzdan kabul etdi.
Şeýle-de, kanun çykaryjylar 10-njy maýda kabul eden kararlarynda Ukrainadaky urşa jogapkär bolan rus resmilerini jogapkärçilige çekmek üçin, Ikinji jahan urşundan soň döredilen Nýuremburg kazyýeti ýaly, halkara kazyýetiniň döredilmegine çagyrdylar.