Türkmenistanda koronawirus karantininiň gowşamagy öňden ýygnanan meseleleri hasam açyp görkezdi. Ýurduň hökümeti tarapyndan birnäçe gezek girizilen uzak möhletli gulplamalar we ilata durmuş-ykdysady taýdan goldaw bermezligi ilatyň ýaşaýyş derejesiniň hasam peselmegine sebäp boldy. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, çäklendirmeleriň köpden bäri garaşylan ýeňilleşdirilmegi köpler üçin täze kynçylyklara we gadaganlyklara öwrüldi.
Uzak wagtlap dowam eden karantinden soň, Aşgabadyň bazarlary işläp başlady. Hususan-da, “Jygyllyk” diýlip tanalýan “Altyn Asyr” bazary 27-nji aprelde işläp başlady. Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, bazarda söwda meýdançasy ýaňy açylyp-açylmanka, salgyt gullugynyň reýdleri başlandy.
"Irden salgyt gullugynyň işgärleri baryp-çozdular. Bu karantinden öňki döwürde bazarlar açylanda 200 manatdan" salgyt "alnan bolsa, indi olaryň işdäsi açylyp, alýan pullary 300 manada ýetdi. Adamlar olara:" Iň bolmanda işläp başlamaga rugsat beriň. Bir gazanç edeli" diýseler, olara gulak asmaýarlar. Söwdegärler resminamalaryň tertiplidigini aýdanlarynda, olara "wagt ýitirmäň, derrew jerime töläň, bary bir ýalňyş taparys" diýip, jogap berýärler"- diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran çeşme gürrüň berýär.
Degişli maglumat Aýal-gyzlaryň daşky keşbine girizilen gadagançylyk ‘alym-berime ýol açýar’, sosial torlarda nägilelik döredýärBazarda şu günler satyjylar we alyjylar az. Habarçylaryň sözlerine görä, munuň sebäbi söwdanyň ykdysady manysyny gaçyrýan çakdan aşa köp talaplar bilen bir wagtda, häkimiýetleriň hereketlerine we berýän wadalaryna ilatyň arasynda ynamsyzlygyň güýçlenmegi bilen baglanyşykly.
"Adamlaryň ynamsyzlygy öňem bar zat açyljak diýip, köp gezek aldanmagy bilen baglydyr" - diýip Azatlygyň gürrüňdeşi aýdýar.
Habarçylar şu sapar karantin çäklendirmeleriniň ýatyrylan ilkinji günlerinde jemgyýetçilik ulaglarynyň käbir görnüşleriniň, esasanam marşrutkalaryň boş gatnandygyny hem habar berdiler.
Soňky karantin çäklendirmeleri ýurtda 15-nji ýanwarda girizilipdi. Pandemiýa başlaly bäri Türkmenistan üç gezek doly gulplama girizipdi. Mundan ozalkylary 2020-nji ýylyň iýulyndan 2021-nji ýylyň martyna çenli, şeýle hem 2021-nji ýylyň awgustyndan 2021-nji ýylyň dekabry aralygynda dowam edipdi. Söwda, hyzmat we güýmenje desgalary uzak wagtlap ýapyklygyna galypdy. Ilatyň ýurduň içinde hereket etmek mümkinçiligi berk çäklendirilipdi. Koronawirusyň ýurtda hasaba alynmandygyny öňe sürýän Türkmenistanyň ilatynyň aglaba köplügi karantin sebäpli esasy girdejisini ýitiripdi.
Koronawirus çäklendirmeleriniň şu sapar ýeňilleşdirilmegi "düzgün bozýanlary" ýüze çykarmak boýunça öň görlüp-eşidilmedik polisiýa işjeňligine gabat geldi. Üç hepdäniň içinde aýallaryň ýüz boýagy, manikýury, botoksy, ýasama kirpikleri, ak toý köýnekleri, aýallar üçin jeans we erkekler üçin şorty geýmeklik gadagançylyk sanawyna girdi, şeýle hem gijeki klublar ýapyldy. Bu aralykda, ýollara gözegçilik güýçlendirildi, tizlik kadasyny bozmak, ulaglaryň daşky we içki görnüşi üçin jerimeler artdy, aýallaryň awtoulaglaryň öňdäki ýolagçy oturgyçlarynda oturmagy hem düzgün bozmalara goşuldy.
Degişli maglumat Polisiýa zenanlaryň dyrnaklaryny barlaýar we maska bahanasy bilen jerime salýarHabarçylaryň habar bermegine görä, soňky bir hepdäniň dowamynda hususy awtoulaglarynyň polisiýanyň jerime duralgalaryna eltilmegi bilen bagly wakalary hem ep-esli ýygjamlaşypdyr. Şu sebäpden Aşgabatdaky polisiýa merkezlerine barýan adam köpelipdir.
"Ähli zat üçin awtoulagy 10 günlük alyp gidýärler. Yzky oturgyçda iki adamdan köp adam bolmaly däl diýip, çagalary hem sanaýarlar. Maska dogry dakylmandyr diýýärler, awtoulaglaryň arassalygyna, şol sanda ýüzünde ýagyşyň ýa-da tozanyň yzy, guşuň hapalamagy üçin jerime ýazýarlar"-diýip, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy aýdýar.
Mart aýynda ýol gözegçiligi Türkmenistanyň täze prezidentiniň üns merkezine düşdi. Prezidentlige kakasynda soň geçen Serdar Berdimuhamedowyň ýurda ýolbaşçylygy täze gadaganlyklary girizmek we düzgün bozanlary anyklamak bilen başlandy.
Soňky günlerde prezident Berdimuhamedowyň ünsi jemgyýetçilik transportyň işine we şäher abadanlaşdyryş işlerine gönükdiripdir.
TDH-niň habaryna görä, 29-njy aprelde döwlet baştutany Aşgabat şäherine gözegçilik edýän we gurluşyk, senagat hem energiýa üçin jogapkär wise-premýer Çarymyrat Purçekowyň işinden nägileligini bildiripdir. Prezidentiň sözlerine görä, paýtagtda jemgyýetçilik ulaglary gowy işlemeýär, käbir desgalary we ýaşaýyş jaýlaryny abatlamaly, meýdançalarda we köçelerde guran agaçlar görünýär. Bu meseleleri çözmek üçin Berdimuhamedow Purçekowa bir hepde wagt beripdir.
Degişli maglumat Täze gadaganlyklar: Aýal-gyzlar ak reňkdäki toý lybasyny geýmekden we ulagyň öň oturgyjynda oturmakdan mahrum edilýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.