Prezident Wladimir Putin Moskwanyň Ukraina esassyz çozmagyny aklamaga synanyp, ony "Watany goramak" üçin zerur ädim diýip atlandyrdy. Sowet Soýuzynyň 1945-nji ýylda faşistik Germaniýany ýeňmeginde oýnan roluny nygtamak üçin Moskwanyň Gyzyl meýdanynda guralan harby ýörişe başlyklyk eden Putin NATO-nyň rus serhetleriniň golaýynda howp döredendigi we Ukraina goşun sürmegiň zerur öňüni alyş çäresi bolandygy barada ozal hem aýdan sözlerini gaýtalady.
Şeýle-de ol gündogar Ukrainanyň Donbas sebitinde söweşýän esgerlere ýüzlenip, Russiýanyň bu sebiti Kiýewden "azat etjekdigini" aýtdy.
"Ykbaly çözülýän wagtynda Watany goramak hemişe mukaddesdir" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Rus güýçleri şu wagta çenli Azow deňziniň boýundaky strategiki şäheri doly basyp almagyň hötdesinden gelip bilmedi, Mariupoldaky “Azowstal” polat zawodynyň aşagyndaky ötüklerde gizlenen 2000-e golaý ukrain söweşijisi garşy durmaklaryny dowam etdirýärler.
“Azowstal”, rus goşunlarynyň 9-njy maýdan öň dabaraly ýeňiş gazanmaga çalyşmagy netijesinde, Ukrainadaky konfliktde simwoliki ähmiýete eýe boldy we Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bu ýerde saklanyp galan goragçylara garşy alnyp barylýan söweşleriň has güýçlendiriljekdigi barada duýduryş berdi.
Mariupoly goraýan ukrain söweşijileri soňuna çenli durmagy wada berdiler.
Şu aralykda Putiniň 9-njy maý güni Gyzyl meýdanda çykyş edip, Ýeňiş gününi Ukrainadaky söweş bilen baglanyşykly möhüm bir bildiriş üçin ulanyp biljekdigi barada her hili çaklamalar edildi.
Zelenski 1945-nji ýylda nasistler Germaniýasyndan üstün çykylmagy mynasybetli eden çykyşynda Russiýanyň Ukraina garşy söweşinde nasistleriň wagşyçylyklaryny gaýtalaýandygyny aýtdy.
Şeýle-de, Zelenski 8-nji maýda G7 liderleri bilen wirtual duşuşyga gatnaşyp, Russiýanyň Ukraina garşy "sebäpsiz, esassyz we bikanun harby agressiýasyny" ýazgardy we Moskwanyň "Ukrainanyň demokratik esasda saýlanan ýerli häkimiýetlerini bikanun bellenen adamlar bilen çalyşmaga" synanyşýandygyny aýtdy.